TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

SANLY ULGAMA GEÇILMEGINIŇ ÄHMIÝETI

       Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynyň sanly ulgama geçirilmeginiň Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekdäki ähmiýetini yzygiderli nygtaýar. Hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabryndaky karary bilen Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy hem tassyklanyldy. Sanly ykdysadyýetiň Konsepsiýasyny amala aşyrmak  bilen bagly Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň edarasynyň  öňünde durýan esasy ugurlar barada  gürrüň bermegini sorap, biz Merkezi saýlaw toparynyň başlygynyň orunbasary Allaberdi Derýaýewiç Ussaýewe ýüz  tutduk.

 

— Allaberdi Derýaýewiç, hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabryndaky karary bilen Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy tassyklanyldy. Bu Konsepsiýanyň asyl mazmuny nämelerden ybarat?

— Mälim bolşy ýaly, bu resminama 7 bölümi öz içine alyp, olarda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ulgamy, Konsepsiýanyň maksatlary hem-de wezipeleri, ony durmuşa geçirmegiň ugurlary, gurallary,  garaşylýan netijeler beýan edilýär.

Konsepsiýany üç tapgyrda, ýagny birinjisini 2019-njy ýylda, ikinjisini 2020-2023-nji ýyllarda, üçünjisini 2024-2025-nji ýyllarda durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ylmy institutlarynyň kuwwatyny has netijeli peýdalanmak boýunça degişli çäreleri görmeli, munuň özi sanly ykdysadyýeti ösdürmek üçin möhümdir. Bu gün ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli ugurlaryny sanly ulgama geçirmek, önümçilige ylmy işleri ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar, munuň özi häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, pudaklaryň işini döwrebaplaşdyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir.

Häzirki şertlerde islendik ýurduň ösüşi, ozaly bilen, ylym we bilim ulgamlarynyň ösüş derejesi bilen kesgitlenýär. Şunda jemgyýetiň intellektual mümkinçiliklerini doly peýdalanmak, ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmak degişli ugurda esasy ýagdaýlar bolup, ýokary tehnologiýalary, düýpli we amaly barlaglaryň netijelerini peýdalanmak bilen gös-göni baglydyr.

 

— Allaberdi Derýaýewiç, «sanly ykdysadyýet» diýlip nämä düşünilýär?

— Sanly ykdysadyýet – munuň özi sanly maglumat–aragatnaşyk tehnologiýalarynyň peýdalanylmagyna esaslanýan ykdysady gatnaşyklaryň ulgamydyr. Sanly ykdysadyýet ykdysady we durmuş çäreleriniň ählumumy ulgamy bolmak bilen, internetiň mümkinçiliklerine daýanýan ykdysady nusgany emele getirýär. Şunda, esasan, zähmet öndürijililiginiň artmagy, önümçilik harajatlarynyň peselmegi we bäsdeşlige ukyplylygyň ýokarlanmagy ýaly mümkinçilikler göz öňünde tutulýar.  Ol wagtyň we harajatlaryň tygşytlanylmagy bilen bir hatarda, girdejileriň täze çeşmelerini ýüze çykarmaga şert döredýär.

Sanly gurşawda harytlaryň we hyzmatlaryň ählumumy bazarlara dessine çykmak we dünýäniň islendik ýerindäki sarp edijilere elýeterli bolmak mümkinçiligi artýar. Harytlaryň we hyzmatlaryň göni aragatnaşyk ulgamynda (onlaýn) hödürlenmegi olaryň gymmatynyň adaty ykdysadyýetdäkiden pes bolmagyny şertlendirmek bilen, elýeterliligini ýokarlandyrýar. Şeýlelikde, sanly ykdysadyýet tizlik, ýokary hil we amatlylyk babatynda has netijeli köptaraplaýyn ähmiýete eýe bolýar.

Şeýle-de, sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ýurtda uzak möhletleýin ykdysady ösüşi we ýokary öndürijiligi gazanmaga ýardam berýän netijeli ulgamlaryň ornaşdyrylmagyna, jemgyýetçilik hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlanmagyna we kämil görnüşleriniň ýola goýulmagyna, halkyň durmuş şertleriniň özgerdilmeginde tehnologiýalar bilen bagly töwekgelçilikleriň peselmegini üpjün etmek bilen, internet ulgamynyň mümkinçilikleriniň giňeldilmegine ýardam berýär.

Sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi esasy önümçilik-ykdysady işleriň ähli görnüşleriniň awtomatlaşdyrylmagyna we merkezleşdirilen tertipde dolandyrylmagyny üpjün etmäge, şahsyýetleşdirilen önümçilik we sarp ediş bazarlarynyň ösdürilmegine, ykdysady işiň subýektleriniň umumy netijeliliginiň ýokarlanmagyna, maglumatlary almagyň hasabyna bilimleriň kämilleşdirilmegine, ýokary tehnologiýaly pudaklarda täze döwrebap iş orunlarynyň döredilmegine giň mümkinçilik açýar.

«Sanly ykdysadyýet» adalgasy 1995-nji ýylda amerikaly matematik-programmaçy Nikolas Negroponte tarapyndan girizilipdi we bu düşünje häzirki wagta çenli dünýäniň ykdysady ulgamynyň aýrylmaz  bölegi  hökmünde giňden  ulanylyp gelinýär.

