TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

DEMOKRATIK SAÝLAWLAR WE RAÝATLARYŇ SYÝASY IŞJEŇLIGI

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda beýleki ähli ulgamlar bilen birlikde, saýlaw ulgamynyň hem kämilleşdirilmegine içgin üns berilýär. Ýurdumyzda geçirilýän saýlawlar özüniň milli demokratik köklerini ata-babalarymyzyň kämil tejribeleri esasynda kemala gelen gadymy ýol-ýörelgelerden alyp gaýdýar hem-de häzirki zaman talaplaryna laýyklykda dowam etdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň Konstitusiýasy we saýlawlar hakyndaky kanunlary raýatlara wekilçilikli döwlet häkimiýet edaralaryna saýlamaga we saýlanmaga hakyky mümkinçilikleri üpjün edýär, ählumumy, deň, göni, erkin we gizlin saýlaw hukugyny kepillendirýär, şonuň bilen birlikde-de, raýatlara döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlarynyň ösüşiniň strategiýasyny we usulyny kemala getirmäge gös-göni gatnaşmaga giň mümkinçilikleri döredýär» diýip belleýär.  Şeýlelikde, Diýarymyzda geçirilýän saýlawlar demokratik özgertmeleri giňeltmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim bolmak bilen, ata Watanymyzy has-da ösdürmäge, gönükdirilen özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak üçin ygtybarly binýat bolup durýar.

Häzirki türkmen jemgyýetinde raýatlaryň ýurdumyzda giň özgertmeleri durmuşa geçirmäge bolan jogapkärçiliginiň artýandygyny görmek bolýar. Bu bolsa raýatlarymyzyň erk-islegleriniň erkin ýüze çykmagynyň, ýagny olaryň saýlaw hukuklarynyň üpjün edilmeginiň demokratik ýörelgeleriniň has-da berkidilýändigini görkezýär. Raýatlarymyzyň saýlaw möwsümine işjeň gatnaşyp bilmekleri üçin zerur bolan kanuny mümkinçilikler, oňyn şertler döredilýär. Munuň şeýledigini  Konstitusiýamyzyň 3-nji maddasynda «Türkmenistanyň özygtyýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýar, halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr. Türkmenistanyň halky öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýar» diýlip bellenilmegi  hem aýdyň görkezýär.  

Türkmenistanda geçirilýän dürli görnüşli saýlawlaryň esasy demokratik ýörelgeleri hökmünde onuň ählumumydygyny, saýlaw hukukly raýatlaryň saýlamaga we saýlanmaga hukugynyň bardygyny, olaryň saýlaw hukuklarynyň göni ýa-da gytaklaýyn çäklendirilmeginiň gadagan edilýändigini, şeýle-de Saýlaw kodeksinde bellenilen ýagdaýlardan beýleki halatlarda raýatlaryň saýlamaga, saýlanmaga bolan hukuklarynyň çäklendirilmegine ýol berilmeýändigini we kanunçylykda bellenilen jogapkärçilige eltýändigini, raýatlaryň saýlawlara deň esaslarda erkin, meýletin gatnaşýandygyny hem-de gizlin ses berýändigini, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, Halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň raýatlar tarapyndan gös-göni saýlanylýandygyny, şonuň bilen birlikde hem  saýlawçylaryň öz erkini beýan edişine gözegçilik etmäge ýol berilmeýändigini bellemelidiris.  Aýdylyp geçilen ýörelgeler esasynda guralýan şunuň ýaly demokratik saýlawlar esasynda bolsa, ýurdumyzyň raýatlarynyň öz saýlan wekilleri arkaly döwleti dolandyrmaga gatnaşmak hukuklarynyň amala aşyrylmagy – döwletiň syýasy durmuşyna gatnaşmagy üpjün edilýär.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly: «Saýlawlar raýatlaryň ýürek urgularynyň,  köňül islegleriniň ýüze çykmasynyň, jemgyýetdäki sazlaşygyň özboluşly beýanydyr. Ýurduň geljegi we demokratik ösüşi saýlawçylaryň syýasy paýhasy hem-de işjeňligi bilen aýrylmaz baglydyr». Türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklarynyň arasynda ajaýyp sazlaşyk, mäkäm jebislik höküm sürýär. Jemgyýeti paýhas bilen dolandyrmak, raýatlaryň dürli gatlaklarynyň wekilleriniň bähbitlerini hemmetaraplaýyn göz öňünde tutmak  ýaly adyl ýörelgeler ýurdu-myzda  geçirilýän  dürli görnüşli saýlawlarda-da ähli özboluşlylygy, milliligi bilen aýdyň ýüze çykýar.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, saýlawlar boýunça dalaşgärleri hödürlemek hukugy syýasy partiýalara, şeýle hem raýatlar toparlaryna degişli edildi. Munuň şeýle edilmeginiň sebäbini Türkmenistanda demokratik ýörelgelere esaslanýan köppartiýalylyk ulgamynyň kemala gelendigi, şeýle hem ýurdumyzda raýat jemgyýetiniň ösmegi üçin zerur şertleriň döredilýändigi bilen düşündirip bolar.

