TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ AGZALARYNYŇ BIRINJI SAÝLAWLARY WE SAÝLAW BÝULLETENLERI

Garaşsyz, hemişelik Bitarap diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda jemgyýetimizi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, saýlaw ulgamynyň işini kämilleşdirmäge uly üns berilýär.

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň şu ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda eden çuň manyly çykyşynda belläp geçişi ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary ozalkylardan bütinleý tapawutlanýar, göni däl diýlip atlandyrylýan şeýle saýlawlar ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýär.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň ozalkylardan tapawutlanyşy ýaly, bu saýlawlarda ulanyljak býulletenler hem beýleki saýlawlaryň býulletenlerinden tapawutlanýar.

Ses bermegiň tertibi Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 50(11)-nji we 70-nji maddalaryna laýyklykda düzgünleşdirilýär.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda saýlaw býulletenine welaýatlar, Aşgabat şäheri boýunça bellige alnan dalaşgärleriň hemmesi elipbiý tertibinde girizilip, onda her bir dalaşgäriň familiýasy, ady, atasynyň ady, işleýän ýeri, eýeleýän wezipesi (käri) we ýaşaýan ýeri görkezilýär.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda ätiýaçlyk üçin çap edilýän saýlaw býulletenleriniň sany býulletenleriň umumy sanynyň on bäş göteriminden köp bolmaly däldir.

Saýlaw býulletenleri saýlawlara çenli azyndan on gün galanda ses berilýän jaýa getirilýär. Saýlaw býulletenleri berk hasabatlylyga degişli resminamalardyr, şonuň üçin hem saýlaw býulletenleri ýokarda durýan  saýlaw topary tarapyndan aşakda durýan saýlaw toparyna berlende, tassyklanan nusga laýyklykda delilnama düzülýär. Saýlaw býulletenlerini taýýarlamagyň, eltmegiň we olar boýunça hasabatlylygyň tertibi Merkezi saýlaw topary tarapyndan bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda, şeýle hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda saýlawçylar saýlaw býulletenindäki dalaşgärleriň diňe biriniň familiýasynyň deňinde bellik edýän bolsalar, Türkmenistanyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatynyň agzalarynyň her biri sekiz dalaşgäriň familiýalarynyň deňinde bellik edýärler.

Ähli saýlaw býulletenleriniň hakyky, ýagny asyl nusgada bolmagyny gazanmak maksady bilen, býulletende Merkezi saýlaw toparynyň nyşany (emblemasy) ýerleşdirilýär hem-de býulletenleriň arka tarapyna welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparynyň başlygy we kätibi gol çekýär hem-de toparyň möhrüni basýar.

Ses bermegiň oňaýly bolmagy üçin, saýlaw býulleteniniň ýazgysy gysgaça hem-de düşnükli beýan edilýär.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw býulletenleri çap edilenden soň, oňa girizilen dalaşgär çykyp giden halatynda, dalaşgäri bellige alan saýlaw topary saýlaw býulletenine bellik etmek hakynda karar kabul edýär.

Ýokarda durýan saýlaw toparynyň karary esasynda, welaýat, Aşgabat şäher saýlaw topary saýlaw býulletenindäki çykyp giden dalaşgär baradaky maglumatlaryň üstüni bellenilen tertipde göni kese çyzyk bilen çyzýar.

Saýlaw toparlary saýlaw býulletenleriniň saklanylyşyna jogapkärçilik çekýärler.

Saýlaw býulletenleri ses berilýän jaýa getirilenden soň, demir seýfde saklanylýar we nobatçylyk ýola goýulýar.

Saýlaw býulletenleriniň saklanylýan ýerleriniň tehniki we ýangyn howpsuzlygynyň talaplaryna laýyk bolmagy üpjün edilýär.

Ses bermek tamamlanandan soňra, peýdalanylmadyk saýlaw býulletenleri onuň aşaky tarapyndaky ýörite çyzyk bilen bellik edilen burçuny kesmek arkaly ulanylmaz ýaly edilýär.

Saýlaw býulletenleri Türkmenistanyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ygtyýarlyklary ykrar edileninden iki aý soň bellenilen tertipde ýok edilýär.

 

Jahan Orazowa, 
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň
edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň esasy hünärmeni.