TÜRKMENISTANYŇ DEMOKRATIK PARTIÝASY
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygy bilen ýaşdaş bolup, ol özüniň 1991-nji ýylyň 16-njy dekabrynda bolup geçen I Esaslandyryjy gurultaýynda döredildi. Şol gurultaýyndan bäri partiýanyň 8 gurultaýy bolup geçdi. 2013-nji ýylyň 13-nji awgustynda bolup geçen Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň (TDP-niň) VII gurultaýy partiýanyň durmuşyndaky täze tapgyra badalga berdi. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm waka bolan şol gurultaýda Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow 2012-nji ýylda kabul edilen “Syýasy partiýalar hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Türkmenistanyň Demokratik partiýasyna başlyklyk etmegini bes etdi we agzalygyny wagtlaýynça togtatdy.
Gurultaýda partiýanyň täze redaksiýada Maksatnamasy we Tertipnamasy hem-de syýasy karar kabul edildi. Şol kararda Hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen maksatnamalaýyn şygar astynda berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaýbaňlandyran giň möçberli özgertmelerini düşündirmekde, wagyz-nesihat etmekde partiýanyň öňünde durýan wezipeleri kesgitlenildi.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy özbaşdak we erkin syýasy partiýa bolmak bilen özüniň ähli işini Hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar astynda alyp barýan syýasatyny, maksatnamalaryny we beýik tutumlaryny durmuşa geçirmäge, Garaşsyz döwletimiziň özygtyýarlygyny, hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrmaga, jemgyýetiň kämil guralmagyna ýardam bermäge gönükdirýär. Partiýa döwlet bilen halkyň, jemgyýet bilen şahsyýetiň arasynda hoşniýetli arabaglanyşdyryjy bolup, olaryň jebisligini, agzybirligini berkitmek bilen milletara ylalaşygynyň, halkymyzyň agzybirliginiň hem-de ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna Watanymyzyň bähbitlerini gorap çykyş edýär. Partiýa ýüze çykýan meselelere seslenip, olaryň çözgütlerini tapmaga çalyşýar.
Türkmenistanyň ähli ilatynyň bähbitlerini aňladyp we gorap, Demokratik partiýa halkyň galkynmagy, rahatlygy, ýurduň asudalygy, milletara agzybirligi, jemgyýetiň jebisligi ugrunda çykyş edýär. Partiýa ynsanperwerligiň hem adalatlylygyň berkarar bolmagyny, ýurduň gülläp ösmegini, adamlaryň düşünjeliliginiň, zähmet we jemgyýetçilik işeňňirliginiň ýokarlanmagyny gazanýar. Şu maksat bilen Demokratik partiýa döwlet häkimiýetiniň we dolandyryşynyň edaralary, beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär.
Partiýanyň döredilen wagtyndan bäri geçen 27 ýylyň dowamynda ol syýasy taýdan kämilleşdi, agzalarynyň we ilkinji guramalarynyň sany ep-esli artdy. Häzirki günde Türkmenistanyň Demokratik partiýasy öz hataryna 5 welaýat, 12 şäher, 45 etrap we 5904 ilkinji guramalaryny birleşdirýär, agzalarynyň sany 215178 adama deňdir. Olaryň 56 %- gullukçylar, 10 %- daýhanlar, 18 %- işçiler, 6 %- talyplar, 31 %- 30 ýaşa çenli bolan ýaşlar, 47 %- zenanlar bolup durýar. Partiýanyň düzüminde 40-dan gowrak milletiň we halkyýetiň wekilleri bar.
Häzirki wagtda Demokratik partiýanyň öňünde durýan esasy wezipe Türkmenistanyň Prezidentiniň adyl we öňdengörüjilikli içeri hem daşary syýasatyny wagyz-nesihat etmekden, Milli Maksatnamalarynyň many-mazmunyny düşündirmekden, ýerine ýetirilmegine ýardam bermekden ybaratdyr. Bu wezipeleri TDP ýurdumyzyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen ysnyşykly gatnaşykda üstünlikli çözýär. Türkmenistanyň Demokratik partiýasy köp ýyllaryň dowamynda öňdebaryjy orny eýeläp gelýändigi bilen baglanyşykly, milli galkynyş we türkmen halkynyň baý medeni mirasyny saklamak we artdyrmak işine mynasyp goşant goşýar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy özüniň Maksatnamalaýyn we Tertipnamalaýyn wezipelerini ýerine ýetirmek bilen bir hatarda, ösüp gelýän ýaş nesillerimizi sagdyn ruhda terbiýelemek, olarda türkmen halkyna mahsus bolan şahsy edermenlik, watançylyk, zähmetsöýerlik, dogruçyllyk ýaly iň oňat sypatlary ornaşdyrmak üçin ähli tagallalary edýär. Partiýa öz hatarlarynyň üstüni ahlak taýdan arassa, tutanýerli adamlar, Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň hakyky watançylary bilen doldurmaga çalyşýar.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowynyň syýasy, ykdysady we durmuş syýasatyny, daşary syýasatynyň strategiýasyny ilat arasynda giňden düşündirýär, wagyz-nesihat edýär. Partiýa agzalarynyň üsti bilen saýlaw kompanýalaryny geçirmäge ýakyndan gatnaşýar. Türkmenistanyň Demokratik partiýasy Türkmenistanyň Prezidentiniň syýasatyny işjeň durmuşa geçirijidir. Şol maksat bilen hem partiýa ýurdumyzyň habar beriş serişdelerini, şol sanda TDP tarapyndan esaslandyrylan gazeti bolan “Galkynyş” gazetini hem-de “Wozroždeniýe” žurnalyny netijeli ulanýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat, şäher, etrap guramalary ýurdumyzyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan özgertmeleri wagyz-nesihat etmek boýunça giň möçberli işleri alyp barýarlar.
