Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe toýy-toýlara ulaşýan ýurdumyzyň her bir güni ýatdan çykmajak wakalara beslenýär.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň toýlanylýan günlerinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi şeýle ajaýyp wakalaryň biri boldy.
Biz hem Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşan Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň kätibi Amangeldi Annadurdyýew bilen gürrüňdeş bolduk we ýürek buýsançlaryny ýazga geçirdik.
– Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň demokratik sütünlerini pugtalandyrmak, ýurdumyzda asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan halk häkimiýetlilik ýörelgelerini berkarar etmek babatda uly işleriň durmuşa geçirilýändigini aýratyn bellemek gerek.
Hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde, ýurdumyzyň welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan wekilleriň, ýaşulularyň, kümüş saçly enelerimiziň gatnaşmaklarynda 2021-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Ruhyýet köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ýokarda aýdylanlaryň aýdyň subutnamasy boldy.
Il-ýurt bähbidine gönükdirilen bu syýasy çärede Arkadag Prezidentimiziň ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny alanyndan bäri geçen 30 ýylyň içinde ähli ugurlarda gazanylan uly ösüşler, üstünlikler baradaky anyk delillere esaslanýan çuň manyly çykyşy mejlisiň esasy özeni bolup, dabaraly, buýsançly el çarpyşmalara, ruhubelentlige eýe boldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatyna gatnaşyjylaryň dürli ulgamlarda amala aşyrylan işler, gazanylan üstünlikler barada eden çykyşlary hem uly goldawa eýe bolup, olar öz çykyşlarynda ýurdumyzda ähli pudaklaryň ösmegi üçin şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize uly buýsanç bilen alkyş sözlerini aýtdylar.
Munuň özi milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesine laýyklykda, halkymyzyň durmuş derejesiniň barha ýokarlanýandygyny, eziz Diýarymyzyň gülläp ösýändigini, ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülýändigini görkezýär.
Alym Arkadagymyzyň Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli «Garaşsyzlyk—bagtymyz!» atly kitabyny ýazandygy baradaky hoş habary mejlisiň dowamyndaky iň bir ajaýyp begendiriji wakalaryň biri boldy.
Mähriban Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde resminamalaryň birnäçesine gol çekdi. Olaryň hatarynda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky» Permana gol çekmegi bu çärä gatnaşyjylaryň kalbyny heýjana getirdi.
— Bu gün ýurdumyzyň her bir raýaty eşretli, bagtly durmuşda ýaşaýar, döredýär, gurýar, berkarar Watanymyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşýar. Munuň özi Arkadagly döwrümiziň beren peşgeşidir. Şeýle bolansoň, her birimiziň ýüregimiz hormatly Prezidentimize bolan alkyşdan püre-pür.
— Mejlise gatnaşyjylaryň «Arkadaga şöhrat!» diýip kalbynyň töründen çykýan buýsançly sözleri bir ýürek, bir ses ýaly bolup gaýtalamaklary milli Liderimiziň daşyna jebisleşen, berk binýatly agzybir türkmen jemgyýetiniň kemala gelendigini bütin dünýä äşgär etdi.
Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahaty halkymyzyň geljekki ösüş ýolunda uly ähmiýete eýe bolup, her bir raýatyň ykbalyna oňyn täsir eder.
Gahryman Arkadagymyzyň ýalkymly çagyryşyna jogap edip, «Öňe, diňe öňe, jan Watanym — Türkmenistan!» diýen watançylyk şygaryndan ruhlanyp, halkymyzyň zähmete bolan hyjuwy has-da artýar.
Öz agzybir, merdana, watansöýüji halkyny demokratik ýol bilen nurana geljege alyp barýan milli Liderimize çäksiz alkyş aýdýarys.
— Beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň!
Gürrüňdeşligi ýazga geçiren H. ÖWEZOW.