TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

SPORT ÄLEMINDÄKI ULY BÖWSÜŞ

Aşgabat Aziadasynyň ýaňy badypaý ýüwrükligi bilen dünýä ýüzüne ýaýrady. Ýer ýüzüniň habar beriş serişdeleri bolsa, bu halkara sport çäresiniň külli ynsan üçin örän ähmiýetli bolandygyny gaýta-gaýta nygtap bellediler.

Aşgabatda geçirilen bu halkara sport çäresi diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem Zeminiň çar künjünde ýaşaýan ynsanlaryň kalbynda uly joşgun, höwes, yhlas duýgularyny oýardy. Türkmeniň milli Lideriniň taýsyz tagallalary netijesinde üstünlikli guralan we geçirilen bu Aziada oýunlary ukyply, çakgan, sagdyn, güýçli türgenleriň täze bir nesliniň ýüze çykmagyna ýol arçady. Dünýäniň 64 döwletinden gelen türgenler türkmen topragynda güýç synanşyp, ýaryşyp, bäsleşip, ezberliklerini ýüze çykarmaga giň mümkinçilik aldylar. Türkmeniň Arkadag Oglunyň siňdiren yhlaslary bilen bina bolan ak mermerli Aşgabatdaky hoşboý ysly gül daragtlara bürenen, bagy ereme çalymdaş ajaýyp Olimpiýa şäherçesiniň ýalkymy tylla güýzüň ilkinji aýynda arşyň-kürsüň ajaýyp bezegine öwrüldi. Ertekilerdäkä çalymdaş bu şäherçede döredilen şertlerden köňülleri buýsanç tapan türgenlerdir tälimçileri  gonaklan ýagty otagly myhmanhanalar, bäsleşikler üçin bina edilen ajaýyp sport ymaratlary, şeýle hem lezzet-tagamy dahanyňdan gitmeýän milli tagamlar ýaryşa gatnaşýanlary uly ýeňişlere ruhlandyrdy.

Türkmen türgenleriniň we halkymyzyň ruhuna ruh goşan ýeňişler altyn, kümüş, bürünç medallaryň iň köpüsiniň biziň ildeşlerimize nesip etmegine getirdi. Türkmen türgenleri nusgawy sport ýeňişlerini gazandylar. Munuň özi biziň türgenlerimiziň geljekde dünýäniň halkara ýaryşlarynda — Olimpiýa orunlarynda, dünýä çempionatlarynda ýeňişli, sylagly  orunlara mynasyp boljakdyklaryndan habar berýär.

Raýatlaryň we daşary ýurtlularyň özara gürrüňlerinden, şeýle hem habar beriş ulgamynyň tejribeli işgärleriniň orta atýan pikirlerinden çen tutsaň, olar sport ulgamy babatda türkmeniň milli Lideriniň hakyky böwsüşi amala aşyrandygyny belleýärler. Aşgabat Aziadasynda gazanylan netijeler, täzelenen dünýä rekordlary, sport äleminiň asmanynda peýda bolan parlak ýyldyzlar türkmen topragynda sportuň üçünji müňýyllykdaky ähmiýetine düýbünden başgaça, täzeçe, düýpli ähmiýet berilýändigine şaýatlyk edýär. Bu babatda biziň milli Liderimiz halk hakydasyny täzeden tirsegine galdyrmakda, geljekki nesilleri ýeňişlere ruhlandyrmakda bahasyna ýetip bolmajak hyzmatlar bitirdi.

Aşgabat Aziadasynda ýeňiş gazanan türkmen türgenlerine Ýurt Baştutanynyň derejesinde  mynasyp hormat goýulmagy, ýagny hormatly atlaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, täze ýeňil awtoulaglaryň, höweslendiriji pul baýraklarynyň, gymmat bahaly sowgatlaryň berilmegi biziň ýurdumyzda sözüň doly manysynda sporta dünýä derejesinde uly ähmiýet berilýändiginiň alamaty bolup ýaňlandy.  

Hormatly Milli Liderimiziň Aşgabat Aziadasyny geçirmek bilen äden bu aýgytly ädimi, amala aşyran uly böwsüşi diňe bir türkmen halkynyň şu günki we geljekki nesilleriniň ykbalynda uly öwrülişigi üpjün etmän, eýsem dünýä sportunyň many-mazmunynyň dost-doganlygyň, parahatçylygyň, hoşmeýilli gatnaşyklaryň dok dänelerine  öwrüljekdiginiň nyşanydyr. Aşgabat Aziadasyny geçirmek bilen ädilen bu aýgytly ädim sport älemini ýagtyldan we nurlandyran uly ädim bolup taryhda galar.

 

Agadurdy AKMYRADOW,
žurnalist.