TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

JEMGYÝETI JEBISLEŞDIRÝÄN JEMGYÝETÇILIK GURAMALARY

Türkmen jemgyýetiniň gün-günden has kämil derejelere göterilmeginde, onuň dürli gatlaklarynyň arasynda emele gelen ajaýyp sazlaşygyň dowamat dowam bolmagynda ýurdumyzda hereket edýän jemgyýetçilik guramalarynyň durmuşa geçirýän işleriniň ähmiýeti örän uludyr. Jemgyýeti mäkäm jebisleşdirýän bu jemgyýetçilik guramalarynyň Türkmenistanda geçirilýän dürli görnüşli saýlawlar  mahalynda  alyp  baran netijeli  işleri aýratyn bellärliklidir. Şu gün biz Türkmenistandaky jemgyýetçilik guramalarynyň jogapkär işgärlerine ýüz tutup, şol guramalarda alnyp barylýan işler barada gürrüň bermeklerini haýyş etdik.

 

* * *

B.BAÝRAMOW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Döwlet edaralarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysy, geňeşiň başlygy, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň ýanyndaky  Milli synçylar bilen işlemek boýunça iş toparynyň agzasy:

 

 — Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary 1995-nji ýylyň 28-nji aprelinde döredildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary özüniň Tertipnamalaýyn wezipelerini yzygiderli berjaý etmek bilen, döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine, jemgyýetimizde nusgawy agzybirligiň, mäkäm jebisligiň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýar.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi Türkmenistanyň Mejlisi bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk saklap, döwletimizde durmuşa geçirilýän özgertmeleriň hukuk binýadyny has-da berkitmek boýunça netijeli işleri alyp barýar. Hususan-da, ýurdumyzyň kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň tejribeli hukukçylary milli Parlamentiň deputatlary bilen bilelikde kanunlary işläp taýýarlamak boýunça işçi toparynyň agzalary hökmünde täze kanunlaryň taslamalaryny işläp taýýarlamaga gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi ýurdumyzda geçirilýän saýlawlarda özüniň milli synçylaryny belläp, saýlawlaryň açyklyk, aýdyňlyk hem-de aýanlyk ýagdaýynda geçirilişine syn etmäge gatnaşýar. Milli synçylaryň tejribelerini artdyrmak boýunça milli synçylar bilen yzygiderli okuw maslahatlary geçirilýär. Saýlaw möwsüminde geçirilýän okuw maslahatlarynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar tarapyndan taýýarlanan düzgünnamalardyr ýatlamalar, gollanmalar bilen giňişleýin tanyşdyrylyp durulýar. Şeýle hem 2013-nji ýylda kabul edilen Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, saýlaw toparlarynyň düzümlerine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň pudaklaýyn Geňeşleriniň hem-de çäk birleşmeleriniň jogapkär işgärlerinden we işjeň agzalaryndan ybarat wekiller hem hödürlenilýär. Bu bolsa geçirilýän saýlawlaryň demokratik ýörelgeler esasynda, açyklyk hem-de aýdyňlyk ýagdaýynda geçmegine özüniň oňyn täsirini ýetirýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň düzümi pudaklaýyn kärdeşler arkalaşyklaryndan, çäk birleşmelerinden ybarat bolup, onuň ilkinji guramalary döwletimiziň ykdysadyýetine degişli ähli edara-kärhanalarda, guramalarda, daýhan birleşiklerinde, ylym-bilim edaralarynda işjeň hereket edýär.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň işewürleriniň işjeňligini ýokarlandyrmak, olaryň jemgyýetçilik işine bolan höwesini artdyrmak babatynda döredijilik gözlegleri yzygiderli dowam etdirilýär. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan tassyklanylan düzgünnama boýunça pudaklaýyn kärdeşler arkalaşyklarynyň Geňeşleriniň we çäk birleşmeleriniň hünärmenleriniň hem-de işewürleriniň hünär derejelerini döwrebap kämilleşdirmek, şeýle hem birek-biregiň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek maksady bilen, ýerlerdäki göreldeli we öňdebaryjy edara-kärhanalaryň ilkinji guramalarynda okuw maslahatlary yzygiderli geçirilýär. Şol okuw maslahatlarynda tejribeli hukukçylar, zähmet howpsuzlygyny goramak boýunça tehniki gözegçiler, hasapçylar, medeni-köpçülik we sport çärelerini gurnaýjylar tarapyndan Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan adyl hem-de aýdyň syýasatyny wagyz-ündew etmek, ýurdumyzyň zähmet kanunçylygyndaky täzelikler, edara-kärhanalarda zähmet howpsuzlygyny üpjün etmegiň netijeliligini gazanmak, kärdeşler arkalaşyklarynyň guramalarynda maliýe hasabatyny dogry we dürs ýöretmek ýaly meseleler boýunça maslahatlar, düşündirişler berilýär.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary ýurdumyzda geçirilýän milli baýramçylyklar mynasybetli syýasy-jemgyýetçilik, medeni we sport çärelerini yzygiderli gurnap, olara öz agzalarynyň köpçülikleýin gatnaşmaklaryny ýola goýýarlar. Halal, döredijilikli zähmet çekýän öňdebaryjy işgärler kärdeşler arkalaşyklarynyň sowgatlary, Hormat hatlary bilen yzygiderli sylaglanylyp durulýar.

