TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

TÄZE - 2021-nji ÝYLYŇYZ DÜŞÜMLI ÝYL BOLSUN!

Biz dürli mazmunly wakalara baý bolan 2020-nji ýyl bilen hoşlaşyp, täze — 2021-nji ýyly garşylaýarys. Biz täze ýyla ajaýyp arzuwlar, ýagşy niýetler bilen barýarys. Goý, 2021-nji ýyl Türkmenistanyň durmuşynda üstünliklere beslenen ýyllaryň biri bolsun! Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň has rowaçlanyp, 2021-nji ýylyň ajaýyp zähmet ýeňişlerine beslenmegine uly şatlyk bilen garaşýarys. Sebäbi, munuň üçin Türkmenistanda ähli zerur şertler döredilendir. Çünki, biziň ýurdumyz  dünýäde bagtyýarlygyň özboluşly  ýurdy  hökmünde tanalýar.

Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde gül açýan Türkmenistanyň ruhubelent raýatlary täze ýyla örän ynamly gadam basýarlar.

Mähriban Arkadagymyzyň saýasynda bagtyýar durmuşa eýe bolan raýatlarymyzyň, zähmetsöýer, merdana halkymyzyň agzybir, milletimiziň, rysgal-bereketiň mekanyna öwrülen Türkmenistanyň at-owazasy 2021-de hem yklymlar aşsyn.

Täze ýyl parahatçylygyň, asudalygyň, abadançylygyň, bagtyýarlygyň, uly ýeňişleriň hem-de rysgal-berekediň ýyly bolsun! Täze ýylda her bir maşgalada agzybirlik höküm sürsün!