TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

MÖHLETINDEN ÖŇ GEÇIRILÝÄN SAÝLAWLAR

“Bizde Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara hukugynyň kadalaryna doly laýyk gelýän demokratik saýlawlary guramak we geçirmek boýunça oňat tejribe toplandy. Biz geljekki saýlawlary hem şol ülňülere doly laýyklykda, giň dalaşgärlik esaslarda, aç-açanlyk we aýanlyk şertlerinde, gizlin ses bermek arkaly geçireris”.

                                                                           Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

 

Türkmenistan demokratik başlangyçlara eýerýän, kämil halkara hukuk esasy bolan, mizemez kanunçylyk gatnaşyklary syýasy başlangyçlarynda dabaralanýan, demokratik, hukuk we dünýewi döwlet. Hut şonuň üçin hem Türkmenistanyň  Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan döwletiniň parahatçylyk söýüjilik, halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda çuňňur mana ýugrulan şeýle sözleri nygtaýar: “Demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň uzak möhletleýin geljege gönükdirilen maksatlaryny, kanunçylyk binýadyny doly we aýdyň kesgitlemeli”.

2013-nji ýylyň 1-nji iýulyndan güýje girizilen Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi Türkmenistanda geçirilýän ähli saýlaw görnüşlerini bir kökene jemlän, umumy düzgünleri kesgitlän, saýlaw ýörelgelerini dabaralandyran kodeksdir. Möhletinden öň çykyp gidenleriň saýlawlary hem şol kodekse salgylanýar. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji maddasynda şeýle bellenilýär: “Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçirilýär.

Dolandyryş-çäk gurluşyň üýtgemegi bilen baglylykda Halk maslahatynyň, Geňeşiň agzalarynyň saýlawlary başga möhletlerde hem geçirilip bilner”.   

Möhletinden öň çykyp gidenleriň ýerine saýlawlary geçirmegiň tertibi barada Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 85-nji maddasynda şeýle diýilýär: “Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Halk maslahatynyň, Geňeşiň agzasy möhletinden öň çykyp giden halatynda degişli saýlaw okrugynda şu Kodekse laýyklykda täze saýlawlar geçirilýär.

Saýlawlary Türkmenistanyň Mejlisi şu Kodeksiň 4-nji maddasyna laýyklykda belleýär ”.

Döwletimiz Garaşsyzlygyny gazanan günlerinden häzirki güne çenli döwür içinde möhletinden öň çykyp gidenleriň ýerine saýlawlar ençeme gezek geçirildi. Umuman, ýurdumyzda geçirilen saýlawlarda saýlaw babatdaky kanunçylygyň berjaý edilendigi görünýär.

 

Güljemal NURYÝEWA,

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.