Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda ýurdumyzda döwletiň demokratik esaslarynyň pugtalandyrylmagyna, hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgeleriniň berkidilmegine, raýatlaryň konstitusion hukuklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilen düýpli özgertmeler yzygiderli amala aşyrylýar. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, Türkmenistan bu gün demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmak ýoly bilen öňe ynamly gadam urýar. Ýurdumyzda her bir türkmen raýatynyň saýlaw hukuklarynyň üpjün edilmegine uly üns berilýär. Munuň özi raýatlarymyzyň saýlawlary geçirmegiň kanunçylyk esaslaryna çuň düşünmeklerine, saýlawçylaryň öz saýlaw hukuklaryndan peýdalanyp, mynasyp dalaşgäre ses bermeklerine, saýlawlara işjeň gatnaşmaklaryny üpjün etmäge şert döredýär.
Ýurdumyzda demokratiýanyň kämilleşýändigini jemgyýetiň jebisliginiň, ähli gatlaklarynyň içki sazlaşygynyň keşbini beýan edýän, demokratik ýörelgelerimize laýyklykda köppartiýalylyk esasynda, giň bäsleşik şertlerinde guramaçylykly geçirilýän saýlawlar hem aýdyňlygy bilen subut edýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde geçirilýän saýlawlar özüniň gözbaşyny taryhy döwürlerden alyp gaýydýar. Ata-babalarymyzyň durmuş tejribeleri, ýol-ýörelgeleri häzirkizaman talaplaryna laýyklykda, döwrebap dowam etdirilýär. Türkmen halkynyň taryhy döwürlerine ser salanyňda halkyň arasyndan mynasyp adamlary saýlamagyň demokratik ýörelgeleriniň berjaý edilendigine göz ýetirýärsiň.
Maslahatlaşmak, sala salmak, geňeşmek, ses bermek arkaly il içinde uly abraýa, hormata eýe bolan adamlar wezipeli orunlara saýlanypdyrlar. Munuň özi bolsa türkmen milletiniň taryhy demokratik ýörelgeleriniň hem kämil derejede bolandygyny we halkyň erk-isleginiň goralandygyny görkezýär. Her bir ýurtda geçirilýän islendik derejedäki saýlawlar ýa-da sala salşyklar jemgyýetde höküm sürýän ajaýyp sazlaşygyň, jebisligiň, asudalygyň derejesini görkezýän täsin ölçeg guralydyr.
Mälim bolşy ýaly, saýlawlar — munuň özi demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň merkezi instituty bolmak bilen, raýat gatnaşyklaryny dolandyrýan dürli edaralary, ýagny döwlet edaralaryny, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryny emele getirmegiň bir usulydyr. Hut şonuň üçin-de, demokratik ýörelgeler esasynda guralýan saýlawlar halk häkimiýetliliginiň möhüm aňlatmasydyr we esasy düzüm bölegidir.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 119-njy maddasynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň, Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary ählumumy we deň saýlaw hukugynyň esasynda geçirilýär. Türkmenistanyň on sekiz ýaşy dolan raýatlarynyň saýlamaga hukugynyň bardygy, şeýle hem her bir saýlawçynyň bir sesi bardyr» diýilýär. Diýmek, saýlawlarda ses bermeklik jemgyýetçilik durmuşymyzda raýatlaryň esasy syýasy hukuklarynyň biri bolup, olaryň saýlaw hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmäge gönükdirilen çäredir.
Aslynda, saýlawlarda ses bermek nämäni aňladýar?! Munuň özi saýlawçynyň saýlawlara gatnaşyp, öz erk-islegini erkin beýan etmegidir, saýlaw hukugyndan peýdalanmagydyr. Ses bermek dalaşgärleriň haýsy-da bolsa biriniň saýlanylmagyna gönükdirilip amala aşyrylýan hereketdir. Ses bermek — bu raýatlaryň ýurduň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna işjeň gatnaşmagyny aňladýan düşünjedir. Raýatlaryň erkin saýlaw hukugy esasynda ses bermekligi diýlende, munuň özi jemgyýeti we döwleti dolandyrmakda syýasy kararlary, kanunlary kabul etmek we halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak işine gönükdirilen maksatnamalary durmuşa geçirmek üçin öz wekillerini saýlamaklygyna düşünilýär.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, her bir saýlawçynyň özi ses berýär, başga adamlaryň ýerine ses berilmegine ýol berilmeýär. Dalaşgär öz saýlaw okrugynda ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň sesleriniň ýarysyndan köpüsini, ýagny: 50%+1 saýlawçynyň sesini alsa, ol saýlanylan diýlip hasap edilýär. Sözümizi jemläp aýdanymyzda, saýlawlar — bu saýlawçylaryň ses bermekleri arkaly häkimiýetiň wekilçilikli edaralaryna wekilleri, wezipeli adamlary, guramalaryň ýolbaşçylaryny saýlamagy diýmekdir.
