TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

2018-NJI ÝYL — SAÝLAWLAR ÝYLY

Geljek 2018-nji ýylda Türkmenistanda dürli görnüşli saýlawlaryň üçüsi, ýagny Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçiriler. Geçiriljek  bu  saýlawlar ýurdumyzyň ösüşinde il-ýurt bähbitli möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka bolup, taryha girer.

Bu möhüm jemgyýetçilik çäreleriniň guramaçylykly geçirilmegini gazanmak maksady bilen, Türkmenistanda saýlawlary  we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar tarapyndan alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada gürrüň bermegini sorap biz, Merkezi saýlaw toparynyň kätibi Amangeldi GANDYMOWA ýüz tutduk. Şonda ol bize şulary gürrüň berdi:

 

— Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň saýlaw ulgamynyň işine ýakyndan ýardam bermegi netijesinde, ýurdumyzda saýlawlary guramaçylykly, kanuna we halkara kadalaryna laýyklykda geçirmegiň oňyn tejribeleri toplanyldy.

Demokratik saýlawlary geçirmek üçin, onuň kämil kanunçylyk binýadynyň bolmagy zerurdyr. Bu babatda demokratik saýlawlary geçirmegiň halkara kadalaryny özünde jemleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň bardygyny aýratyn belläp geçmek ýerlikli bolar. Esasy kanunymyzda saýlawlary geçirmegiň umumy kadalary beýan edilýär. Saýlaw kodeksimizde bolsa saýlawlary guramagyň we geçirmegiň düzgünleri giňişleýin tertipde beýan edilýär.

Ýurdumyzda saýlawlary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine, halkara ölçeglerine laýyklykda, aýanlykda we demokratik ýörelgeler hem-de bäsleşik esasynda guramaçylykly geçirmek saýlaw toparlarynyň öňünde durýan  wajyp wezipedir.

2018-nji ýylda geçiriljek saýlawlara biz häzirki günlerden ykjam  taýýarlyk  görüp başladyk. Bu işe saýlaw toparlary, milli we halkara synçylar, dalaşgärler, dalaşgärleriň ynanylan adamlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin gollanmalary, ýatlamalary, düzgünnamalary taýýarlamakdan başladyk. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda taýýarlanylýan bu neşirler saýlawlaryň kanun esasynda we guramaçylykly geçirilmegine oňyn ýardam berer.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, Halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary mažoritar saýlaw ulgamy esasynda we bir mandatly saýlaw okruglary boýunça geçirilýär. Ýagny her saýlaw okrugyndan bir adam saýlanylýar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlarynda Türkmenistanda saýlawçylaryň sany takmynan deň bolan 125 saýlaw okrugy döredilýär.

Welaýat Halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlarynda degişli çäkde saýlawçylaryň sany takmynan deň bolan 40 saýlaw okrugy, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlarynda bolsa degişli çäkde saýlawçylaryň sany takmynan deň bolan 20 saýlaw okrugy döredilýär.

Geňeş agzalarynyň saýlawlarynda degişli çäkde saýlawçylaryň sany takmynan deň bolan 5-15 saýlaw okrugy döredilýär.

Her bir saýlaw okrugynyň saýlawçylarynyň sany degişli saýlawlar boýunça okruglara düşýän saýlawçylaryň ortaça sanynyň on göteriminden, uzak we barmasy kyn ýerlerde bolsa on bäş göteriminden geçmeli däldir. Saýlaw okruglarynyň saýlawçylarynyň sanynyň göterim tapawudynyň şu bellenilen talaplarynyň berjaý edilmegi bolsa, 2018-nji ýylda boljak saýlawlaryň deň şertlerde geçirilmegini üpjün eder.

Bu saýlawlarda Halk maslahatlarynyň agzalary hem  5 ýyllyk ygtyýarlylyk möhleti bilen saýlanar.

Aslynda, Halk maslahatlarynyň agzalarynyň ygtyýarlylyk möhletiniň 4 ýyldan 5 ýyla çenli, şeýle hem, Geňeşleriň agzalarynyň ygtyýarlylyk möhletiniň 3 ýyldan 5 ýyla çenli uzaldylmagy, wekilçilikli edaralaryň işine uly ähmiýet berilýändigini äşgär edýär. Munuň özi bolsa ýurdumyzda demokratiýanyň we halk häkimiýetliliginiň has-da dabaralanýandygyna şaýatlyk edýär.

 

Amangeldi Gandymowiç, 2018-nji ýylda geçiriljek saýlawlara görülýän taýýarlyk işleri barada beren mazmunly gürrüňiňiz üçin size sagbolsun aýdýarys hem-de bu syýasy wakalaryň guramaçylykly geçirilmeginde üstünlikler arzuw edýäris.

 

 Agadurdy AKMYRADOW,
žurnalist.