TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

ÜÇÜNJI MÜŇÝYLLYGYŇ ON DOKUZYNJY ÝYLY

Beýik zähmet ýeňişlerine, şan-şöhrata beslenen üçünji müňýyllygyň on sekizinji ýyly türkmen halky üçin rysgal- bereketli, düşümli  ýyllaryň biri  boldy. Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda agzybirlikde, jebislikde, aman-esenlikde öňe, diňe öňe, has bagtyýar günleriň gujagyna barýan hemişelik Bitarap Türkmenistan  döwletimiziň, onuň zähmetsöýer, merdana halkynyň Zemin içre meşhurlygy has-da artdy. Bu ýylda ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berlen, türkmen ykdysadyýetiniň iri sütünlerine öwrülen zawodlardyr fabrikler, önümçilik toplumlary örän sazlaşykly işlediler. «Türkmenistanda öndürildi» diýlen belgili önümler 2018-nji ýylda özüniň örän ýokary hil derejesi bilen tapawutlanyp, dünýä bazarlarynda uly isleglere mynasyp boldular.

Ruhubelent halkymyz on dokuzynjy ýyla hem uly ynam bilen gadam goýýar. Syýasatda, ykdysadyýetde, medeni-gumanitar ulgamda, lukmançylykda we ylym-bilimde, mahlasy durmuşyň ähli ugurlarynda ösen dünýäniň talaplaryna laýyk derejedäki üstünlikleri gazanmak biziň baş wezipämiz bolup durýar. Belent depginli ösüşleri bilen yklymlary haýrana goýan türkmen ykdysadyýetini täze 2019-njy ýylda hem bedew bady bilen ösdürmegi niýet edinýän milli Liderimiziň her bir tutumynyň has-da rowaçly bolmagyny tüýs ýürekden arzuwlaýarys.

Bagtyýarlygyň watany saýylýan Türkmenistan döwletimizde ähli ulgamda işler örän sazlaşykly alnyp barylýar. Munuň özi jebis hem-de agzybir türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklarynyň arasynda özboluşly sazlaşygyň emele gelmegine getirýär. Sazlaşykly ösýän jemgyýet gün-günden gunçalap gül açýar. Şeýle jemgyýetiň kalby mähir-muhabbetden, gursagy hyjuwdan doly bagtyýar  ynsanlaryna bolsa, elmydama üstünlik hemra bolýar.

Türkmene egsilmez bagty peşgeş beren milli Liderimiziň kämil hem tämiz kalby deýin arassa ýurdumyzda  2019-njy ýylda  hem strategik ähmiýetli önümçilik toplumlarynyň onlarçasyny bina etmek göz öňünde tutulýar. Halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini iň öňde baryjy döwletleriň derejesine ýetirmegi ussatlyk bilen başarýan milli Liderimiz, raýatlarymyzyň ruhy hal-ýagdaýynyň has ýokary derejelere göterilmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistan Diýarymyzy dürli mazmunly halkara çäreleriniň geçirilýän merkezine öwürmeginiň örän uly manysy bardyr. Çünki, uly maksatlara uýan ýürekli, ruhubelent halk müňýyllyklara ýaň saljak mynasyp işleri amala aşyrmaga ukyply halk saýylýar. It ýylynda täzeden-täze desgalary guran, azym-azym obadyr kentleri, ymaratlary bina eden zähmetsöýer halkymyzyň rysgal-bereketli doňuz ýylynda-da, ýagny 2019-njy ýylda-da uludan-uly zähmet ýeňişlerini gazanjakdygy ikuçsyzdyr. Il-gün bilen, mähriban halky bilen deň gadam urýan milli Liderimiziň owadan ýurduna täze ýylda hem uly-uly üstünlikleriň, şöhratly zähmet ýeňişleriniň nesip etjekdigine çyn ýürekden ynanýarys. Gaýratly ynsanlar üçin hiç haçan işiň kynçylygy bolmaýar!

Merkezi saýlaw topary hem Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň zähmetsöýer halkyny täze — 2019-njy ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýar! Siziň her biriňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, rowaçlyklary arzuw edýär! Türkmeniň Arkadag Oglunyň şuglaly ýoly bilen öňe barýan mizemez, bagtyýar Türkmen döwletiniň geljegi bagtly hem röwşen bolsun!

 

Merkezi saýlaw topary.