Saýlawlara gatnaşmaga hukugy bolan raýatlar saýlawlarda ses bermek bilen, özleriniň aktiw saýlaw hukugyndan peýdalanýarlar. Türkmenistanyň on sekiz ýaşy dolan raýatlarynyň saýlamaga gatnaşmaga hukugy bardyr. Saýlawlara kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen raýatlar, azatlykdan mahrum ediliş ýerlerinde jeza çekýän adamlar gatnaşmaýarlar. Beýleki halatlarda raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň çäklendirilmegine ýol berilmeýär we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
Şu ýerde, hemmämize düşnükli bolar ýaly, saýlaw hukugynyň mazmunyna düşünmek üçin, ilkinji nobatda, onuň esasyny düzýän käbir adalgalaryň üstünde durup geçsek ýerlikli bolar. Mysal üçin, saýlawçy —bu saýlawlary geçirýän döwletiň aktiw saýlaw hukugyna eýe bolan raýatydyr. Saýlaw hukugy diýlende bolsa, döwletiň saýlawly edaralarynyň döredilmeginiň tertibini kesgitleýän we saýlaw ulgamyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryň jemine, subýektiw manyda raýatyň döwlet edaralaryna saýlamaga we saýlanmaga, ýagny aktiw we passiw saýlaw hukuklaryna düşünilýär. Diýmek, aktiw saýlaw hukugy raýatlaryň saýlamaga bolan, passiw saýlaw hukugy bolsa, raýatlaryň saýlanylmaga bolan hukugydyr.
Käbir ýagdaýlarda raýatlar bu hukuklaryň ikisinden hem birlikde peýdalanýarlar. Saýlaw hukukly raýat dalaşgärlige hödürlenen we bellige alnan bolsa, ol raýat özüniň aktiw hem passiw hukugynyň ikisinden bilelikde peýdalanyp bilýär.
Ses bermegi guramak diýlende, ses bermekligi geçirmek we saýlawçylara öz erk-islegini erkin beýan etmegi üçin amatly şertleri döretmek boýunça alnyp barylýan guramaçylyk işlerine düşünilýär. Saýlaw uçastogy döredilende ses bermek üçin ýörite jaýlar, otaglar kesgitlenilýär, oňa saýlaw uçastogynyň merkezi hem diýilýär.
Türkmenistanda geçirilýän saýlawlarda ses bermekligiň şu aşakdaky görnüşleri bar:
– saýlawlar gününden öň ses bermek;
– saýlawlar güni ses bermek;
– saýlawlar güni ses berilýän jaýdan daşarda ses bermek.
Saýlawlar gününden öň ses bermek haýsydyr bir sebäplere görä, saýlawlar güni öz ýaşaýan ýerinde bolup bilmejek saýlawçynyň saýlawlar gününden öň saýlaw uçastogyna gelip ses bermegidir. Her bir saýlawçynyň saýlaw uçastogyna gelip, öňünden ses bermäge hukugy bardyr. Ýurdumyzda geçirilýän saýlawlarda öňünden ses bermek saýlawlaryň geçiriljek gününe çenli on gün galandan başlap, saýlaw uçastogynda Türkmenistanyň Saýlaw kodeksinde bellenilen tertibe laýyklykda geçirilýär.
Saýlawlar güni ses bermek—saýlawlaryň geçirilýän güni ses bermekdir. Şunda saýlawçylar saýlaw uçastogyna gelip ýa-da jaýdan daşarda ses bermäge gatnaşýarlar. Saýlawlarda saýlawçy dalaşgärleriň haýsysynyň tarapyna ses berýän bolsa, saýlaw býulleteninde şonuň familiýasynyň deňinde bellik edýär.
Saýlawlar güni ses berilýän jaýdan daşarda ses bermek. Ses berilýän jaýdan daşarda ses bermek—bu ses berilýän jaýa sebäpli (saglyk ýagdaýy, maýyplygy we şuňa meňzeşler boýunça) özbaşdak gelip bilmeýän saýlawçylaryň öz öýlerinde, hassahanada ýa-da başga bir ýerlerde ses bermegidir. Ses bermegiň bu görnüşi diňe saýlawlar güni we saýlawçynyň ýüztutmasy esasynda geçirilýär. Ýüztutmalar ýazmaça ýa-da dilden bolup biler. Uçastok saýlaw topary şol saýlaw uçastogynda saýlawçylaryň sanawyna girizilen saýlawçylara jaýdan daşarda ses bermäge gatnaşmak mümkinçiligini üpjün etmäge borçludyr. Şeýle hem daşary ýurtlarda bolýan saýlaw hukukly raýatlarymyz Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň (konsullyk edaralarynyň) ýanynda döredilen saýlaw uçastoklarynda saýlaw hukuklaryndan peýdalanyp, ses berip bilýärler.
Türkmenistanda geçirilýän saýlawlarda raýatlaryň öz erk-isleglerini erkin beýan etmekleri üçin saýlaw toparlary tarapyndan ähli zerur şertler döredilýär.
Çünki, her bir saýlawçynyň erkin we meýletin berýän sesi mähriban Watanymyzyň bagtyýar geljegidir.
Saýlaw ulgamynyň kämilleşmegine uly üns berýän, Türkmenistanyň merdana halkyny agzybirlikde, asudalykda, demokratik ýol bilen bagtyýar geljege alyp barýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, mertebesiniň belent bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň mundan beýläk hem has-da rowaç almagyny arzuw edýäris.
Hekimberdi Öwezow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça
merkezi toparyň sekretar-referenti.