Indi biziň ýurdumyzda her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününi hem-de «Soňky jaň» dabarasyny bilelikde belläp geçmek özboluşly däbe öwrülip gitdi.
Orta mekdebiň ýagty okuw otaglary bilen mähirli hoşlaşan hyjuwly ýaşlaryň durmuş menzillerini külterläp başlaýan güni bolan bu günüň Aşgabat şäheriniň güni bilen bilelikde baýram edilmeginiň örän uly manysy we ähmiýeti bardyr.
Ýaşamak, işlemek hem-de okamak, sowat-bilim almak üçin Ýer ýüzünde iň amatly, oňaýly şäherleriň biri saýylýan hem-de ak mermerli binalaryň has köp jemlenen ýeri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda özüne hormatly orun tutunan Aşgabadyň ýokary we orta okuw mekdepleri-de geljekki talyplara sabyrsyzlyk bilen gujak açyp garaşýar.
Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň iň iri ykdysady we senagat merkezine öwrülen ak mermerli Aşgabat diňe bir ösen dünýäniň, şeýle-de milli binagärlik sungatynyň täsinliklerini süňňüne siňdirmek bilen çäklenmän, eýsem türkmeniň naýbaşy, nusgawy medeni gymmatlyklaryny hem özünde jemleýän ajaýyp şäherdir. Munuň şeýledigini paýtagtymyzda gurlan we üstünlikli hereket edýän döwrebap muzeýlerdir kitaphanalar, dürli maksatly medeni ojaklar hem doly subut edýär. Ak garly Köpetdagyň etegindäki ajaýyp baýyrlary ýassanyp, daga ýalkym salyp oturan Aşgabat Merkezi Aziýanyň merjen şäheri bolmak bilen, bu gün dünýäde ynsan bagtyýarlygynyň, ajaýyp mekany hökmünde giňden tanalýar.
Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Aşgabadyň gözel keşbi gün-günden gözelleşýär. Bu gün paýtagtymyz iri halkara çäreleriniň, maslahatlaryň geçirilýän şäheri hökmünde tanalýar. Aşgabat gündogardan—günbatara, demirgazykdan—günorta uzaýan ýollaryň çatrygynda ýerleşýän möhüm şäherleriň birine öwrüldi. Paýtagtymyzyň ýaşaýjylary öz söýgüli şäherini ezizläp, tüýs ýürekden söýýän bolsalar, oňa gelýän myhmanlar Aşgabadyň gözel keşbine haýran galyp synlamakdan doýmaýarlar. Paýtagtymyzyň ajaýyp binalarynyň oňünde ýadygärlik suratlaryna düşüp, ony öz ýurtlarynda wagyz edýärler. Ak mermerli Aşgabat gün-günden ösýär, özgerýär.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi toparyň işgärleri hem ak mermerli paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny Aşgabat şäheriniň güni, şeýle hem orta mekdebi tamamlaýan bagtyýar ýaşlary «Soňky jaň» dabarasy bilen gyzgyn gutlaýarlar we olara durmuş rowaçlyklaryny arzuw edýärler!