Jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmak meselesi hormatly Prezidentimiziň özgertmeler syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Munuň şeýledigini ýurdumyzda türkmen jemgyýetiniň jebisliginiň, ähli gatlaklarynyň içki sazlaşygynyň doly keşbini beýan edýän, demokratik ýörelgelerimize laýyklykda köppartiýalylyk esasynda, giň bäsleşik şertlerinde guramaçylykly geçirilýän demokratik saýlawlar hem aýdyňlygy bilen subut edýär.
Aslynda, saýlawlar diýen düşünje nämäni aňladýar?! Saýlawlar – ses bermek arkaly dalaşgärleriň haýsy–da bolsa biriniň saýlanylmagyna gönükdirilen çäredir. Bu söz raýatlaryň ýurduň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna işjeň gatnaşmagyny aňladýan düşünjedir. Mälim bolşy ýaly, saýlawlar – munuň özi demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň merkezi instituty bolmak bilen, döwlet edaralaryny, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryny emele getirmegiň bir usulydyr. Sözümizi jemläp aýdanymyzda, saýlawlar – bu ses bermek arkaly häkimiýetiň wekilçilikli edaralaryna wekilleri, wezipeli adamlary saýlamakdyr.
Her bir raýatyň jemgyýetiň we döwletiň işlerini dolandyrmaga gös-göni gatnaşmagy diýlende bolsa, kanunlaryň taslamalarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagyna, raýatlaryň saýlawlara, sala salşyklara gatnaşmagyna, saýlawly wezipelere saýlanmagyna, döwlet gullukçysy wezipelerinde işlemek mümkinçiligine düşünilýär.
Biziň ýurdumyzda şu mümkinçilikler Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda we sala salşyklarda raýatlaryň gizlin ses bermekleri arkaly ählumumy, deň we göni saýlaw hukugynyň esasynda üpjün edilýär. Ady agzalan saýlawlaryň hemmesi bäsleşik esasynda geçirilýär.
Saýlawlar bir mandatly saýlaw okruglary boýunça geçirilýär. Saýlawlar ählumumydyr. Türkmenistanyň on sekiz ýaşy dolan raýatlarynyň saýlamaga hukugy bardyr. Saýlawlar göni saýlawlardyr. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalary raýatlar tarapyndan gös-göni saýlanylýarlar.
Türkmenistanyň raýatlarynyň haýsy millete degişlidigine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ygtykadyna, haýsy partiýa degişlidigine ýa-da hiç partiýa degişli däldigine garamazdan, olaryň saýlamaga, saýlanmaga gatnaşmaga bolan hukuklaryny göni ýa-da gytaklaýyn çäklendirmek gadagan edilýär.
Saýlawlara kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen raýatlar, azatlykdan mahrum ediliş ýerlerinde jeza çekýän adamlar gatnaşmaýarlar. Beýleki halatlarda raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň çäklendirilmegine ýol berilmeýär we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär. Türkmenistanyň raýatlary saýlawlara we sala salşyklara deň esaslarda gatnaşýarlar. Her bir saýlawçynyň ýa-da sala salşyga gatnaşyjynyň bir sesi bardyr.
Her bir ýurtda geçirilýän islendik derejedäki saýlawlar ýa-da sala salşyklar jemgyýetde höküm sürýän sazlaşygyň, jebisligiň, asudalygyň derejesini görkezýän täsin ölçeg guralydyr.
Sala salşyklar döwlet durmuşyndaky möhüm meseleleriň çözülmegi üçin ählihalk ses berilmeginiň geçirilmegidir. Sala salşyklar ýurduň raýatlarynyň ses bermek arkaly döwlet häkimiýetini amala aşyrmaga gös-göni gatnaşmaklarynyň bir görnüşidir.
«Sala salşyk» diýlen söz düzümi «referendum» diýlen latyn sözünden gelip çykandyr. Ol «aýdylmagy, diýilmegi, habar berilmegi hökmany, zerur» diýlen manyny aňladýar.
Türkmenistanda sala salşyklar ählumumy, deň, göni we gizlin ses bermek arkaly geçirilýär. Sala salşyklara Türkmenistanyň saýlaw hukukly raýatlary gatnaşýarlar.
Sala salşyklaryň iki görnüşi bardyr:
– ählihalk sala salşygy;
– ýerli sala salşyk.
Döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna degişli möhüm meseleleri çözmek üçin ählihalk we ýerli sala salşyklary geçirilip bilner. Sala salşyga goýlan meseleler köplenç ýagdaýda «hawa», «ýok», «razy», «razy däl», «goldaýaryn», «goldamaýaryn» diýen jogaplar bilen girizilýär.
Ählihalk sala salşygy ýurduň bütin çäginde geçirilýär. Oňa ýurduň saýlaw hukukly raýatlarynyň ählisi gatnaşýar.
Ählihalk sala salşygynda şu meselelere seredilip bilner:
– kanunyň kabul edilmegi;
– hereket edýän kanunyň ýa-da onuň aýry-aýry düzgünleriniň üýtgedilmegi ýa-da ýatyrylmagy;
– kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň esasy mazmunyny kesgitleýän çözgüdiň kabul edilmegi.
Ýerli sala salşyk Türkmenistanda degişli etrapdaky şäheriň, şäherçäniň ýa-da geňeşligiň çäginde geçirilýär. Şu meselelere ýerli sala salşygynda seredilip bilner: geňeşiň kararyny üýtgetmek ýa-da ýatyrmak hakynda; ýerli ähmiýetli has möhüm meseleler boýunça kararlar kabul etmek hakynda we şuňa meňzeşler.
Ählihalk sala salşygyny geçirmek barada karary kabul etmek hukugy Türkmenistanyň Mejlisine degişlidir. Ýerli sala salşygyny geçirmek barada karary kabul etmek hukugy degişli Geňeşe degişlidir.
Ählihalk sala salşygyny geçirmegiň senesi Türkmenistanyň Prezidenti, ýerli sala salşygy geçirmegiň senesi degişli Geňeş tarapyndan bellenilýär.
Saýlawlara we sala salşyklara taýýarlyk görmegi we olary geçirmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilýän saýlaw toparlary üpjün edýärler. Saýlawlara we sala salşyklara taýýarlyk görmekde we olary geçirmekde saýlaw toparlary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryndan garaşsyzdyrlar. Saýlaw toparlarynyň işine döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, edaralaryň, guramalaryň, kärhanalaryň, şeýle hem wezipeli adamlaryň hem-de raýatlaryň gatyşmagyna ýol berilmeýär.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, ýurdumyzda saýlaw işlerine gatnaşyjylaryň öz kanuny jogapkärçiliklerini duýup, raýatlarymyzyň saýlaw hukuklarynyň talabalaýyk üpjün edilmegi saýlawlaryň demokratik ýörelgelere esaslanýandygyny äşgär edýär. Çünki, her bir raýatyň erkin we meýletin berýän sesi ýurdumyzyň bagtyýar geljegidir.
Jennet Saparowa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň baş hünärmeni.