Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda syýasy ulgamy kämilleşdirmäge, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli taraplaryny demokratiýalaşdyrmaga aýratyn orun berilýär. Dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolmak bilen, Türkmenistan bu gün demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmak boýunça netijeli işleri amala aşyrýar. Ýurduň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, raýat jemgyýetiniň institutlaryny kämilleşdirmäge, saýlawlaryň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmaga gönükdirilen işleriň gerimi barha giňeýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň 2019-njy ýylyň 5-nji ýanwaryndaky karary esasynda, möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher Halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlary 2019-njy ýylyň 31-nji martynda, ýekşenbe güni geçirmek bellenildi.
Saýlaw möwsümi 2019-njy ýylyň 20-nji ýanwaryndan başlandy.
Saýlawlar ýurdumyz boýunça etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň 44-sinde, Geňeşleriň 81-sinde, saýlaw okruglarynyň bolsa 125-sinde geçirildi, şol sanda:
Has takygy:
Saýlawlarda ses bermegi geçirmek üçin saýlaw uçastoklarynyň jemi 222-si döredildi. Şol sanda:
Saýlaw uçastoklarynyň 143-si bilim edaralarynyň binalarynda döredildi. Has takygy:
Orta mekdeplerde 131-si, çagalar baglarynda 12-si, medeniýet edaralarynda 25-si, saglygy goraýyş edaralarynda 2-si, Geňeşleriň edara binalarynda 14-si, harby bölümlerde 18-si we beýleki edara-kärhanalaryň binalarynda 20-si döredildi.
Saýlawlaryň demokratik ýagdaýda geçirilişi jemgyýetçiligiň synçy nazarynda boldy. Saýlawlaryň ähli tapgyrlaryna syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri, raýatlar toparlary we dalaşgärler tarapyndan bellenilen milli synçylaryň 357-si syn etdi. Şol sanda:
Dalaşgärleri hödürlemek 2019-njy ýylyň 30-nji ýanwarynda başlandy we 28-nji fewralynda tamamlandy. Dalaşgärleri bellige almak 9-njy fewraldan 5-nji mart aralygynda geçirildi.
2019-njy ýylyň 31-nji martynda geçirilen saýlawlar boýunça Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, Türkmenistanyň Agrar partiýasy, şeýle-de raýatlaryň toparlary tarapyndan hödürlenen dalaşgärleriň 281-si bellenilen möhletlerde degişli saýlaw toparlary tarapyndan bellige alyndy. Has takygy:
Syýasy partiýalar tarapyndan dalaşgärleriň jemi 180-si, raýatlaryň toparlary tarapyndan bolsa 101-si hödürlenildi. Has anygy:
Saýlawlar gününden öň ses bermek 2019-njy ýylyň 21-nji 30-njy marty aralygynda geçirildi.
Saýlaw uçastoklarynda ses bermek sagat 7-den 19-a çenli geçirildi.
Ýurdumyzyň çäklerinde hasaba alnan 201.823 saýlawçydan, saýlawlarda ilkinji gezek ses bermäge 6856 ýaş saýlawçy gatnaşdy.
Saýlawlaryň öňüsyrasynda bolşy ýaly, saýlawlaryň geçýän güni hem saýlawçylaryň işjeňligi bu jemgyýetçilik-syýasy çäräniň esasy aýratynlygy boldy. Has takygy:
Türkmenistanyň Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary boýunça 80 müň 230 saýlawçydan 73 müň 106-sy ses berip, 91,12 göterim;
Welaýat, Aşgabat şäher Halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 50 müň 713 saýlawçydan 46 müň 80-si ses berip, 90,86 göterim;
Etrap, şäher Halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 44 müň 93 saýlawçydan 39 müň 997-si ses berip, 90,71 göterim;
Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça 33 müň 312 saýlawçydan 30 müň 281-si ses berip, 90,90 göterim gatnaşyk boldy.
Saýlawlarda Aşgabat şäherindäki we ýurdumyzyň welaýatlaryndaky saýlaw uçastoklarynyň 21-sinde ýörite wideo kameralar gurnalyp, on-line düzgüninde saýlawçylaryň ses berişleri internet arkaly Merkezi saýlaw toparynyň saylav.gov.tm atly web-saýtynda ilata göni we üznüksiz görkezildi.
Saýlaw uçastoklarynda saýlawçylaryň ses berişleri on-line düzgüninde 2019-njy ýylyň 31-nji martynda sagat 7-den 19-a çenli görkezildi we şol wagtyň dowamynda Merkezi saýlaw toparynyň saylav.gov.tm atly web-saýtyna jemi 43.342 adam seretdi, şeýle hem onlarça müň adam bolsa on-line sahypasyna seredip gördi.
Saýlawlarda ýurdumyz boýunça bellige alnan 281 dalaşgärden häkimiýetiň ähli wekilçilikli edaralaryna 125 adam saýlandy. Şol sanda:
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna hödürlenip, saýlanylanlar:
Syýasy partiýalar tarapyndan hödürlenen dalaşgärleriň 180-sinden 80-si;
Raýatlar toparlary tarapyndan hödürlenen 101 dalaşgärden 45-si saýlandy.
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna saýlanylan 3 deputatyň 33,33 %;
Etrap, şäher Halk maslahatlaryna saýlanylan 16 agzanyň 18,75 %;
Geňeşleriň agzalygyna saýlanylan 102 agzanyň 10,78 % zenanlardyr.
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna saýlanylanlaryň 100 % hem ýokary bilimli adamlardyr.
Welaýat we Aşgabat şäher Halk maslahatlarynyň agzalygyna saýlanylanlaryň 75,00 % ýokary, 25,00 % ýörite orta bilimli adamlardyr.
Etrap, şäher Halk maslahatlarynyň agzalygyna saýlanylanlaryň 81,25 % ýokary, 18,75 % ýörite orta bilimli adamlardyr.
Geňeşleriň agzalygyna saýlanylanlaryň 38,24 % ýokary, 41,18 % ýörite orta, 20,59 % orta bilimli adamlardyr.
Saýlawlarda saýlanylanlaryň 24,8 % 30 ýaşa çenli, 23,2 % 30-dan 40 ýaşa çenli, 24,00 % 40-dan 50 ýaşa çenli, 28,00 % 50 ýaşdan uly adamlardyr.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda döwletiň demokratik esaslarynyň yzygiderli pugtalandyrylmagyna, hakyky halk häkimiýetiniň ýörelgeleriniň berkidilmegine, raýatlaryň konstitusion hukuklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilen düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Demokratik özgertmeleriň täze tapgyryny alamatlandyrýan, dünýä tejribesini demokratiýanyň milli nusgasyna ornaşdyrmak arkaly ösüşe we kämillige badalga berýän ählihalk saýlawlaryny Watanymyzda mundan beýläk-de giň bäsleşik şertlerinde, milli kanunçylygymyza laýyklykda, guramaçylykly geçirmek saýlaw toparlarynyň öňünde durýan wajyp wezipedir.