TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

AŞGABAT—2017 WE MILLI RUHY GALKYNYŞ

Il-ýurt, sebit bähbitli, dünýä ähmiýetli wakalardan çetde durmaýan türkmen raýatlary Aziada-2017-ni türkmen topragynda uly joşgun we  mähir bilen garşyladylar. Baky nowjuwan türkmen  Diýaryna özboluşly baýramçylyk öwüşgünini getiren, şeýle hem türkmen halkyna şan-şöhrat-dereje bagyş edýän bu halkara sport çäresi, üçünji müňýyllykda milletimiziň ruhy galkynyşyny has-da belende göterer.

Türkmen türgenleriniň çakganlygyny, ezberligini äleme aýan edýän bu uly halkara sport çäresiniň geçirilýän häzirki günlerinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ykdysadyýetinde, ýaşaýyş-durmuş we ruhy-medeni ulgamlarynda 26 ýylyň dowamynda gazanylan üstünlikleri hem Zemin içre giňden wagyz edilýär. Bu halkara sport çäresi türkmen halkynyň ruhubelentliginiň näderejede  ýokarydygyny ähli yklymlara äşgär edýär.

Ýurtda geçirilýän dürli görnüşli saýlawlarda milletiň agzybirliginiň, ruhy güýjüniň aýdyň  ýüze  çykyşy ýaly, Aziadada hem türkmen halkynyň intellektual mümkinçilikleri doly we hemme taraplaýyn açylýar. Munuň şeýledigini Aziýadadaky sport oýunlarynyň sanawyna türkmen milli oýunlarynyň ençeme görnüşleriniň girizilmegi hem doly subut edýär.

Sportuň 21 görnüşi boýunça 64 döwletiň türgenleriniň bäsleşýän Aşgabat şäheri özüniň gözelligi, myhmansöýerligi bilen myhmanlaryň aňynda we kalbynda ajaýyp duýgulary oýarýar. Halkymyzyň şöhratly geçmişiniň, baý medeni mirasynyň halkara derejesinde özboluşly ykrar edilmesi bolup ýaňlanýan Aşgabat-2017-de ýokary guramaçylykly geçirilýän ýaryşlar biziň ýurdumyzda geljekde-de iri möçberli halkara sport çäreleriniň dowamly guraljakdygyndan habar berýär.