Ykdysadyýet örän çylşyrymly we hemme zady öz içine alýan mehanizm hökmünde her bir adamynyň durmuşyna gatnaşýar. Ol önümçiligi we sarp edişi, şeýle hem şunuň bilen baglylykda kesgitlenen haryda ýa-da hyzmata bolan islegiň we teklibiň emele gelmegini özünde jemleýär. Ykdysadyýet jemgyýetdäki ynsanlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen aýrylmaz  baglydyr. Hut şonuň üçin hem sanly tehnologiýalaryň durmuşa işjeň ornaşdyrylmagy ynsanlaryň ýaşaýyş şertleriniň hiliniň gowulanmagyna oňyn täsir edýär.

Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde döwletiň orny esasan iki maksada gönükdirilýär. Birinjisi – täze ýagdaýlara uýgunlaşan kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmeginden, şol sanda önümçilik serişdeleriniň hasabatlylygynyň ygtybarlylygyny we senagat derejesinde internet ulgamyny ornaşdyrýan kompaniýalaryň hukuk goraglylygyny üpjün etmekden ybarat. Ikinjisi bolsa, önümçiligi sanly ýörelgä eýerip, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrýan kärhanalar üçin amatly şertleriň döredilmegidir.

Sanly ykdysadyýetiň ösýän şertlerinde sarp edijileriň islegleri has çalt we ýokary derejede kanagatlandyrylýar. Sanly ykdysadyýetiň üstünlikli hereket etmegi üçin, esasan, üç ugruň berjaý edilmegi zerur bolup durýar:

  • üpjünçilik ulgamy (internetiň elýeterliligi, programma üpjünçiligi, telearagatnaşyk),
  • elektron işewürligi (hojalyk işini kompýuter torlary arkaly dolandyrmak),
  •  elektron söwda (harytlaryň, hyzmatlaryň internet arkaly ýerlenilmegi).

Maglumatlary alyşmagyň elektron ulgamlaryny (internet) we olaryň elýeterliligini, kanunçylyk binýadyny we döwletiň elektron hyzmatdaşlygyna taýýarlyk derejesini sanly ykdysadyýetiň aýrylmaz bölegi hökmünde görkezmek bolar.

Sanly ykdysadyýet önümçilikde we hyzmat ulgamynda harajatlary peseltmäge, bazardaky üýtgeşmelere az wagtda uýgunlaşmaga hem-de ýokary çeýeligi üpjün etmäge ýardam berýär.

Sanly ykdysadyýet maglumatlaryň we tehnologiýalaryň hemme ýerde, hemme wagtda elýeterliligine daýanýar. Munuň özi özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryna ýol açýar, seljermeler intellektual we maksada gönükdirilen häsiýete eýe bolýar.

Soňky ýyllarda tehnologik innowasiýalar önümçiligiň dürli pudaklaryna giňden ornaşdyrylýar. Şoňa görä-de, önümçiligiň usullary düýpgöter üýtgedilýär, adamlaryň aň-bilime we iş endiklerine bildirilýän talaplar artýar.

Sanly ykdysadyýet dürli maglumat ulgamlarynda toplanylýan we işlenilýän uly göwrümli maglumatlaryň netijeli ulanylmagyny göz öňünde tutýar we şol maglumatlaryň esasynda oňyn çözgütleri kabul etmäge şert döredýär.

Milli ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy döwletleriň derejesine ýetmek, elektron senagatyny döretmek, adamlaryň aň-bilim maýasyna, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek  sanly özgertmeleriň dünýä derejesinde ýokary tizlik bilen ýaýraýan döwründe gaýragoýulmasyz meseleler bolup durýar.

 

— Allaberdi Derýaýewiç, bu Konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmak bilen bagly Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň edarasynda nämeleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar?

— Örän ýerlikli sowal berdiňiz. Mälim bolşy ýaly, saýlaw ulgamynyň işinde bu Konsepsiýany durmuşa geçirmek örän oýlanyşykly, özboluşly çemeleşmegi talap edýär. Geçen ýylyň mart aýynda geçirilen saýlawlarda milli Liderimiziň gönüden-göni ýardam bermeginde Aşgabat şäherindäki we welaýatlarymyzdaky saýlaw uçastoklarynyň onlarçasynda ýörite wideo kameralar gurnalyp, saýlawçylaryň ses berişleriniň on-line düzgüninde internet arkaly Merkezi saýlaw toparynyň saylav.gov.tm atly saýtynda ilata görkezilmegi bu ugurda örän oňyn tejribe boldy hem-de bu gün biziň ulgamymyza sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça ýol görkeziji bolup hyzmat edýär.

Saýlaw resminamalarynyň, hatlaryň we saýlawlar baradaky maglumatlary elektron görnüşde Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlaryna ibermek ýa-da şol saýlaw toparlaryndan Merkezi saýlaw toparyna ugratmak işleriniň optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy arkaly amala aşyrylmagynyň kämil ýola goýulmagynyň özi-de biziň ulgamymyzda sanly ykdysadyýete geçmek üçin nusga alarlyk tejribäniň bardygyndan habar berýär.  

Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen has-da ösdürmek, elektron senagatyny ýokarlandyrmak maksady bilen, 2019-njy ýyldan başlap, 2025-nji ýyla çenli Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan Konsepsiýasyny amala aşyrmak bilen bagly Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň edarasynda geljekde ençeme oňyn işleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.

 

 — Beren  gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň!

Söhbetdeşligi ýazga geçiren žurnalist A.Akmyradow.