TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

HOŞ GELDIŇ, TÄZE, 2022-NJI — «HALKYŇ ARKADAGLY ZAMANASY» ÝYLY

Arkadag Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, bedew bady bilen bagtyýar geljege tarap  ynamly öňe barýan türkmen halky Täze ýyly «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny şatlyk-şowhun, ýagşy arzuw-umytlar bilen garşylady.

Täze arzuwlar, islegler, maksatlar bilen gadam basan ýylymyz her bir ojakda mübärek garşylandy.

Aslynda-ha, Täze ýyl maşgala baýramçylygy hasaplanylýar. «Maşgalam — baş galam» diýýän halkymyz hemişe-de maşgalany ähli zatdan öň­de tutýar. Maşgalanyň agzybirligi, jebisligi, bagtyýarlygy — ýurduň asudalygy, abadançylygy.

Biziň ýurdumyzda her ýyly mynasyp derejede atlandyrmak indi asylly däbe öwrüldi. Ine, görşümiz ýaly, täze — 2022-nji ýyl hem halkymyzyň biragyzdan goldamagynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edildi.

Gahryman Arkadagymyzyň daşyna jebislenen halkymyz  agzybirlikde Täze— 2022-nji «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny agzybirlikde garşy aldy. Ýy­lyň şeý­le aja­ýyp hem nu­ra­na at bi­len gel­me­gi bol­sa bi­ziň her bi­ri­mi­ziň ýü­rek­le­ri­mizde buý­sanç duý­gu­sy­ny dö­ret­di. Her bir ynsanyň kalbynda ata Wa­ta­ny­my­zyň ýe­ten belent de­re­je­si­ne, rowaçlyk­la­ryna bolan buýsanç ýüregiňi joşduryp, täze-täze eserleriň döremegine getirýär.

Maşgala ojaklarynyň her birinde bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz hem maşgala agzalary bilen Täze ýylyň garşylanýan pursatlarynda ata Watanymyzyň ösüşine bagyşlanan ajaýyp şygryny döretdi. Täze goşgusyny «Jan Watanym Türkmenistan!» diýip atlandyryp, ilki bilen ýakynlaryna — maşgala agzalaryna okap berdi. Mu­nuň özi ag­zy­bir­li­giň be­ýik nus­ga­sy­ny görkez­ýän bag­ty­ýar maş­ga­la­nyň Tä­ze ýy­ly uly ru­hu­be­lent­lik bi­len gar­şy­laýan­dy­gy­nyň aý­dyň be­ýa­ny­na öwrül­di.

Şeýle-de, milli Liderimiziň agtygy Kerim Täze ýyl baýramy mynasybetli ýene bir täze saz eserini döredendigini atasyna habar berip, döwrebap saz guralynda çalyp bermegi Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk halypa-şägirtlik mekdebiniň dowam edýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Şeýlelikde, mer­da­na hal­ky­myz Tä­ze ýy­la aý­dyň mak­sat­lar, uly ynam bi­len  ga­dam bas­dy. Mäh­ri­ban hal­kymy­zyň dö­re­di­ji­lik­li zäh­me­ti bilen döw­le­ti­mi­ziň kuw­wa­ty bar­ha artýar.

Arkadag Prezidentimiz Täze ýyl mynasybetli gutlagynda: «Nesip bolsa, biz merdana halkymyz bilen el-ele berip işläp, täze ýyly hem yhlasly zähmetimiz arkaly uly üstünliklere besläris. Ata Watanymyza belent buýsanjymyz, geljege berk ynamymyz, aýdyň maksatlarymyz bilen has uly sepgitlere ýeteris» diýip, öňdengörüjilik bilen belledi.

Şeýle-de, 2021-nji ýylyň 27-nji dekabrynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde döwlet Baştutanymyz öň­de durýan meýilnamalar barada aýdyp, ýurdumyzy syýasy taýdan döwrebaplaşdyrmak işiniň dowam etdiriljekdigini belledi. «Ata-babalarymyzyň müň­lerçe ýyl mundan ozal düýbüni tutup giden demokratiýasynyň esaslary ýolbaşçylaryň saýlawly bolmagydyr, her adamyň öz islegini erkin beýan edip bilmegidir. Şeýle hem söz azatlygynyň goralmagy we raýat jemgyýetiniň berkidilmegidir» diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Bu aýdylanlara esaslanyp, biz hem saýlaw toparlary bolup, geljekde ýurdumyzda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre bolan saýlawlaryň demokratik şertlerde geçirilmegi üçin öz gujur-gaýratymyzy gaýgyrman, tutanýerli zähmet çekeris.

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, Täze ýylda ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen maksatnamalarymyz, merdana halkymyzyň watansöýüjiligi, yhlasly zähmeti biziň her birimiziň gaýratymyza gaýrat goşar, eziz Diýarymyzy mundan beýläkde rowaçlyklara beslär we has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrar.

Goý, Täze, 2022-nji «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly hem ýurdumyz, halkymyz üçin düşümli, rysgal-bereketli, saglykly, üstünlikli ýyllaryň biri bolsun!

Watansöýüjiligiň belent nusgasyny görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, tutýan her bir tutumly beýik  işleriniň hemişe rowaç almagyny arzuw edýäris!  

 

Hekimberdi Öwezow, 
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek
boýunça merkezi toparyň edarasynyň sekretar-referenti