Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Şol mejlisde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda ýurdumyzda konstitusion özgertmeleriň täze tapgyryna badalga berildi. Bu başlangyjyň esasy maksady bolsa, jemgyýetimizde we dünýä tejribesinde gazanylan üstünlikleri nazara alyp, Halk Maslahatynyň işini kämilleşdirmekden hem-de kanun çykaryjy edaranyň iki palataly gurluşyny döretmekden ybarat bolup durýar. Şonuň bilen birlikde ýurdumyzda kanun çykaryjylyk işini amala aşyrýan edaranyň iki palataly gurluşynyň döredilmegi bilen demokratik institutlaryň işiniň has ýokary derejelere çykarylmagyna ähli şertler dörediler.
Ýurdumyzda jemgyýetçilik we döwlet durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak üçin şertleri döretmek boýunça wezipeleri göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion topar döredilip, degişli resminama arkaly onuň düzümi tassyklanyldy. Konstitusion topara ýurdumyzyň raýatlaryndan, syýasy partiýalardan we jemgyýetçilik birleşiklerinden, dürli pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan we ýerli edara-guramalardan gelip gowşan köp sanly teklipleri öwrenmek, seljermek we umumylaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň Mejlisinde döredilen iş topary tarapyndan anyk işler durmuşa geçirildi. Ähli teklipler seljerilip, ara alnyp maslahatlaşylandan soň, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Hormatly Prezidentimiziň teklibi esasynda Konstitusion kanunyň taslamasy metbugatda çap edilip, halk köpçüligine ýetirildi.
Konstitusion kanunyň taslamasy halkymyzda uly gyzyklanma döretdi. Halk köpçüligi milli Parlamentimizi Türkmenistanyň Milli Geňeşi diýip atlandyrmak baradaky, Parlamentiň iki palataly gurluşyny döretmek, onuň palatalaryny Halk Maslahaty we Mejlis diýip atlandyrmak baradaky teklibi goldady. Raýatlarymyz maslahatlarda we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edip, öz tekliplerini berdiler. Konstitusion kanunyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmaga, ýurdumyzyň raýatlarynyň pikirini öwrenmek üçin döwlet Baştutanymyzyň ähli mümkinçilikleri döredip bermegi netijesinde halkymyzdan gelip gowşan teklipler nazara alnyp, Esasy Kanunymyza 3 maddany goşmak, 27 maddanyň mazmunyna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hem-de 1 maddany aýyrmak teklip edilýär.
Milli Parlamentimiziň Halk Maslahatynyň düzümini emele getirmek boýunça welaýatlardan we Aşgabat şäherinden wekilleriň sany, olary saýlamagyň hem-de bellemegiň tertibi, Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärlere bildirilýän talaplar we olaryň ygtyýarlyk möhleti barada Konstitusion kanunyň taslamasynda beýan edilen kadalaryň hem raýatlarymyz tarapyndan doly goldanylmagy bellärliklidir. Şeýle hem welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň ygtyýarlyklaryny giňeltmek we Halk Maslahatynyň düzümini emele getirmäge hukugy bolan ýerli wekilçilikli edaralar hökmünde jemgyýetde olaryň ornuny berkitmek maksady bilen, Halk Maslahatynyň düzümini emele getirmegiň taslamada beýan edilen tertibiniň hem makullanylmagy raýatlarymyzyň ähli teklipleriniň doly nazara alnandygyny aňladýar.
Sözümizi jemläp aýdanymyzda, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanunyň taslamasyny taýýarlamak boýunça işler tamamlandy.
Konstitusion kanunyň taslamasyny makullamak üçin şu ýylyň sentýabr aýynda boljak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň garamagyna hödürlenilmegi göz öňünde tutulýar. Bu kanunyň kabul edilmegi ata Watanymyz hem-de mähriban halkymyz üçin taryhy waka öwrüler. Şeýle hem Türkmenistan döwletimiziň kanun çykaryjy edarasynyň iki palataly gurluşynyň emele gelmegine we ýurdy dolandyrmakda demokratik ýörelgeleriň dabaralanmagyna giň mümkinçilikleri açar.
Hormatly Prezidentimiziň baş maksatlarynyň biri hem ýurtda berk kanunçylygyň üpjün edilmegidir. Şu nukdaýnazardan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Esasy Kanunymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde, döwletimiziň Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk esaslaryny pugtalandyrmakda, Watanymyzyň abraýyny has-da ýokarlandyrmakda iň ygtybarly hukuk binýady bolup durýar.