Mundan başga-da, hünär baýramçylyklary mynasybetli degişli ministrlikler we edara-kärhanalar bilen bilelikde, “Ýylyň mugallymy”, “Ýylyň terbiýeçisi”, “Ýylyň göreldeli lukmany”, oba hojalyk işgärleriniň arasynda “Ýylyň kärendeçisi”, “Ýylyň mehanizatory”, gurluşyk pudagynda “Ezber gurluşykçy”, ykdysadyýet toplumynda “Ýylyň ykdysatçysy” ýaly hünär bäsleşikleri, şeýle hem nebitgaz pudagynda “Nebitgaz baýlygym, hazyna genjim, waspyň etsin diller saňa buýsanjym” atly döredijilik bäsleşiklerini geçirmek özboluşly däbe öwrüldi. Bu bäsleşikler bolsa, hünär ussatlygyny ýüze çykarmaga, tejribeli hünärmenleriň tejribelerini edara-kärhanalarda mynasyp ýaýratmaga, halypaçylyk hereketini ýaýbaňlandyrmaga, ýaşlary döredijilikli zähmete höweslendirmäge we ugrukdyrmaga uly mümkinçilikleri döredýär.

Zyýanly endiklerden daşda durmak we sagdyn durmuş ýörelgelerini ilatymyzyň arasynda ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işlere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary tarapyndan aýratyn uly üns berilýär. Beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň we degişli ministrlikleriň wekillerinden düzülen toparlar edara-kärhanalarda, okuw mekdeplerinde, welaýatlarda, etraplarda, obalarda hem-de serhet ýakalarynda düşündiriş we wagyz işlerini üstünlikli amala aşyrýarlar. Bu geçirilýän işler ilatymyzyň, esasan hem ýaşlarymyzyň beden hem-de ruhy taýdan sagdyn bolmaklaryna getirýär.

Hormatly Prezidentimiziň adam hakdaky edýän aladalaryndan ugur alyp, kärdeşler arkalaşyklarynyň guramalary agzalaryň zähmetiniň, saglygynyň we abadançylygynyň goragynda durmak işlerini özleriniň esasy ugurlarynyň biri hasaplaýar. Şu nukdaýnazardan, zähmet adamsynyň we maşgala agzalarynyň häzirki zamanyň talaplaryny kanagatlandyrýan şertlerde dynç almaklary hem-de saglyklaryny dikeltmekleri üçin Hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallalarynyň netijesinde, häzirkizaman bejeriş enjamlary bilen üpjün edilen ýurdumyzyň şypahanalary uly mümkinçilikleri döredýär. Bulardan başga-da, Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde Gökdere jülgesinde açylyp ulanylmaga berlen tomus we gyş pasyllarynda hereket edýän 150 orunlyk “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” atly çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezine, şeýle hem “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagyndaky Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň 2010-njy ýylda gurlup ulanylmaga berlen ulular we çagalar üçin 400 orunlyk “Daýanç” sagaldyş merkezine kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalary we olaryň çagalary ýeňillikli ýollanmalar bilen yzygiderli üpjün edilýär.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary tarapyndan ýurdumyzda durmuşa geçirilýän netijeli işler her bir türkmen raýatynyň syýasy işjeňliginiň artmagyna, hünär derejesiniň kämilleşmegine oňyn täsir edýär. Munuň özi kämil türkmen jemgyýetindäki agzybirligiň, sazlaşygyň döwrüň talabyna laýyk derejede saklanmagy üçin zerur şertleri döredýär.

 

* * *

G.KADYROWA,

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň Guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň hünärmeni, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň ýanyndaky  Milli synçylar bilen işlemek boýunça iş toparynyň agzasy:

 

— Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi Türkmenistanyň köpçülikleýin jemgyýetçilik birleşiginiň biri bolup durýar. Ol 1992-nji ýylda döredildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi özüniň düzümine dürli hünärli we dürli ýaşly zenanlary birikdirýär. Ýurduň bäş welaýatynda, Aşgabat şäherinde, etraplarda we şäherlerde ilkinji zenanlar guramasy döredildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň ähli dürli taraplaýyn işleri zenanlaryň raýatlyk düşünjelerini oýarmaga, olaryň biziň jemgyýetimizdäki sosial işjeňligini ýokarlandyrmaga, zenanlara durmuş hukuk ýardamyny bermäge, maşgala durmuş kömegini bermäge, eneleri we çagalary goramaga, zenanlaryň hünär, fiziki, ruhy we intellektual geljegini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi beýleki iri jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, demokratik özgertmeleriň, durnukly ösüşleriň kepili bolan ýurdumyzdaky saýlawlara  işjeň gatnaşýar.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi ilatyň arasynda hukukçylaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi bilen tanyşmakda we Türkmenistanyň Konstitutsiýasyny wagyz-nesihat etmekde uly işler alyp barýar. Bu çäreler zenanlaryň hukuk medeniýetini ýokarlandyrmaga, raýatlyk jogapkärçiligini artdyrmaga, borçlaryň hukuk taýdan berkidilmegine, şonuň bilen birlikde zenanyň jemgyýetiň ösüşinde özüniň ornuny tapmagyna, ukybyny açmaga doly mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň bellän milli synçylary saýlaw möwsüminde raýatlaryň iň möhüm syýasy hukuklarynyň, ýagny olaryň saýlamaga we saýlanmaga bolan hukuklarynyň berjaý edilişine, saýlawlaryň aç-açanlyk aýdyňlyk ýagdaýda amala aşyrylyşyna syn edýärler.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi ýurdumyzda döredilýän dürli derejeli saýlaw toparlarynyň düzümine wekilleri hödürlemek işlerine hem işjeň gatnaşýar.   

Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň” ýylynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, maşgala mukaddesligini berkitmek, sagdyn nesilleri kemala getirmek maksady bilen, orta mekdepleriň okuwçy gyzlarynyň arasynda saglyk meseleleri barada söhbetdeşlikler, sportuň dürli görnüşleri boýunça “Sagdynlyk-gözellik” atly sport bäsleşiklerini geçirýär.

Zenanlar birleşiginiň işewürleri ýurdumyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän işjeň zenanlarynyň gatnaşmagynda “Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goramak hem wagyz etmek we çaga iýmit önümlerine bildirilýän talaplar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň esasy düzgünlerini düşündirmek maksady bilen, önümçilikde zähmet çekýän zenanlaryň arasynda “Sagdyn nesil”, “Sagdyn enelik” atly maslahatlar geçirýärler.

Watanymyzyň hem halkymyzyň öňünde guwandyryjy işleri bitirýän zenanlaryň arasynda geçirilýän “Ýylyň zenany” bäsleşigi zenanlaryň önümçilige we ýurduň syýasy, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagyna, zenanlaryň başarnygyny we ukybyny açmaga ýardam berýär.

* * *

D. ATAÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň ýanyndaky  Milli synçylar bilen işlemek boýunça iş toparynyň agzasy:

 

— Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ýurdumyzyň özbaşdak, meýletin jemgyýetçilik guramasydyr. Türkmen ýaşlarynyň erk-isleginiň goragynda durýan, öz maksatlaryny erkin amala aşyrýan, umumy döwlet bähbitlerini ileri tutýan, Watanyň hyzmatyna berlen wepaly ýaşlaryň guramasy bolup durýar.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy saýlaw toparlarynyň düzümine wekilleri hödürleýär we milli synçylary belleýär, şeýle hem milli synçylar bilen duşuşýar we düşündiriş işlerini geçirýär hem-de Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topary bilen bilelikde degişli işler alyp barýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýar ýaşlary ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, röwşen geljegimiziň hatyrasyna amala aşyrylýan beýik işlere gowy okamak, çuň bilim almak we hünär öwrenmek bilen jogap berip, Watanymyzyň mynasyp ogul-gyzlary bolmaga çalyşýarlar. Mähriban halkymyzyň, berkarar Watanymyzyň beýik geljegi üçin okamak, öwrenmek ýaşlaryň mukaddes borjudyr. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ýaşlary watansöýüjilik, halallyk ruhunda terbiýelemek, olaryň giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli, sagdyn-bedenli, ruhy taýdan arassa, kämil düşünjeli bolup ýetişmekleri ugrunda giň gerimli işleri durmuşa geçirýär.

1991-nji ýylyň 16-njy noýabrynda ýurdumyzyň öňdebaryjy ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda döredijilik gurultaýy geçirilip, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy döredildi we Tertipnamasy kabul edildi, şeýle hem hasabat döwründe 5 gurultaýy bolup geçdi.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen:

  •  2013-nji ýylda Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda Türkmenistanyň kanuny;
  • 2015-nji ýylda Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015-2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy we şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriniň meýilnamasy;
  • 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasynyň täze rejelenen görnüşi kabul edildi.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň  Aşgabat şäherinde, 5 welaýatda, 14 şäherde, 54 etrapda geňeşleri hereket edip, olarda guramanyň esasy maksatlary şulardan ybaratdyr:

- Türkmenistanda durmuş-ykdysady, ylym-bilim, medeniýet we sungat ulgamlarynda durmuşa geçirilýän maksatnamalara, döwlet, jemgyýetçilik, halkara ähmiýetli çärelere ýaşlaryň işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak we  hususy başlangyçlara goldaw bermek;

- Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine goldaw bermek;

- Ýaşlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, hukuk bozulmalary duýdurmak, arakhorlugyň, çilimkeşligiň, neşekeşligiň, jenaýatçylygyň öňüni almak;

- Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny ýaşlaryň arasynda wagyz etmek;

- Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, ýaş ýetginjekleriň döredijilige, sungata bolan höwesini artdyrmak;

- Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ata Watana wepaly, sagdyn hem sowatly, erjel hem tutanýerli, ýaramaz nogsanlyklardan daş durjak kämil nesilleri ýetişdirmek;

- Ýaşlaryň watançylyk, ynsanperwerlik, agzybirlik duýgularyny kämilleşdirmek;

- Ýaşlary watansöýüjüligiň belent ruhunda, ýokary ahlakly, sporta, sagdyn durmuş ýörelgelerine wepaly, däp-dessurlarymyza, mirasymyza aýawly garamak ruhunda terbiýelemek.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan ylmy işler boýunça bäsleşik, Gulbaba adyndaky Çagalar baýragy, “Iň eýjejik gyzjagaz”, “Merdana nesil”, “Talyp joşguny”, “Talyp gözeli”, “Çeper keşp”, “Gerçek ýigit”, “Zehin bäsleşigi”, “Berkarar döwletiň   ylham joşguny”, “Bagtyýarlyk döwrüniň ezber gözeli”, “Ýylyň parlak  ýyldyzy” atly bäsleşikler geçirilýär. Ýurdumyzyň Watana wepaly, zehinli ýaşlary Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy bilen sylaglanylýar. 

Ýurdumyzyň Ýaşlar guramasy Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň alyp barýan ynsanperwer, adalatly we parahatsöýüjilikli daşary syýasatyny hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan, “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunyndan we beýleki Türkmenistanyň kanunçylygyndan, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň gatnaşmagynda baglaşylan halkara şertnamalaryndan we ylalaşyklaryndan, Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň Maksatnamasyndan we Tertipnamasyndan gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen, öz ygtyýaryna degişli meseleler babatynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde halkara jemgyýetçilik guramalary bilen hyzmatdaşlyk edip, halkara gatnaşyklary hem-de aragatnaşyklary amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda Ýaş alymlar merkezi döredildi.

BMG-niň ilat Gaznasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň bilelikdäki ylalaşygy esasynda, Ýaşlar merkezi açyldy. Ýaşlar merkeziniň işi 15-24 ýaş aralykdaky ýaş ýetginjeklere gönükdirilendir. Ýaşlar merkeziniň açylmagynyň esasy maksady  ýetginjekleriň sagdyn durmuş ýörelgeleri we nesil saglygy boýunça wagyz-nesihat işlerini geçirmekligi üpjün etmekdir.

Şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda Çagalar gaznasy hem döredildi. Çagalar gaznasy howandarlyk ediji gurama bolup, hossarlarynyň ideginden mahrum bolan we ýetimler öýünde hem-de mekdep-internatlarynda terbiýelenen çagalara, şeýle-de maýyp çagalara we bosgunlaryň çagalaryna kömek berýär. Şeýle-de, Çagalar gaznasy zehinli çagalara hem ýardam edip, olaryň başarnyklaryny ösdürmäge çalyşýar hem-de öz başarnyklaryny üstünlikli görkezen jemgyýetçilik taýdan ejiz bolan maşgalanyň çagalaryna hak tölemek ýaly maliýe kömegini berýär.

 

Söhbetdeşligi ýazga geçiren Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň edarasynyň baş hünarmeni,
Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň ýanyndaky Milli synçylar bilen işlemek boýunça iş toparynyň agzasy
Maksatmyrat GELDIÝEW.