Raýatlar toparlary hem ýurdumyzda geçirilýän saýlawlara işjeň gatnaşmak bilen, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda dalaşgärleri hödürlemek hukuklaryndan peýdalanýarlar,  saýlawlarda milli synçylary belleýärler, şeýle-de ýurdumyzda geçirilýän saýlawlarda, degişlilikde hereket edýän welaýat, Aşgabat şäher, okrug, etrap, şäher, Geňeşlik, uçastok saýlaw toparlarynyň düzümine  wekilleri hödürleýärler. Munuň özi raýatlar toparlarynyň jemgyýetdäki ornunyň has hem pugtalanýan-dygyny aňladýar.  

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 44-nji maddasynda, Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär bolmak üçin Türkmenistanda doglan, ýaşy kyrkdan pes bolmadyk, döwlet dilini bilýän, soňky on bäş ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan hem-de işläp gelýän, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna dalaşgärlige bolsa,   saýlawlar gününe çenli ýigrimi bäş ýaşy dolan we soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan, Halk maslahatynyň we Geňeşiň agzalygyna dalaşgär bolmaklyk üçin saýlawlar gününe çenli ýigrimi bir ýaşy dolan we degişli çäkde ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty  bolmak şertlendirilendir.

Raýatlar toparlary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär hödürlemek işlerini raýatlaryň teklipçi toparlary amala aşyrýarlar.

Raýatlar toparlary tarapyndan Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, welaýat Halk maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek boýunça raýatlaryň toparynyň ýygnagyna degişli saýlaw okrugynyň çäginde ýaşaýan saýlawçylaryň azyndan iki ýüzüsi, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek boýunça raýatlaryň toparynyň ýygnagyna degişli saýlaw okrugynyň çäginde ýaşaýan saýlawçylaryň azyndan bir ýüzüsi, Geňeşiň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek boýunça raýatlaryň toparynyň ýygnagyna bolsa degişli saýlaw okrugynyň çäginde ýaşaýan saýlawçylaryň azyndan ellisi gatnaşsa, ol ygtyýarly hasap edilýär.  