TÜRKMENISTANYŇ SENAGATÇYLAR WE TELEKEÇILER PARTIÝASY
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy (TSTP) 2012-nji ýylyň 21-nji awgustynda demokratik ýörelgeler esasynda açyk ses bermek esasynda döredildi.
Partiýanyň doly ady – “Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy”.
Partiýanyň gysgaldylan resmi ady – “TSTP”.
TSTP-niň başlygy Owganow Saparmyrat Esenowiç (2017-nji ýylyň 16-njy dekabrynda II gurultaýda saýlandy), Türkmenistanyň Mejlisiniň V, VI çagyrylyşynyň deputaty.
TSTP-niň 2018-nji ýylyň 1-nji noýabry ýagdaýyna 12 müňden gowrak agzasy, 500-e golaý ilkinji partiýa guramasy bar.
2012-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Aşgabat şäher partiýa komiteti;
2013-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Lebap welaýat partiýa komiteti;
2013-nji ýylyň 4-nji fewralynda Mary welaýat partiýa komiteti;
2013-nji ýylyň 8-nji maýynda Ahal welaýat partiýa komiteti;
2013-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Daşoguz welaýat partiýa komiteti;
2014-nji ýylyň 6-njy maýynda Mary şäher partiýa komiteti;
2014-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Mary etrap partiýa komiteti;
2015-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda Balkan welaýat partiýa komiteti döredildi.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy milli Lidermiz tarapyndan yglan edilen Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ykdysady özgertmeleri amala aşyrmakda, bazar ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmekde, maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmekde hususy telekeçiligiň ösdürilmegi, maýa goýumlarynyň höweslendirilmegi, iş ýerleriniň döredilmegi, raýatlaryň döredijilik başlangyçlarynyň höweslendirilmegi ugrunda öz işini alyp barmagy, şeýle-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň pugtalandyrylmagyny, ilatyň durmuş - ýaşaýyş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny, eýeçiligiň eldegrilmesizliginiň üpjün edilmegini, senagatçylygyň we telekeçiligiň giň gerimde ösdürilmegini, olaryň hukuklarynyň goralmagyny esasy maksat edinip goýýar.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, Türkmenistanyň saýlaw kodeksine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna dalaşgärleri hödürlemek, şeýle-de milli synçylary bellemek işlerini hem alyp barýar.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalarynyň 11-si Türkmenistanyň Mejlisiniň VI çagyrylyşynyň deputatlary bolup durýarlar.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy Türkmenistanyň bütin çäginde meýletinlik, agzalarynyň deňhukuklylygy, öz-özüni dolandyrmak, kanunylyk we aýanlyk ýörelgeleri esasynda hereket edýär
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň maksatlary:
TÜRKMENISTANYŇ AGRAR PARTIÝASY
Türkmenistanyň Agrar partiýasy (TAP) 2014-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda döredildi we ýurdumyzda hereket edýän iň ýaş partiýadyr.
Partiýanyň doly atlandyrylyşy – «Türkmenistanyň Agrar partiýasy».
Partiýanyň gysgaldylan ady «TAP» ýa-da «Agrar partiýa» görnüşinde ulanylýar.
Bellige alnan senesi – 2014-nji ýylyň 9-njy oktýabry.
TAP-nyň başlygy Annagurbanow Bäşim Durdyýewiç (Partiýanyň 2018-nji ýylyň 13-nji ýanwaryndaky II gurultaýynda saýlanyldy), Mary welaýatynyň «Zarpçy» saýlaw okrugy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň III, IV, VI çagyrylyşlarynyň deputaty.
2018-nji ýylyň 1-nji noýabry ýagdaýyna görä, TAP-nyň 52427 sany agzasy, 1534 sany ilkinji partiýa guramalary bar.
