Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatynyň 82-nji mejlisinde 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakynda Rezolýusiýa kabul edilipdi. Munuň özi sport we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, jemgyýetde ekologiýa medeniýetini kemala getirmek, bu ulgamda döwletleriň hem-de halklaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça BitarapTürkmenistanyň eýeleýän öňdebaryjy ornuna dünýä bileleşiginiň beren ýokary bahasydyr.
BMG-niň Ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna sport boýunça halkara býurosy, ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komiteti, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy ýola goýan we ony üstünlikli dowam etdirýän Türkmenistan soňky ýyllarda halkara derejeli sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezleriniň birine öwrüldi.
Biziň ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri bilen bir hatarda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine hem uly üns berilýär. Sonuň netijesinde, ýurdumyzda geçirilýän giň möçberli ýaryşlardyr çärelere ýaşlarymyz uly höwes bilen gatnaşýarlar.
Häzirki döwürde Türkmenistanda welosiped sürmegiň umumymilli häsiýete eýe bolandygyny aýratyn nygtamak gerek. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň paýtagtyndan başlap, welaýat merkezlerinde, etrapdyr şäherlerinde dürli ýaşdaky adamlaryň welosiped ulagyny uly höwes bilen sürýändikleri-de güwä geçýär.
Milli Liderimiziň şahsy göreldesine pugta eýerýän ýaşlarymyz soňky ýyllarda sportuň giňden ýaýran hem-de Olimpiýa oýunlarynyň düzümine girizilen meşhur görnüşleriniň biri hasaplanylýan welosiped sportuna uly höwes bildirýärler.
Bütindünýä welosiped güni bolan 3-nji iýun biziň ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýär. Türkmenistanda bu ugurdan dürli ýaryşlary geçirmek, köpçülikleýin welosipedli ýörişleri guramak indi özboluşly däbe öwrüldi.