Saýlawlaryň guramaçylykly we demokratik ýörelgeler esasynda geçirilmeginde raýatlar toparlarynyň aýratyn ähmiýetli orny bardyr. Çünki saýlawlar boýunça mynasyp dalaşgärleriň hödürlenilmegi we saýlanylmagy geçirilýän islendik saýlawlaryň esasy maksady bolup durýar. Saýlawlar islendik döwletiň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Saýlawlar döwletiň raýatlarynyň saýlamak we saýlanmak bilen bagly iň esasy syýasy hukuklarynyň biri bolup,  jemgyýetçilik durmuşynda demokratiýanyň ýüze çykmagynyň esasy çeşmesidir.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 3-nji maddasyna laýyklykda, saýlawlarda ses bermek hukugyna eýe bolmaklyk üçin, Türkmenistanyň saýlaw hukukly raýatlarynyň saýlawlar gününe çenli on sekiz ýaşynyň dolan bolmagy kesgitlenilendir. Biz 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda   Türkmenistanyň Prezidentligine we 2018-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna geçirilen saýlawlarda dalaşgärleriň we şol wekilçilikli edaralara saýlanylanlaryň arasynda raýatlar toparlarynyň wekilleriniň sanynyň näderejededigine ünsi çekmekçi bolýarys.

Bilşimiz ýaly, 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda, Prezidentlige jemi 9 dalaşgär hödürlenildi we bellige alyndy. Şolardan 6 dalaşgäriň raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan, 3-siniň bolsa syýasy partiýalar tarapyndan hödürlenilendigini  belläp geçmek ýerliklidir.

Saýlawlar jemgyýetçiliginiň synçy nazarynda bolýar. Saýlawlaryň ähli tapgyrlaryna syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri, raýatlar toparlary we dalaşgärler tarapyndan bellenilen milli synçylaryň 4072-si syn etdi.   Şolardan 321-si raýatlar toparlary tarapyndan bellenilen milli synçylardyr.

2018-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçirildi. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar esasynda, taryhda ilkinji gezek dört derejeli ählihalk saýlawlary birlikde – bir günde geçirildi. Şeýle hem bu saýlawlar ýurdumyzda geçirilen saýlawlaryň taryhynda iň köp dalaşgäriň bellige alnan saýlawlarydyr. Saýlawlarda dalaşgärleriň jemi 16558-si hödürlenildi we bellige alyndy. Şolardan 6211-si raýatlar toparlarynyň wekilleridir. Has takygy...

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna hödürlenen 284 dalaşgärden 119-sy, welaýatlaryň we Aşgabat şäher Halk maslahatlarynyň agzalygyna hödürlenen 489 dalaşgärden 179-sy, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň agzalygyna hödürlenen 2570 dalaşgärden 951-si, Geňeşleriň agzalygyna hödürlenen 13215 dalaşgärden 4962-si raýatlar toparlary tarapyndan hödürlenip, degişli saýlaw toparlarynda  bellige alyndy. 

Saýlawlarda ýurdumyz boýunça häkimiýetiň ähli wekilçilikli edaralaryna jemi  7465 adam  saýlandy. Raýatlar toparlary tarapyndan hödürlenilenleriň bolsa  2498-si saýlandy.  Şol sanda:

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna saýlanylan 125 deputatyň 48-si, welaýatlaryň we Aşgabat şäher Halk maslahatlaryna saýlanylan 240 agzadan 67-si, etrap, şäher Halk maslahatlaryna saýlanylan 1200 agzadan 351-si, Geňeşlere saýlanylan 5900 agzadan 2032-si raýatlar toparlarynyň wekillerinden ybaratdyr. Bu saýlawlarda  milli synçylaryň 262-si raýatlar toparlary tarapyndan bellenilen milli synçylardyr. Ýokarda aýdylanlary jemlemek bilen, ýurdumyzda geçirilýän jemgyýetçilik-syýasy çäre bolan saýlawlara raýatlaryň işjeň gatnaşmagy raýatlarymyzyň jemgyýetdäki syýasy işjeňliginiň örän ýokarydygyndan habar berýär.

Rowaçlyk ýolundan öňe ynamly gadam urýan ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly tabşyryklaryndan, nesihatlaryndan ugur alyp, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň saýlaw ulgamyny, saýlaw kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, saýlawlary   demokratik esaslarda geçirmek esasy wezipelerimiziň biridir.

 

Hekimberdi Öwezow, 
Türkmenistanda  Saýlawlary  we   sala  salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň
edarasynyň sekretar-referenti.