Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly tabşyryklaryndan, nesihatlaryndan ugur alyp, ýurdumyzda käbir saýlaw okruglary boýunça möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine 2019-njy ýylyň 31-nji martynda boljak saýlawlary aýanlyk we açyklyk şertlerinde geçirmek maksady bilen, häzirki güne çenli ýurdumyz boýunça milli synçylaryň jemi 284-si bellige alyndy.
Milli synçylary bellemegiň we bellige almagyň tertibi hem-de olaryň ygtyýarlyklary Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 6-njy maddasyna laýyklykda düzgünleşdirilýär.
Häzirki güne çenli bellige alnan milli synçylaryň hil düzümi boýunça jemlenen maglumatlara ser salanymyzda:
– olaryň 60,56 göteriminiň erkeklerdigini, 39,44 göteriminiň bolsa zenanlardygyny;
– ýaşy boýunça: 29,23 göteriminiň otuz ýaşa çenli, 27,46 göteriminiň otuzdan kyrk ýaşa çenli, 23,94 göteriminiň kyrkdan elli ýaşa çenli, 19,37 göteriminiň bolsa elliden ýokary ýaşly raýatlarymyzdygyny;
– bilimi boýunça: 48,24 göteriminiň ýokary, 40,14 göteriminiň ýörite orta, 11,62 göteriminiň orta bilimlidigini;
– işleýän ulgamy boýunça: 3,17 göteriminiň senagat, gurluşyk, 0,35 göteriminiň ulag we aragatnaşyk, 9,15 göteriminiň oba we suw hojalyk, 25,71 göteriminiň ylym, bilim, 5,63 göteriminiň medeniýet we sungat, 5,99 göteriminiň saglygy goraýyş, 0,70 göteriminiň durmuş üpjünçiligi, 1,76 göteriminiň maliýe we ykdysadyýet, 47,54 göteriminiň bolsa ýurdumyzyň beýleki ulgamlarynda zähmet çekýän adamlardygyny;
– milleti boýunça: 96,83 göteriminiň türkmen, 3,17 göteriminiň özbek milletlerindendigini görmek bolýar.
Bu bellige alnan milli synçylaryň 68-si Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, 25-si Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, 35-si Türkmenistanyň Agrar partiýasy, 60-sy Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary, 23-si Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi, 44-si Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, 29-sy raýatlar toparlary tarapyndan bellenilendir.
Saýlaw möwsüminiň dowamynda bellige alnan dalaşgärler tarapyndan hem milli synçylar belleniler we şonuň esasynda saýlawlara syn etjek synçylaryň sany ýene-de köpeler.
Bu milli synçylar saýlawlaryň kanunalaýyklykda geçirilişine syn etmek bilen, ýurdumyzda saýlawlaryň demokratik ýörelgeler esasynda geçirilmeginde uly ähmiýete eýedirler.
Maksatmyrat GELDIÝEW,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň edarasynyň baş hünärmeni, Merkezi saýlaw toparynyň ýanyndaky Milli synçylar bilen işlemek boýunça iş toparynyň agzasy.