TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

DEMOKRATIK ÝÖRELGELER PUGTALANÝAR

2019-njy ýyl Türkmenistanda  demokratik ýörelgeleriň  çuňlaşýan ýyllarynyň biri boldy. Şol mynasybetli pikir alyşmak maksady bilen biz Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygynyň orunbasary Amangeldi Gandymowa,  Merkezi toparyň kätibi Amangeldi Annadurdyýewe, şol toparyň Guramaçylyk müdirliginiň başlygy Berdimyrat Garýagdyýewe birnäçe sowal bilen ýüz tutduk:

– 2019-njy ýyl türkmen demokratiýasynyň kämillige gol beren ýyllarynyň biri boldy... Amangeldi Gandymowiç, bu barada siziň pikirleriňizi bilmek biz üçin örän gyzykly bolardy?!

– Dogry belleýärsiňiz. Ýylyň dowamynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar tarapyndan geçirilen syýasy çäreler türkmen demokratiýasynyň  barha çuňlaşýandygyny doly subut edýär. Türkmenistanyň Mejlisiniň 2019-njy ýylyň 5-nji ýanwaryndaky karary esasynda, möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher Halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlar 2019-njy ýylyň 31-nji martynda geçirildi. Saýlawlar ýurdumyz boýunça etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň 44-sinde, Geňeşleriň 81-sinde, saýlaw okruglarynyň bolsa 125-sinde  geçirildi, şol sanda:

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň 3-sinde;

Welaýat, Aşgabat şäher Halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň 4-sinde;

Etrap, şäher Halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň 16-synda;

Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň 102-sinde  geçirildi.

Saýlawlarda ses bermegi geçirmek üçin saýlaw uçastoklarynyň jemi 222-si döredildi. 

Saýlawlaryň demokratik ýagdaýda geçirilişi jemgyýetçiligiň synçy nazarynda boldy. Saýlawlaryň ähli tapgyrlaryna syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri, raýatlar toparlary we dalaşgärler tarapyndan bellenilen milli synçylaryň 357-si syn etdi. Görşüňiz ýaly, bu  ýagdaý demokratik  ýörelgeleriň ýurdumyzyň saýlaw ulgamyna çuň ornaşýandygyndan habar berýär.

– Amangeldi Bäşimowiç, indi bizde saýlawlary köppartiýalylyk şertlerinde geçirmek özboluşly däbe öwrülip gitdi...

– Örän ýerlikli bellediňiz. 2019-njy ýylyň 31-nji martynda geçirilen saýlawlarda bu ýagdaý ähli aýdyňlygy bilen ýüze çykdy. Köppartiýalylyk şertlerinde geçirilen bu saýlawlarda Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, Türkmenistanyň Agrar partiýasy, şeýle-de raýatlaryň toparlary tarapyndan hödürlenen dalaşgärleriň 281-si bellenilen möhletlerde degişli saýlaw toparlary tarapyndan bellige alyndy. Has takygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna 7, welaýatlaryň we Aşgabat şäher Halk maslahatlarynyň agzalygyna 11, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň agzalygyna 36, Geňeşleriň agzalygyna 227 dalaşgär bellige alyndy.

Syýasy partiýalar tarapyndan dalaşgärleriň jemi 180-si, raýatlaryň toparlary tarapyndan bolsa 101-si hödürlenildi. Has anygy, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan 104, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan 15, Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan 61, Raýatlar toparlary tarapyndan 101 dalaşgär hödürlenildi.

– Berdimyrat Gulgeldiýewiç, siz hem raýatlaryň saýlawlara gatnaşmakdaky işjeňligi barada kelam agyz gürrüň beräýseňiz?

– Türkmenistanyň Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary boýunça 80 müň 230 saýlawçydan 73 müň 106-sy ses berip, 91,12 göterim; welaýat, Aşgabat şäher Halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 50 müň 713 saýlawçydan 46 müň 80-si ses berip, 90,86 göterim; etrap, şäher Halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 44 müň 93 saýlawçydan 39 müň 997-si ses berip, 90,71 göterim; Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça 33 müň 312 saýlawçydan 30 müň 281-si ses berip, 90,90 göterim gatnaşyk boldy.

Bu saýlawlaryň jemleri barada hem aýdaýsaňyz?

– Saýlawlarda ýurdumyz boýunça bellige alnan 281 dalaşgärden  häkimiýetiň ähli wekilçilikli edaralaryna 125 adam saýlandy. Şol sanda, 7 dalaşgärden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna 3 deputat, 11 dalaşgärden welaýatlaryň we Aşgabat şäher Halk maslahatlaryna 4 agza, 36 dalaşgärden etrap, şäher Halk maslahatlaryna 16 agza, 227 dalaşgärden Geňeşlere 102 agza saýlandy.

Beren gürrüňleriňiz üçin siziň ähliňize köp sagbolsun aýdýarys.

 

Söhbetdeşligi ýazga geçiren jurnalist A.Akmyradow.