TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

DEMOKRATIK SAÝLAWLARYŇ SYÝASY KÖPDÜRLÜLIGI

Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly, öňdengörüji baştutanlygynda, dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy, ynsanperwerligi, agzybirligi öňe sürýän we merdana pederlerimiziň mukaddes watançylyk ruhuna ýugrulan ýol-ýörelgelerinden ugur alýan, beýik ösüşleriň belentliklerine sary bedew batly gadam urýan hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz özüniň syýasy durmuşynda dünýäde ykrar edilýän hem-de raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga gönükdirilen demokratik ýoluny saýlap aldy.

Şol demokratik özgertmeleriň çäklerinde biziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşymyzda demokratik ýörelgeleri has-da berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 17-nji maddasy esasynda Türkmenistanda syýasy köpdürlüligiň we köp partiýalylygyň ykrar edilýändigi kesgitlenildi. Bu demokratik ýörelgeleriň netijesinde, türkmen jemgyýeti hil taýdan özgerdi, ösdi. Onda emele gelen sazlaşyk bolsa syýasy köpdürlüligiň we köp partiýalylygyň döremegine, dürli gatlaklaryň pikirlerine çuň hormat goýulmagyna getirdi.

Ýurdumyzda käbir saýlaw okruglary boýunça ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine 2019-njy ýylyň 31-nji martynda köp partiýalylyk şertlerinde geçirilen demokratik saýlawlar hem munuň şeýledigini äşgär edýär. Mysal üçin:

Türkmenistanyň Mejlisiniň saýlanylan deputatlarynyň, welaýat, Aşgabat şäher hem-de etrap, şäher Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň saýlanylan agzalarynyň jemi 125-siniň hil düzümine ser salanymyzda,

olaryň 88,00 göteriminiň erkeklerdigini, 12,00 göteriminiň bolsa zenanlardygyny;

ýaşy boýunça: 24,80 göteriminiň otuz ýaşa çenli, 23,20 göteriminiň otuzdan kyrk ýaşa çenli, 24,00 göteriminiň kyrkdan elli ýaşa çenli, 28,00 göteriminiň bolsa elliden ýokary ýaşly raýatlarymyzdygyny;

bilimi boýunça: 46,40 göteriminiň ýokary, 36,80  göteriminiň ýörite orta, 16,80 göteriminiň orta bilimlidigini;

işleýän ulgamy boýunça: 2,40 göteriminiň senagat, gurluşyk, 0,80 göteriminiň ulag we aragatnaşyk, 20,00 göteriminiň oba we suw hojalyk, 21,60 göteriminiň ylym, bilim, 1,60 göteriminiň medeniýet we sungat, 3,20 göteriminiň saglygy goraýyş, 2,40 göteriminiň durmuş üpjünçiligi, 2,40 göteriminiň maliýe we ykdysadyýet, 45,60 göteriminiň bolsa ýurdumyzyň beýleki ulgamlarynda zähmet çekýän adamlardygyny;

milleti boýunça: 95,20 göteriminiň türkmen, 4,80 göteriminiň özbek milletlerindendigini görmek bolýar.

Şunuň bilen birlikde, geçen saýlawlar boýunça bellige alnan milli synçylaryň hem jemi 357-siniň hil düzümine ser salanymyzda,

– olaryň 61,62 göteriminiň erkeklerdigini, 38,38 göteriminiň bolsa zenanlardygyny;

– ýaşy boýunça: 27,73 göteriminiň otuz ýaşa çenli, 25,49 göteriminiň otuzdan kyrk ýaşa çenli, 24,65 göteriminiň kyrkdan elli ýaşa çenli, 22,13 göteriminiň bolsa elliden ýokary ýaşly raýatlarymyzdygyny;

– bilimi boýunça: 49,02 göteriminiň ýokary, 40,06  göteriminiň ýörite orta, 10,92 göteriminiň orta bilimlidigini;

– işleýän ulgamy boýunça: 2,80 göteriminiň senagat, gurluşyk, 0,28 göteriminiň ulag we aragatnaşyk, 8,41 göteriminiň oba we suw hojalyk, 27,17 göteriminiň ylym, bilim, 5,60 göteriminiň medeniýet we sungat, 6,16 göteriminiň saglygy goraýyş, 0,56 göteriminiň durmuş üpjünçiligi, 2,24 göteriminiň maliýe we ykdysadyýet, 46,78 göteriminiň bolsa ýurdumyzyň beýleki ulgamlarynda zähmet çekýän adamlardygyny;

– milleti boýunça: 94,96 göteriminiň türkmen, 5,04 göteriminiň bolsa özbek milletlerindendigini görmek bolýar.

