TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

«Aşgabat-2017-niň» ýaňy dünýä doldy

Şu günler ýurdumyzyň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylan we ýatdan çykmajak şatlykly waka bolup geçýär, ýagny Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary  dowam edýär. Merkezi Aziýanyň merjen şäheri saýylýan ak mermerli Aşgabat Aziada gatnaşýan türgenleri, tomaşaçylary, janköýerleri, habar beriş serişdeleriniň wekillerini we beýleki hormatly myhmanlary mähir bilen garşy aldy.   

Hormatly  Prezidentimiziň gurup beren täze, döwrebap Olimpiýa şäherçesiniň «Olimpiýa» stadionyny bezeýän ajaýyp ahalteke bedewiniň çeper şekiliniň dünýäde atyň iň uly nyşany hökmünde, şeýle hem Sportuň suw görnüşleri merkeziniň halkara ölçegleriniň ýokary talaplaryna laýyk gelýän, ekologiýa taýdan arassa serişdelerden taýýarlanyp, häzirki zaman tehnologiýalary esasynda bina edilen, dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti ýapyk howuz hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigi  bizi tüýs ýürekden buýsandyrýar, begendirýär.   

«Aşgabat-2017»  Garaşsyz Watanymyzyň sport älemindäki abraýynyň has ýokary derejelere galýandygynyň aýdyň subutnamasy bolmak bilen, bu ýaryşlara Aziýanyň 45 ýurdy bilen bir hatarda, ilkinji gezek Okeaniýanyň 19 döwletiniň türgenleriniň, şeýle hem bosgunlaryň ýygyndy toparynyň gatnaşmagy sebitde geçirilýän uly sport çäresiniň bäsleşik esasynda gyzykly geçjekdigini aňladýar.   Aziadanyň oýunlary, ýaryşlary, bäsleşikleri barha gyzyşýar. Bu ýagdaý türkmenistanlylaryň kalbyny joşduryp, ruhuny ýokary göterýär. Olaryň käbiri bu buýsançly ýagdaýy goşgy setirlerine geçiripdir. Şu gün biz şeýle joşgunly setirleriň awtory Amangeldi Gandymowyň bu şanly halkara ýaryşy mynasybetli ýazan şygryny okyjylarymyza hödürleýäris.

 

Aziadanyň dabarasy

Mermer şäherimiň ýok deňi-taýy,
Olimpiýa şäherjigi nur saçýar.
Iki müň on ýediň tylla güýz aýy,
Myhmanlara giňden gujagyn açýar.

Milli Lidermizden ak pata alyp,
Goç ýigitler bedew ata atlandy.
Gollarynda Aziadaň alawy...
Yklymlara ýagşy habar buşlandy.

Ýaryşlary ylgawlydyr göreşli,
Türgenleri üstünlige çagyrýar.
Ýigrim bir görnüşli oýunlar içre,
Hyjuwly ýaşlarmyz ýeňişe barýar.

Size pena bolsun ýaşyl Tugumyz,
Döwlet Senamyzyň ýaňlansyn sesi.
Joşan ruhuňyzdan beýgelsin Watan,
Altyn medallaryň boluň eýesi.

Arzuw-dileglermiz ýorulsyn ýagşa,
Üstünlige ýaran boluň türgenler.
Sportuň abraýyn göteriň arşa,
Billerini mäkäm guşan türkmenler!

Gözel Aşgabatda geçen ýaryşdan,
Aziadaň şany arşlara galdy.
Taňry nurun çaýdy halk ykbalyna,
Watanyň şöhraty Zemine doldy.

 

Amangeldi GANDYMOW.