TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

«TÜRKMENISTAN — BITARAPLYGYŇ MEKANY» ÝYLYNDAKY ÄHMIÝETLI IŞLER

Geçen ýylda umumy bahasy ABŞ-nyň 5 milliard dollaryndan gowrak bolan iri desgalaryň 66-sy ulanmaga berlen bolsa, «Türkmenistan -- Bitaraplygyň  mekany» ýylynda-da il-ýurt bähbitli uly meýilnamalary amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ajaýyp desgalar, iri ýaşaýyş jaý toplumlary, täze mekdepler, çagalar baglary, lukmançylyk edaralary hem-de durmuş maksatly beýleki desgalar gurlar, täze iş orunlarynyň müňlerçesi dörediler.

Şeýle-de, bu ýylda Bitaraplygyň şanly 25 ýyllygy halkara derejesinde giňden  belleniler. Zeminiň çar künjünden Türkmenistana geljek wekiliýetleriň gatnaşmagynda dürli forumlar we duşuşyklar  guralar.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy hem-de halkara ähmiýetli ulag düzümlerini döretmek işi, ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň, Ahal welaýatynyň dolandyryş merkeziniň,  «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitindäki «Akýaýla» suw howdanynyň töwereginde durmuş-önümçilik toplumynyň gurluşygy üstünlikli dowam etdiriler.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleriň girizilmegi kanun çykaryjy häkimiýet edarasyny ýokary derejede özgerder. Iki palataly Parlament dörediler.

Täze ýylda paýtagtymyzda dünýä derejesindäki sport ýaryşlary — Futzal boýunça Aziýa çempionaty, Dewisiň Kubogy ugrunda tennis boýunça halkara ýaryşynyň tapgyry hem-de Sambo boýunça dünýä çempionaty geçiriler.

Şu günler  Türkmenistanda göz öňünde tutulan bu ähmiýetli işleriň uly ynam bilen amala aşyrylýandygynyň şaýady bolýarsyň.  «Türkmenistan - Bitaraplygyň  mekany» ýylyny üstünliklere beslejek ynamly gadamlara rowaçlyk hemra bolsun!