Umuman, dalaşgärleriň, saýlaw toparlarynyň agzalarynyň we milli synçylaryň ýurdumyzyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik birleşikleri, degişli saýlaw okruglarynyň raýatlar toparlary, şeýle hem dalaşgärleriň özleri tarapyndan hödürlenilmegi, bellenilmegi bolsa, biziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşymyzda syýasy köpdürlüligiň we köp partiýalylyk ýörelgeleriniň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Aslynda, biziň ýurdumyzda saýlawlaryň agzybirlikde, asudalykda we guramaçylykly geçirilmeginiň özi, saýlaw toparlarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, raýatlar toparlarynyň, dalaşgärleriň, milli synçylaryň, umuman ähli saýlaw işlerine gatnaşyjylaryň öňde goýýan maksatlarynyň milletiň we döwletiň bähbitlerinden ugur alýandygyny görkezýär. Munuň özi bolsa biziň ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine kybap gelýän milli demokratiýamyzdyr.

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz 2019-njy ýylyň 5-nji aprelinde sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygynyň şu ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçirilen saýlawlar baradaky hasabatyny jemläp, şol gün saýlaw uçastoklaryna gelip, has mynasyp dalaşgärlere öz seslerini beren adamlaryň ählisine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Ses beren adamlaryň köp bolmagy, onuň netijeleri biziň üçin, jemgyýetimiz üçin örän möhümdir. Sebäbi bu biziň ýurdumyzyň raýatlary hökmünde öz pikirimizi erkin beýan etmäge, döwlet meseleleri boýunça çözgütleri kabul etmäge Konstitusiýamyzda berkidilen hukugymyzdyr.

Türkmenistanda kämil demokratik jemgyýet döredildi, raýat institutlary pugtalandyrylýar, munuň özi ýurdumyzda hereket edýän üç sany syýasy partiýanyň öz wekillerini hödürläp, demokratik saýlawlaryň geçirilmegine goşantlaryny goşmagyna mümkinçilik berdi. Bu bolsa jemgyýetimizde demokratiýanyň ösen derejesini görkezýär – diýip, täze saýlananlary halkyň wekilleri bolmaga hukuk alandyklary bilen gutlady we munuň özi iş ýüzündäki demokratiýadyr! — diýip belledi.

Şeýle-de, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek bara­daky Merkezi toparyň başlygy G.Myradowa saýlawlary taýýarlamaga işjeň gatnaşan adamlaryň ählisine Ministrler Kabinetiniň adyndan minnetdarlyk bildirmegi tabşyrdy.

Munuň özi ýatdan çykmajak buýsançly waka bolmak bilen, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany!» diýlip yglan edilen ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçirilen saýlawlara berlen ýokary bahadyr.

Elbetde, bu aýdylanlaryň hemmesi, ýurdumyzda saýlawlaryň demokratik ýörelgeler esasynda geçirilýändiginiň, Türkmenistanyň ählumumy ykrar edilen halkara kadalaryna, demokratik ýörelgelere ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Saýlaw ulgamynyň kämilleşmegine uly üns berýän, Türkmenistanyň merdana halkyny agzybirlikde, asudalykda, demokratik ýol bilen bagtyýar geljege alyp barýan Arkadag Prezidentimize alkyş aýdýarys.

Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, mertebesiniň belent bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň mundan beýläk-de hemişe rowaç almagyny arzuw edýäris.

 

Amangeldi GANDYMOW,

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň kätibi.