TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ SAÝLAWLARY: JEMLER, SANLAR

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň 2022-nji ýylyň 12-nji fewralynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 86-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny 2022-nji ýylyň 12-nji martynda, şenbe güni geçirmek bellenildi.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar 2022-nji ýylyň 13-nji fewralynda geçirilen mejlisinde saýlaw möwsüminiň 2022-nji ýylyň 14-nji fewralyndan başlanýandygyny yglan etdi.

Saýlawlarda ses bermegi geçirmek üçin, ýurdumyzda saýlaw uçastoklarynyň jemi 2618-si döredildi, şol sanda:

Ahal welaýatynda        364-si;

Balkan welaýatynda     272-si;

Daşoguz welaýatynda  523-si;

Lebap welaýatynda      559-sy;

Mary welaýatynda        549-sy;

Aşgabat şäherinde    310-sy,   şeýle-de, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň (konsullyk edaralarynyň) ýanynda hem 41-si döredildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary  dünýäniň we ýurdumyzyň jemgyýetçiliginiň synçy nazarynda boldy.

Ýurdumyzda hereket edýän syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary, raýatlar toparlary we dalaşgärleriň özleri tarapyndan milli synçylaryň  2726-sy hödürlenildi, şol sanda:

Ahal welaýatynda         389-sy;

Balkan welaýatynda     297-si;

Daşoguz welaýatynda  549-sy;

Lebap welaýatynda       581-si;

Mary welaýatynda        581-si;

Aşgabat şäherinde 329-sy Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynda bellige alnyp, olara degişli şahsyýetnamalar gowşuryldy.

Syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary, raýatlar toparlary we dalaşgärler tarapyndan hödürlenen milli synçylar:

Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan  544-si;

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler  partiýasyndan 355-si;  

Türkmenistanyň Agrar partiýasyndan  390-sy;

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklaryndan  520-si;

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginden  290-sy;

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyndan 525-si;

Raýatlar toparlaryndan  84-si;

Dalaşgärler tarapyndan bolsa 18 synçy hödürlenildi.

Saýlawlaryň ähli tapgyrlaryna syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary, raýatlar toparlary we dalaşgärler tarapyndan bellenilen milli synçylar syn etdiler. Şeýle hem saýlawlaryň demokratik esasda geçirilişine syn etmek üçin Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan, şol sanda Russiýa Federasiýasyndan, Belarus, Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan, Azerbaýjan, Ermenistan, Gyrgyz Respublikalaryndan, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetinden, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Türki Döwletleriň Guramasyndan, Türkiýeden, Eýran Yslam Respublikasyndan  halkara synçylarynyň 75-si Türkmenistana geldi.  Olar  saýlawlara taýýarlyk işleri, öňünden ses bermek we saýlawlar güni ses bermegiň geçişi bilen tanyşdylar.

Milli synçylaryň  47,76 %  göterimi  zenanlardyr.

Milli synçylaryň  54,33 %  ýokary, 31,99 %  ýörite orta, 13,68 % orta bilimli adamlardyr.

Ýaşlary boýunça milli synçylaryň 30,05 %  30 ýaşa çenli, 29,60 % 30-dan 40 ýaşa çenli, 21,24 % 40-dan 50 ýaşa çenli, 19,11 %  50 ýaşdan uly adamlardyr.

Saýlaw toparlary üçin zerur bolan resminamalaryň we beýleki maddy-enjamlaýyn serişdeleriň hemmesi merkezleşdirilen görnüşde üpjün edildi.

Şonuň bilen birlikde, saýlawlara çagyryş häsiýetli wideo-rolikler taýýarlanyp, telewideniýe we radio ýaýlymlarynda halk köpçüligine ýetirildi.

Saýlawlara taýýarlyk işleriniň barşy köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňişleýin we yzygiderli beýan edildi. Saýlaw kanunçylygy, saýlawçylaryň saýlaw hukuklary hakynda teleýaýlymlarda yzygiderli söhbetdeşlikler guralyp, saýlawlaryň açyklykda we aýanlykda, demokratik esaslarda geçirilişi giňişleýin beýan edildi.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, Merkezi saýlaw toparynyň geçiren mejlisleri, kabul eden kararlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen halka aýan edildi. Şeýle hem ýurdumyzda geçirilen möhüm ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy çäräniň –   Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň aýanlykda, demokratik ýörelgeler esasynda geçirilişini habarlaryň, şekilli görnüşleriň, söhbetdişlikleriň üsti bilen  daşary ýurt köpçülilkleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri – «TASS», «Associated Press», «Frans Press», «NCA», «Reuters» agentlikleriniň, «TRT» teleradiokompaniýasynyň, «Mir-24», «TRT World» teleýaýlymynyň, «Turkmenistan.ru» internet gazetiniň, «Atavatan Türkmenistan» žurnalynyň we beýlekileriň habarçylary öz wagtynda halk köhçüligine ýetirip durdylar.

Ýurdumyzyň sanly ulgamy ösdürmek baradaky syýasatynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça Aşgabat şäherinde we welaýatlarymyzda döredilen saýlaw uçastoklarynyň ýüzlerçesinde wideo kameralar gurnaldy.

Şeýlelikde, saýlawlar güni, ýagny 2022-nji ýylyň 12-nji martynda şol saýlaw uçastoklarynda ses bermegiň geçirilişini sanly ulgam arkaly,  on-line tertibinde Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň  saylav.gov.tm atly web-saýtynda göni ýaýlymda raýatlar köpçüligine   «on-line» atly sahypada göni görkezildi.  

2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 44-nji maddasyna laýyklykda, syýasy partiýalar tarapyndan dalaşgärleriň 3-si hödürlenildi we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 46-njy maddasyna laýyklykda, raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan hem dalaşgärleriň    6-sy hödürlenildi. Dalaşgärlige hödürlenenler jemi 9 adam boldy.

Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärleriň 9-sy Merkezi saýlaw toparynda bellige alyndy we olara şahsyýetnama gowşuryldy. Ýagny:

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Berdimuhamedow Serdar Gurbangulyýewiç;

Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Bekmyradow Agajan;

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan «Wepaly gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň direktory Meredow Babamyrat Tirkeşowiç;

Ýurdumyzyň raýatlarynyň teklipçi  toparlary tarapyndan:

Lebap welaýatynyň maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktory Begenjow Perhat Guwançgulyýewiç;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Awaza» şypahanasynyň baş lukmany, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Gurbanow Berdimämmet Hanmämmedowiç;

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory Nunnaýew Hydyr Kakabaýewiç;

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap komitetiniň başlygy Ödeşow Maksat Myradowiç;

Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy Öwezgeldiýew Maksatmyrat Aşyrgeldiýewiç;

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň direktory Saryýew Kakageldi Atajanowiç Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça dalaşgär hökmünde bellige alyndylar.

Dalaşgärler öz maksatnamalary bilen   «Altyn asyr: Türkmenistan», «Miras», «Ýaşlyk», «Türkmenistan» teleýaýlymlarynda çykyş etdiler.

Saýlawlar gününden öň ses bermek 2022-nji ýylyň 2-11-nji marty aralygynda geçirildi we 275603 saýlawçy ýa-da saýlawçylaryň 7,97 göterimi  ses berdi.    

Ýurdumyzyň çäklerinde hasaba alnan 3.460.080 saýlawçydan 3.362.052 saýlawçy ýa-da saýlawçylaryň 97,17 göterimi  ses bermäge gatnaşdy. Has takygy:

Ahal welaýatynda 97,68 %,

Balkan welaýatynda 97,29 %,

Daşoguz welaýatynda 96,80%,

Lebap welaýatynda 97,13 %,

Mary welaýatynda 96,97 %,

Aşgabat şäherinde 97,51 %,

Daşary ýurtlarda 98,14 % ses berildi.

Saýlaw  uçastoklarynda ses bermek sagat 7-den 19-a çenli geçirildi.

Her iki sagatdan merkezi saýlaw toparyna gelip gowşan maglumata görä:

09-00-da  867182,    25,24 %,

11-00-da  1751472,  50,97 %,

13-00-da  2472635,  71,96 %,

15-00-da  2969653,  86,43 % ,

17-00-da  3204479,  93,26 % ,

19-00-da  3338372,  97,17 %  göterim saýlawçy ses berdi.

Daşary ýurtlarda saýlawçylaryň 23840-sy hasaba alnyp, şolardan 21678-si ses berdi.

Saýlawlarda 18 ýaşy dolan (ilkinji gezek ses berýän) ýaş saýlawçylaryň 98944-si hasaba alyndy.

Ses berilýän jaýdan daşarda (saglyk ýagdaýy sebäpli) ses berjek saýlawçylaryň 14609-sy hasaba alyndy.  

2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ses bermegiň netijeleri boýunça:

1. Begenjow Perhat Guwançgulyýewiç 2,02 %;

2. Bekmyradow Agajan 7,22 %;

3. Berdimuhamedow Serdar Gurbangulyýewiç 72,97 %;

4. Gurbanow Berdimämmet Hanmämmedowiç 2,22 %;

5. Meredow Babamyrat Tirkeşowiç 1,08 %;

6. Nunnaýew Hydyr Kakabaýewiç 11,09 %;

7. Ödeşow Maksat Myradowiç 1,15 %;

8. Öwezgeldiýew Maksatmyrat Aşyrgeldiýewiç 1,16 %;

9. Saryýew Kakageldi Atajanowiç 1,09 % ses aldylar.

Merkezi saýlaw toparynyň 2022-nji 14-nji martynda geçirilen jemleýji mejlisinde kabul eden karary esasynda we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 76-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ýurdumyzyň saýlaw hukukly raýatlarynyň sesleriniň 72,97 göterimini alan dalaşgär – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Berdimuhamedow Serdar Gurbangulyýewiç Türkmenistanyň saýlanylan Prezidenti diýlip ykrar edildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň  jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm taryhy ähmiýetli wakalaryň  biri bolan Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny guramaçylykly geçirmäge gatnaşan saýlaw toparlarynyň işjeň agzalarynyň sany 18 müňden gowrak adamdyr.

Ýurdumyzda saýlawlary mundan beýläk-de Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, demokratik ýörelgeler esasynda, hil taýdan ýokary derejede, köppartiýalylyk esasynda, giň bäsleşik şertlerinde, guramaçylykly geçirmek, raýatlarymyzyň saýlamak we saýlanmak hukuklaryndan peýdalanmaklary üçin ähli şertleriň döredilmegi üçin işlemek saýlaw toparlarynyň öňünde durýan  wajyp wezipedir.

 

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary 
geçirmek boýunça merkezi topar.