Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 19-njy awgustynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça Konstitusion toparyň jemleýji 4-nji mejlisini geçirdi. Ýurdumyzyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi bilen iki palataly parlament ulgamyna geçilmegi türkmen jemgyýetiniň ähli düzüm birlikleriniň bähbitlerine wekilçilik etmäge, ýagny demokratiýanyň döwrebap kämilleşmegine, dabaralanmagyna giň ýol açar. Bular barada gürrüň bermegini sorap, biz Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň kätibi Amangeldi Annadurdyýewe ýüz tutduk. Şonda ol bize şulary gürrüň berdi:
— Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan işler «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» ýylynyň özenini düzýär. Halkymyzyň ýagty geljegi üçin ýurdumyzda amala aşyrylýan ynsanperwer konstitusion özgertmeler bolsa, Diýarymyzyň hukuk esasynyň we demokratik binýadynyň hemmetaraplaýyn berkleşmegine giň ýol açýar.
Hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň sentýabr aýynda bolup geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisinde eden taryhy çykyşynda döwlet dolandyrylyşynyň demokratik ýörelgelerini kämilleşdirmek bilen bagly Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça täze başlangyjy öňe sürdi. Dünýäde bolup geçýän özgertmeleri we köp ýurtlarda toplanan tejribäni nazara alyp, iki palataly ulgama geçmek we Türkmenistanyň Halk Maslahatyny hem-de Türkmenistanyň Mejlisini wekilçilikli kanun çykaryjy häkimiýetiň wezipelerini amala aşyrýan edaralar ulgamyna goşmak boýunça milli Liderimiziň öňe süren başlangyjy halkymyz tarapyndan doly goldawa eýe boldy. Bu başlangyjyň düýp maksady ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň işiniň türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň häzirkizaman talaplaryna laýyk getirilmegini üpjün etmekden, kanun çykaryjylyk işiniň netijeliligini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Şeýle hem jemgyýetimizde we dünýä tejribesinde gazanylan üstünlikleri nazara alyp, Halk Maslahatynyň işini kämilleşdirmek hem-de kanun çykaryjy edaranyň iki palataly gurluşyny döretmek bolup durýar.
Milli Parlamentiň iki palataly ulgama geçmegi halk wekilçiliginiň ösüşiniň, demokratiýanyň dabaralanmasynyň, syýasy asudalygyň, şeýle hem halk bitewiliginiň alamatydyr.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky» Konstitusion kanunyň taslamasy ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň gurluşyny üýtgetmek, ygtyýarlyklaryny giňeltmek we alyp barýan işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça çäreleriň çäklerinde işlenip taýýarlanyldy. Munuň özi bolsa Konstitusiýamyzyň has-da netijeli bolmagyna getirer, jemgyýetimizi we döwletimizi hemmetaraplaýyn ösdürmegi kanunçylyk taýdan üpjün etmegiň maksatlaryna üstünlikli ýetmäge mümkinçilik berer.
Ýurdumyzda jemgyýetçilik we döwlet durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak üçin şertleri döretmek boýunça wezipeleri göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion topar döredilip, degişli resminama arkaly onuň düzümi tassyklanyldy. Şondan bäri Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça Konstitusion toparyň hem-de onuň ýanynda döredilen iş toparynyň birnäçe mejlisleri geçirildi.
«Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy işlenilip taýýarlanyldy. Hormatly Prezidentimiziň teklibi esasynda Konstitusion kanunyň taslamasy metbugatda çap edilip, halk köpçüligine ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiz Konstitusion toparyň jemleýji mejlisde eden taryhy çykyşynda: «Ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň işini döwrebap ýagdaýa getirmek Milli Parlamente türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklaryna wekilçilik etmäge, döwrüň möhüm meselelerini çözmäge, kanunlary işläp taýýarlamakda we durmuşa geçirmekde işleriň ýagdaýyny düýpli gowulandyrmaga ýardam eder. Saýlawçylaryň deputatlar bilen has ysnyşykly gatnaşyklaryny, şeýle hem kanunlaryň we milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine netijeli gözegçiligi ýola goýmak üçin gowy şertleri döreder, Parlamentiň kanun çykaryjylyk işini hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berer» diýip nygtady. Şeýle hem, mejlisiň barşynda ýurdumyzyň raýatlarynyň pikirini öwrenmek üçin döwlet Baştutanymyzyň ähli mümkinçilikleri döredip berendigi aýratyn nygtaldy. Milli Liderimiziň Esasy Kanunymyzy kämilleşdirmek boýunça öňe süren başlangyjyny doly goldap, halkymyzyň işjeň gatnaşmagynda taýýarlanylan Konstitusion kanunyň taslamasynda 1 maddany aýyrmak, 3 maddany goşmak we 27 madda degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň ýurdumyzyň Parlamentiniň ornuny ýokarlandyrmak we ygtyýarlyklaryny giňeltmek maksady bilen öňe süren başlangyjynyň halkymyzyň arasynda giň seslenme döredendigi, Konstitusion özgertmelere ilatyň uly gyzyklanma bilen işjeň gatnaşandygy hem-de doly goldawa eýe bolýandygy ýene-de bir gezek nygtaldy. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň türkmen halkynyň asyrlaryň synagyndan geçen adalatlylyk, deňlik, ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alýan döwlet syýasatynyň netijesinde, agzybir halkymyzyň öz Arkadag Prezidentiniň töweregine has-da mäkäm jebisleşýändigine hem-de ýurdumyzda emele gelen bu bütewiligiň mizemezdigine ýene-de bir subutnama bolmak bilen, «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgäniň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Şeýle-de, mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasyny makullamak we Türkmenistanyň Halk Maslahatyna hödürlemek hakynda» Konstitusion toparyň Kararyna gol çekdi. Bu ýatdan çykmajak taryhy pursatlarda gol çekilen Karara laýyklykda, Konstitusion kanunyň taslamasyny taýýarlamak boýunça işleriň umumylykda gutarnykly tamamlanandygy barada aýdyldy. Şeýle hem agzybir, halkymyzyň işjeň gatnaşmagynda ara alnyp maslahatlaşylyp, goldanylyp taýýarlanylan «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanunyň taslamasyny makullamak üçin şu ýylyň sentýabr aýynda boljak Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde seretmek, makullanylan halatynda ony Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna hödürlemek teklip edildi.
Goý, berkarar döwletimiziň gülläp ösmegi ugrunda möhüm özgertmeleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan beýik işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!
– Beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň!
Söhbetdeşligi ýazga geçiren H. Öwezow.