Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyz uly ruhubelentlik bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramyny agzybirlikde we giňden toýlady. Uludan tutylan toýuň dabarasy her birimizi buýsandyrdy, sebäbi, Garaşsyzlyk—ata-babalarymyzyň asyrlar boýy eden arzuwlarynyň hasyl bolmagy. Garaşsyzlyk—akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Berkarar döwlet islärin» diýip arzuw eden Türkmenistan döwleti. Garaşsyzlyk—göwünlerimiziň buýsanjy, ähli üstünliklerimiziň özenidir.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynda belent sepgitlere ýetildi. Ýurdumyzyň at-abraýy halkara derejesinde belende göterildi. Munuň şeýledigine, hormatly Arkadagymyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly täze kitabynda: «Biz dünýäniň dürli ýurtlary, abraýly halkara guramalary bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýduk, ösdürdik we ýene ösdürýäris. … Türkmenistan özünde abadançylygy üpjün etmek bilen, tutuş sebitde hem-de dünýäde diňe parahat durmuşyň höküm sürmegi üçin uly tagallalary edip gelýär» diýen çuň manyly sözleri hem güwä geçýär.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ata—babalarymyzdan miras galan kämil tejribeler esasynda kemala gelen, gadymy ýol-ýörelgelere esaslanýan saýlaw ulgamy hem kämilleşip, saýlawlary geçirmek boýunça baý iş tejribe toplanyldy. Saýlaw ulgamyny sanlylaşdyrmak we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmek babatynda hem oňyn netijeler gazanylýar.
Milli Liderimiz ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmelerde syýasy ulgamyň kämilleşdirilmegine, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli taraplarynyň demokratiýalaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Munuň özi biziň ýurdumyzda geçirilýän dürli görnüşli saýlawlarda milli demokratik ýörelgeleriň hem giňden dabaralanmagyna mümkinçilik berýär.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda geçirilen saýlawlaryň taryhy ýoluna ser salanymyzda, dürli görnüşli ählihalk saýlawlarynyň we sala salşyklaryň 28-synyň, şeýle hem ýurdumyzda bir sany göni däl (gytaklaýyn) saýlawlaryň, şunuň bilen birlikde saýlawlaryň jemi 29-siniň geçirilendigini görmek bolýar.
Has takygy,
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň jemi 5-si geçirildi:
1992-nji ýylyň 21-nji iýunynda;
2007-nji ýylyň 11-nji fewralynda;
2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda;
2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda,
2022-nji ýylyň 12-nji marty.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlarynyň jemi 6 çagyrylyşynyň saýlawlary geçirildi:
1994-nji ýylyň 11-nji dekabrynda;
1999-njy ýylyň 12-nji dekabrynda;
2004-nji ýylyň 19-njy dekabrynda;
2008-nji ýylyň 14-nji dekabrynda;
2013-nji ýylyň 15-nji dekabrynda;
2018-nji ýylyň 25-nji martynda.
Welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň jemi 7 çagyrylyşynyň saýlawlary geçirildi:
1992-nji ýylyň 6-njy dekabrynda;
1998-nji ýylyň 5-nji aprelinde;
2003-nji ýylyň 6-njy aprelinde;
2006-njy ýylyň 3-nji dekabrynda;
2010-njy ýylyň 5-nji dekabrynda;
2014-nji ýylyň 23-nji noýabrynda;
2018-nji ýylyň 25-nji martynda.
Geňeşleriň agzalarynyň jemi 8 çagyrylyşynyň saýlawlary geçirildi:
1993-nji ýylyň 27-nji iýunynda;
1998-nji ýylyň 5-nji aprelinde;
2003-nji ýylyň 6-njy aprelinde;
2006-njy ýylyň 23-nji iýulynda;
2009-njy ýylyň 26-njy iýulynda;
2012-nji ýylyň 20-nji awgustynda;
2015-nji ýylyň 16-njy awgustynda;
2018-nji ýylyň 25-nji martynda.
Şeýle hem ýurdumyzda ählihalk sala salşyklarynyň jemi 2-si geçirildi:
1991-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda;
1994-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda.
Şeýle-de, ýurdumyzyň parlamentiniň iki palataly ulgama geçmegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlary 2021-nji ýylyň 28-nji martynda göni däl (gytaklaýyn) saýlaw hukugynyň esasynda geçirildi.
Mundan başga-da, möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlar kanuna-laýyklykda we bellenilen möhletlerde geçirildi.Taryhy döwürde, ýagny 2013-nji ýyla çenli ýurdumyzda dürli derejeli saýlawlaryň hersiniň öz aýratyn kanuny bardy, şeýle-de sala salşyk hakynda, saýlaw hukugynyň kepillikleri hakynda, Merkezi saýlaw topary hakynda kanunlar hereket edýärdi.
Hormatly Arkadagymyzyň tabşyrygy, şeýle hem halkara guramalarynyň teklipleri esasynda, 2013-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi tassyklanyldy we şol ýylyň 1-nji iýulyndan güýje girdi.
Şeýlelikde, ýokarda bellenilip geçilen aýratyn kanunlaryň hemmesi birleşdirilip, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi döredildi. Ýurdumyzda hereket edýän Saýlaw kodeksi 92 maddadan we 18 bölümden ybaratdyr.
Şeýle-de, 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda kabul edilen «Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda, Saýlaw kodeksine «Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary» diýlen bölümine 18 madda, ýagny (501–5018 maddalardan ybarat täze VI1 bölüm) goşuldy.
Saýlawlary geçirmegiň halkara derejesinde ykrar edilen demokratik kadalaryny özünde jemleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi ýurdumyzda geçirilýän saýlawlaryň kanuny binýady bolup durýar.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň güýje giren gününden häzirki wagta çenli halkara we milli tejribelerden ugur alnyp, oňa jemi 8 gezek üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.
Saýlawlara we sala salşyklara taýýarlyk görmek we geçirmek bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň döwrebap kämilleşdirilmegi we oňa birnäçe üýtgetmeleriň we goşmaça-laryň yzygiderli girizilmegi, ýurdumyzda saýlawlaryň demokratik ýörel-geler esasynda guramaçylykly geçirilmegi üçin giň mümkinçilikleri döredýär.
Saýlawlar jemgyýetiň özboluşly aýnasydyr. Ýurtda geçirilýän islendik derejedäki saýlawlar ýa-da sala salşyklar jemgyýetiň dürli gatlaklarynda höküm sürýän ajaýyp sazlaşygyň, jebisligiň, agzybirligiň, asudalygyň derejesini görkezýän täsin ölçeg guralydyr. Islendik döwletiň syýasy durmuşyna şol ýurtda geçirilýän saýlawlaryň hili boýunça baha berilýär. Diýmek, saýlawlar döwletiň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda demokratiýanyň ýüze çykmagynyň esasy çeşmesi bolup, at-abraýynyň halkara derejesinde ýokarlanmagynda uly ähmiýete eýedir.
Saýlaw ulgamynyň kämilleşmegine uly üns berip, Türkmenistanyň halkyny demokratik ýol bilen bagtyýar geljege alyp barýan hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarys.
Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, mertebesiniň belent bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç almagyny arzuw edýäris.
Hekimberdi Öwezow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça
merkezi toparyň edarasynyň sekretar-referenti.