Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak ýörelgesi indi asylly däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edildi.
Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhunyň has-da belende göterilmegini, ýaş nesliň ata-Watanymyza uly buýsanjyny, çäksiz söýgüsini, olaryň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň baş gymmatlygydyr, baýlygydyr».
Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde taryhy taýdan gysga möhletiň içinde ýurdumyz özüniň Bitaraplyk hukuk derejesine daýanyp, dünýäniň köp döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna dostlukly, birek-birege ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmagyň gymmatly tejribesini toplady.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly şygary astynda geçjek ýylda hem döwletimiziň syýasy durmuşynda il-ýurt bähbitli möhüm wakalaryň birnäçesi bolar. Şolaryň biri hem ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramydyr.
Şeýle-de, şu ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlary geçiriler
Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda röwşen geljege tarap ynamly gadam urýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň raýatlarynyň kalbynda döredijilikli zähmet gaýnap joşýar. Syýasatda, ykdysadyýetde, has takygy, durmuşyň ähli ugurlarynda ösen dünýäniň talaplaryna laýyk derejedäki üstünlikleri gazanmak biziň baş wezipämizdir. Türkmen ykdysadyýetini täze — 2021-nji ýylda hem bedew bady bilen ösdürmegi niýet edinýän hormatly Prezidentimiziň her bir tutumynyň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Mähriban Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň giňden baýram ediljek 2021-nji ýylynda-da uly zähmet ýeňişlerini gazanjakdygy ikuçsuzdyr. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, 2021-nji ýylda hem, goý, biziň ýurdumyza uly-uly üstünlikler, zähmet ýeňişleri ýar bolsun!
Merkezi saýlaw topary hem Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyny täze — 2021-nji ýyl, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly bilen tüýs ýürekden gutlaýar! Siziň her biriňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny, tutýan her bir tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!
Hekimberdi Öwezow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek
boýunça merkezi toparyň edarasynyň sekretar-referenti