Türkmen halkynda Gadyr gijesine uly hormat goýulýar. Ynsanlaryň beden we ruhy taýdan tämizlenýän keremli Oraza aýynda bellenilýän Gadyr gijesi rehim-şepagatlylygyň, haýyr-sahawatlylygyň mübärek gijesi saýylýar.
Ahlak gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza, ynanç-adatlarymyza goýulýan hormat, şeýle hem türkmen halkynyň watansöýüjilik, ynsanperwerlik, adalatlylyk, halallyk, rehimdarlyk ýaly duýgulary bu gije ähli aýdyňlygy bilen ýüze çykýar.
Tämiz ahlaklylyk, päk wyždanlylyk, adamkärçilik, şükranalyk, birek-birege hormat we sarpa goýmak ýaly dessurlar ynsany diňe beden sagdynlygy taýdan taplaman, eýsem onuň ruhy hal-ýagdaýyny kämil derejelere ýetiripdir. Bu mukaddes gijede ýörite agzaçar sadakalary berilýär. Ynsanlar birek-birege hoş sözler aýdýarlar, ýurt abadançylygy arzuw edilýär, ýagşy doga-dilegler edilýär.
Biz hem kalplary tämizleýän, köňülleri nur bilen doldurýan mukaddes Oraza aýynda hem-de sahawatly Gadyr gijesinde edilen ähli doga-dilegleriň, tagat-ybadatlaryň, berilýän agzaçar sadakalarynyň gudraty güýçli Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileýäris!