TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

ÖSÜŞIŇ TÄZE TAPGYRYNA BADALGA

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň täze taryhy eýýamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen oňyn özgertmeler amala aşyrylýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ösüşiniň ýokary derejesi, gazanan üstünlikleri, milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda eýelenen sepgitler hormatly Prezidentimiziň döwletli başlangyçlarynyň netijesidir.

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň her bir ýy­ly tä­ze sepgit­le­ri na­zar­la­ýar. «Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­mana­sy» diý­lip at­lan­dy­ry­lan 2022-nji ýy­la hem hal­ky­myz tä­ze ar­zuw-ni­ýet­ler bi­len ga­dam bas­dy. Bu ýy­lyň adyn­da üýt­ge­şik mä­hir­li­lik, ag­zy­bir­li­ge we je­bis­li­ge ça­gy­ryş bar.

«Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­mana­sy» ýyly şygary astynda geçjek ýylda döwletimiziň syýasy durmuşynda il-ýurt bähbitli möhüm wakalaryň birnäçesi bolar. Şolaryň biri hem 2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisidir.

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň täze ýyldaky ilkinji mejlisinde eden teklibi esasynda,  Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini 2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda geçirmek bellenildi. Sanly ulgam arkaly geçiriljek bu mejlis Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde, Ahal welaýatyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryndaky Ruhyýet köşklerinde geçiriler.

Halk Maslahatynyň mejlisiniň bu senede geçirilmeginiň çuň manysy bardyr. Halkyň saýlan Prezidenti öz halky bilen geňeşip, maslahatlaşyp, ýurduň bagtyýar geljegini nazarlaýar.

Eziz Diýarymyzda milli Liderimiz ýurdumyzyň dünýä ösüşi bilen aýakdaş gitmegini üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri giňden ýaýbaňlandyrdy. Bu özgertmeler iňňän oýlanyşykly syýasaty ýöretmegi talap edýär. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz her bir tutumly işiň başyny başlanda halkymyzyň baý durmuş tejribesine daýanmaga uly ähmiýet berýär.

Hormatly Prezidentimiziň: «Paýhas çeşmesi» atly çuň manyly eserinde «Ge­ňeşene giň dünýä» diýip belleýşi ýaly, ata-babalarymyz halkyň bähbidine amala aşyrylýan her bir işiň halk bilen maslahatlaşylyp çözülmeginiň tarapdary bolupdyrlar. Elbetde, ge­ňeşli başlanylýan işiň rowaçlyklara beslenýändigini Garaşsyzlyk ýyllarynda milli Liderimiz tarapyndan amala aşyrylan işler hem aýdyňlygy bilen subut edýär.

«Hal­kyň Ar­ka­dag­ly zama­na­sy» ýy­ly­nyň 11-nji few­ra­lyn­da  ge­çi­ril­jek Türkme­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şiniň Halk Mas­la­ha­ty­nyň nobat­dan da­şa­ry  mej­li­sin­de 2021-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemlerini jemlemek, şeýle hem il-ýurt yk­ba­ly­na da­hyl­ly, ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň ösüş ba­dy­na  tä­ze­çe tiz­lik ber­jek aja­ýyp çöz­güt­le­riň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda, olaryň çykyşlary we teklipleri esasynda ara alnyp maslahatlaşylyp ka­bul edil­jek­di­gi has-da be­gen­dir­ýär. Hor­mat­ly ­Pre­zi­den­ti­mi­ziň 27-nji ýanwarda Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Masla­ha­ty­nyň no­bat­dan da­şa­ry mej­li­si­ne taý­ýar­lyk gör­mek bo­ýun­ça ge­çi­ren iş mas­laha­tyn­da­ky aý­dan­la­ry hem şeý­le diý­mä­ge esas ber­ýär. ­

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň şol mej­lis­de bel­leý­şi ýa­ly, biz Garaşsyz döwletimiziň ykbaly, nesillerimiziň geljegi üçin uly jogapkärçilik çekýäris. Şoňa görä-de, häzir biziň öňümizde şeýle uly wezipeler durýar: biz döwletimizi we onuň institutlaryny geljek 30 ýylda ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemelidiris we düzmelidiris.  

Täze eýýamda milli Liderimiziň baştutan­ly­gyn­da ge­çi­ril­jek Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Geňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­dan da­şa­ry  mej­li­sin­de  ýur­du­my­zy  2022 — 2052-nji ýyl­lar­da sy­ýa­sy, durmuş-yk­dy­sa­dy we me­de­ni taý­dan ös­dür­me­giň esa­sy  ugur­la­ry­na,  döw­le­ti­mi­ziň we jem­gy­ýe­ti­mi­ziň dur­muşy­na de­giş­li beý­le­ki wa­jyp me­se­le­le­re ga­ra­lyp,  tary­hy çöz­güt­ler ka­bul edi­ler. Bu bol­sa gürrüňi edilýän jemgy­ýet­çi­lik-syýasy çä­rä  bo­lan gy­zyk­lan­ma­ny has-da art­dyr­ýar.

«Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­lyn­yň esa­sy jem­gy­ýet­çi­lik wa­ka­sy­na öw­rül­jek Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Masla­ha­ty­nyň no­bat­dan da­şa­ry mej­li­si demokratiýanyň dabaralanýan ýurdy bolan ata Wa­ta­ny­my­zda mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bo­lar. Şeýle-de, eziz Diýarymyzyň   mun­dan beý­läk-­de has­-da gül­läp ös­me­gi­ne badalga be­rer.

Goý, eziz Watanymyzy ösüşleriň röwşen ýoly bilen öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! Il-ýurt bäh­bit­li, umu­ma­dam­zat äh­mi­ýet­li, tu­tum­ly iş­le­ri rowaç alsyn.

 

Hekimberdi Öwezow, 
Türkmenistanda  Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça
merkezi toparyň edarasynyň sekretar-referenti.