TAP-nyň ulgamy ýerli bölümleriň 45-sinden ybaratdyr. 2018-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisine TAP-nyň 230 agzasy gatnaşdy. 2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçirilen saýlawlarda TAP-nyň agzalarynyň 12-si ýurdumyzyň kanun çykaryjy wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Mejlisiniň VI çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanmak abraýyna eýe boldular. Şeýle-de, şol saýlawlarda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň agzalarynyň köpüsi welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalygyna saýlanyldy.
Türkmenistanyň on sekiz ýaşa ýeten, Watanymyza wepaly, jemgyýetçilik çärelerine işjeň gatnaşýan, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Düzgünnamasyny we Maksatnamasyny ykrar hem-de berjaý edýän raýaty TAP-nyň agzasy bolup biler. TAP-nyň agzasy şol bir wagtda beýleki bir syýasy partiýanyň agzasy bolup bilmez.
TAP-nyň ýerli guramalary ýurdumyzyň dolandyryş-çäk birlikleri esasynda döredilýär.
TAP-nyň esasyna onuň ilkinji guramalary girýär. Onuň ilkinji guramasy üçden az bolmadyk agzanyň teklibi esasynda we olaryň ýaşaýan ýeri boýunça döredilýär. Ilkinji partiýa guramasyny döretmek hakynda geçirilen umumy ýygnagyň teswirnamasy düzülýär we şol umumy ýygnagyň kararynyň göçürmesi TAP-nyň iň ýokary ýolbaşçylyk edýän edarasyna iberilýär.
Ilkinji partiýa guramalary bellenilen tertipde ýerli partiýa guramalarynyň düzümine girýärler we degişli dolandyryş-çäk birliginde (welaýatda, etrapda, şäherde, obada) özleriniň iş-hereketini amala aşyrýarlar. Partiýanyň ýerli guramalarynyň hemmesi özleriniň iş-hereketini TAP-nyň Düzgünnamasy esasynda amala aşyrýarlar.
Ilkinji partiýa guramalarynyň ýokary edarasy onuň geçirýän partiýa ýygnagy bolup durýar. Ýygnak ilkinji partiýa guramasynyň başlygy tarapyndan çagyrylýar we azyndan çärýekde bir gezek geçirilýär. Şol ýygnak bolsa partiýa guramasynyň iş-hereketiniň esasy ugruny kesgitleýär.
Partiýanyň ýerli guramalaryna welaýat, etrap, şäher guramalary degişlidir.
Türkmenistanyň ýerli dolandyryş-çäk birliginiň bölünişine laýyklykda, ilkinji partiýa guramalary etrap, şäher, welaýat guramalaryna birleşýärler. Olar ýokarda durýan partiýa guramasynyň ygtyýarlygyna girmeýän meseleleri özbaşdak çözüp bilýärler.
Etrap, şäher, welaýat partiýa guramalarynyň ýokary edarasy olaryň geçirýän konferensiýasy bolup durýar. Konferensiýa zerurlyga görä, ýöne azyndan iki ýyldan bir gezek çagyrylýar. Konferensiýa partiýanyň ýa-da ilkinji partiýa guramasynyň degişli agzalarynyň azyndan üçden bir böleginiň talap etmegi boýunça çagyrylyp bilner.
Partiýanyň welaýat komitetleri:
- etrap, şäher partiýa guramalarynyň, komitetleriniň işini ugrukdyrýar we kämilleşdirýär, şeýle-de olaryň durmuş-ykdysady, syýasy-guramaçylyk, medeni-terbiýeçilik meselelerini çözmek bilen bagly iş-hereketleriniň sazlaşykly alnyp barylmagyny üpjün edýär.
- partiýa komitetleriniň, ilkinji partiýa guramalarynyň iş-tejribesini öwrenýär, olaryň işiniň kämilleşdirilmegine ýardam berýär.
TAP-nyň gurluşynda şular ýokary ýolbaşçylyk ediji edara bolup durýarlar:
a) TAP-nyň ilkinji partiýa guramasy üçin – umumy ýygnak;
b) TAP-nyň ýerli partiýa guramasy üçin – konferensiýa;
ç) TAP üçin – gurultaý.
TAP-nyň ýokary ýolbaşçylyk ediji edarasy gurultaýdyr we ol baş ýylda bir gezek çagyrylýar.
Ýolbaşçylyk ediji edarasy – Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşi.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşi partiýanyň gurultaýlarynyň arasyndaky döwürde onuň iş-hereketini amala aşyrýan edarasydyr.
Ýolbaşçysy – Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň başlygy.
TAP-nyň Merkezi Geňeşiniň ýerleşýän ýeriniň salgysy: Aşgabat şäheriniň Garaşsyzlyk şaýolunyň 104-nji jaýy.
Tel: 44-88-10, faks: 44-89-62.