TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

KIM MILLI SYNÇY BOLUP BILER?

Hormatly Prezidentimiziň çuňňur pähim - parasat bilen belläp geçişi ýaly, ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmelerde syýasy ulgamy kämilleşdirmäge,  döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli taraplaryny  demokratiýalaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmak meselesi Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeler syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Türkmenistanda saýlaw ulgamynyň işini, saýlaw kanunçylygyny kämilleşdirmek, ony halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmek, saýlawlary aýanlyk ýagdaýynda we demokratik esaslarda guramaçylykly geçirmek esasy wezipelerimiziň biri bolup durýar.  

Ýurdumyzda geçirilýän saýlawlary Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine, saýlaw hukugynyň halkara derejesinde ykrar edilen we saýlawlary demokratik esaslarda geçirmegiň bellenilen kadalaryna, türkmen halkyna gadymdan bäri mahsus bolan milli demokratik ýörelgelerimize laýyklykda  geçirilmeginde we raýat hukuklarynyň goralmagynda milli synçylaryň işiniň ähmiýeti barada biz Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni Maksatmyrat Geldiýew  bilen söhbetdeş bolduk:

 

—Maksatmyrat, saýlawlarda kimler milli synçy bolup bilerler?

—Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 6-njy maddasyna laýyklykda, milli synçylary bellemek hukugy syýasy partiýalara, jemgyýetçilik birleşiklerine, raýatlaryň toparlaryna we dalaşgärlere degişli bolup durýar.

Milli synçylary bellemek işlerine Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar tarapyndan saýlaw möwsüminiň başlanandygy yglan edilen gününden girişilip bilner.

Döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryndan, kazylardan, prokurorlardan, saýlaw we teklipçi toparlarynyň agzalaryndan, dalaşgärlerden, dalaşgärleriň ynanylan adamlaryndan başga saýlaw hukugy bar bolan Türkmenistanyň raýaty milli synçy bolup biler.

Milli synçylary bellemegi syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri öz ýerli guramalarynyň mejlislerinde, raýatlar toparlary öz ýygnaklarynda amala aşyrýarlar. Milli synçy bellemek boýunça raýatlar toparynyň ýygnagyna saýlaw hukukly raýatlaryň azyndan otuzysy  gatnaşsa, ol ygtyýarly hasap edilýär.

Dalaşgärler öz saýlaw okrugynyň çägindäki saýlaw uçastoklarynyň her birine bir milli synçyny belläp bilerler, olar baradaky maglumaty degişli saýlaw toparyna berýärler.

— Milli synçylar tarapyndan saýlawlara syn etmegiň nähili möhletleri bar?

— Halkara tejribelerinde saýlawlara syn etmegiň uzak möhletleýin we gysga möhletleýin görnüşleri bardyr.

Uzak möhletleýin syn etmek-saýlaw möwsümi başlanandan tä saýlawlaryň jemlerini yglan etmek döwrüni öz içine alýar.

Gysga möhletleýin syn etmek-ses bermegiň barşyny we ses bermegiň netijelerini kesgitlemek işlerine syn etmekdir.

Milli synçylar Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar tarapyndan, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, Halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda - degişli welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparlary tarapyndan bellige alynýar. Olara bellenilen nusgadaky şahsyýetnama berilýär.

Şahsyýetnama saýlawlara taýýarlyk görmegiň we geçirmegiň barşynda synçynyň işiniň ýerine ýetirilmegi üçin esas bolup durýar.

Milli synçylaryň hukuklary olaryň bellige alnan gününden başlanýar we saýlawlaryň netijeleriniň resmi taýdan çap edilen gününde tamamlanýar.

—Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň milli synçylar bilen işleşmekdäki tejribesi barada hem kelam agyz aýdaýsaňyz?

—Saýlawlary guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 26-njy maddasynyň 31-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň ýanynda Milli synçylar bilen işlemek boýunça iş topary döredilýär. Bu toparyň düzümine Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň agzalary we edarasynyň hünärmenleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň Merkezi guramalarynyň işgärleri girýärler.

Milli synçylar bilen işlemek boýunça iş toparynyň düzümi Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisinde sese goýmak arkaly tassyklanylýar, iş toparynyň agzalaryna degişli şahsyýetnama berilýär. Milli synçylar bilen işlemek boýunça iş toparynyň düzümine syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri olaryň Merkezi guramalarynyň hödürnamasy boýunça kabul edilýär.

Syýasy partiýanyň, jemgyýetçilik birleşiginiň wekilleriniň hersi öz degişli guramasyndan welaýatlar, Aşgabat şäheri boýunça hödürlenen we bellige alnan milli synçylaryň işiniň guramaçylykly alnyp barylmagyny utgaşdyrýar.

Her saýlawlar boýunça bellige alnan milli synçylaryň hil düzümi baradaky maglumatlar düzülýär. Şonuň esasynda olaryň içinde dürli ýaşdaky, dürli bilim derejesindäki, dürli ulgamlarda işleýän raýatlaryň bardygyny hem-de dürli milletlerdendigi we jynsy aýratynlygyny görmek bolýar.

Mundan başga-da, bizde Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine we halkara kadalaryna laýyklykda, milli synçylaryň alyp barmaly işlerine ýardam bermek maksady bilen, ýörite ýatlama işlenilip taýýarlanylýar. Şeýle-de saýlaw möwsüminde olar bilen okuw maslahatlary geçirilýär.

Pursatdan peýdalanyp, saýlaw ulgamynyň kämilleşmegine uly üns berip, türkmen halkyny erkinlikde, asudalykda, demokratik ýol bilen bagtyýar geljege alyp barýan hormatly Prezidentimizi geljekde-de saýlawlary Türkmenistanyň kanunlaryna, halkara kadalaryna, gadymy döwürlerden bäri gelýän milli demokratik saýlaw ýörelgelerimize laýyklykda geçirmek üçin gujur-gaýratymyzy gaýgyrman işlejekdigimize ynandyrasym gelýär.  

—Maksatmyrat, milli synçylar hakyndaky mazmunly söhbetdeşligiňiz üçin size minnetdarlyk bildirýäris.

 

Söhbetdeş bolan A.URALSKIÝ.