2022-nji ýylyň 12-nji martynda ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçirildi. Saýlawlar guramaçylykly, saýlawçylaryň ýokary işjeňligi ýagdaýynda geçdi.
Saýlawlarda ses bermek üçin saýlaw uçastoklarynyň jemi 2618-si, şol sanda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň ýanynda 41-si döredildi.
Saýlaw kodeksine laýyklykda, dalaşgärlige hödürlemek hukugy syýasy partiýalara, şeýle hem raýatlaryň toparyna degişlidir.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 44-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça dalaşgärleri hödürlemek möwsümi 2022-nji ýylyň 14-21-nji fewraly aralygynda dowam etdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça syýasy partiýalar tarapyndan dalaşgärleriň 3-si, raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan bolsa 6-sy hödürlenildi we hödürlenilen dalaşgärleriň hemmesi, ýagny 9-sy hem bellige alyndy.
Has takygy:
1.Lebap welaýatynyň maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktory Perhat Guwançgulyýewiç Begenjow;
2.Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradow;
3.Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow;
4.Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Awaza» şypahanasynyň baş lukmany Berdimämmet Hanmämmedowiç Gurbanow;
5.Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan Türkmenistanyň «Wepaly gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň direktory Babamyrat Tirkeşowiç Meredow;
6.Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory Hydyr Kakabaýewiç Nunnaýew;
7.Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap komitetiniň başlygy Maksat Myradowiç Ödeşow;
8.Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy Maksatmyrat Aşyrgeldiýewiç Öwezgeldiýew;
9.Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň direktory Kakageldi Atajanowiç Saryýew dalaşgärlige hödürlenildiler.
Dalaşgärler 2022-nji ýylyň 15-nji -- 22-nji fewraly aralygynda bellige alyndy.
Bellige alnan dalaşgärleriň saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işleri 2022-nji ýylyň 21-nji fewralynda başlandy we 2022-nji ýylyň 10-njy martynda tamamlandy. Dalaşgärler Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda, Aşgabat şäherinde deň şertlerde saýlawçylar bilen duşuşdylar, öz maksatnamalary boýunça çykyş etdiler, saýlawçylary gyzyklandyrýan sowallara jogap berdiler.
Dalaşgärleriň hemmesine deň şertlerde wagyz-nesihat işlerini tölegsiz geçirmek mümkinçiligi döredildi. Dalaşgärler öz maksatnamalary boýunça deň derejede teleradio ýaýlymlarynda çykyş etdiler. Olaryň suratlary, terjimehallary, maksatnamalary merkezi gazetlerde türkmen we rus dillerinde çap edilip, okyjylara ýetirildi.
Ses bermegiň tertibini düşündirýän dürli görnüşli wideorolikler taýýarlanyldy we teleradio ýaýlymlarynda ilatyň dykgatyna ýetirilip duruldy.
Saýlawlaryň aýanlykda, açyk we demokratik ýörelgeler esasynda geçirilmegini gazanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň internet-saýtynda (saylav.gov.tm) saýlawlar baradaky habarlar ilatyň dykgatyna yzygiderli ýetirildi.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň «Türkmenistan: Altyn asyr» atly internet-saýtynda saýlaw möwsümi bilen bagly täzelikler we habarlar 3 dilde, ýagny türkmen, iňlis we rus dillerinde yzygiderli ýerleşdirildi.
Saýlawçylaryň deň şertlerde ses bermeklerini gazanmak maksady bilen, saýlaw uçastoklarynyň hemmesi bir nusgada taýýarlanylan kabinalar, saýlaw gutulary bilen üpjün edildi.
Uçastok saýlaw toparlary tarapyndan her saýlawça aýratyn çakylyk iberilip, ses bermegiň geçiriljek wagty we ýeri barada saýlawçylara öňünden habar berildi.
Saýlawlar güni öz ýaşaýan ýerinde bolup bilmejek saýlawçylara mart aýynyň 2-si -- 11-i aralygynda öňünden ses bermek mümkinçiligi döredildi hem-de ýurt boýunça saýlawçylaryň 7,97 göterimi öňünden ses berdi.
Saglyk ýagdaýy we beýleki sebäpler boýunça saýlawlar güni ses berilýän jaýa özbaşdak gelip bilmeýän saýlawçylaryň öýünde ses bermegi ýola goýuldy.
Saýlawlar köppartiýalylyk şertlerinde hem-de ählumumy, deň, göni, gizlin, erkin saýlaw hukugy we bäsleşik esasynda geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görmek we ony geçirmek bilen bagly ähli çykdajylar Türkmenistanyň Döwlet býujetinden maliýeleşdirildi.
Saýlawlaryň geçirilişine Türkmenistanyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik birleşikleri, raýatlar toparlary we dalaşgärler tarapyndan bellenilen milli synçylaryň 2726-sy syn etdi.
Saýlawlara Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan, Türki Döwletleriň Guramasyndan, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, şeýle hem Russiýa Federasiýasyndan, Azerbaýjan, Belarus, Ermenistan, Gazagystan, Gyrgyz, Özbegistan, Täjigistan Respublikalaryndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Türkiýe Respublikasyndan halkara synçylary syn etdiler.
Şonuň bilen birlikde hem halkara guramalarynyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň bellän halkara synçylary, bilermenleri saýlawlaryň demokratik esasda geçirilişi bilen tanyşdylar.
Synçylar toparynyň agzalary Türkmenistanda bolan mahalynda, olar üçin saýlaw baradaky kanunçylygyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde geçirilýän işler bilen jikme-jik tanyşmaga, saýlaw toparlarynyň agzalary, dalaşgärler, olaryň ynanylan adamlary we saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirmäge ähli mümkinçilikler döredildi. Umuman, synçylar toparlarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanda saýlawlaryň guramaçylykly, giň demokratik we bäsleşik esasynda geçirilendigini bellediler. Halkara synçylary saýlawlara saýlawçylaryň örän işjeň gatnaşandyklaryny hem aýratyn bellediler.
Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň Türkmenistanda işleýän we bellige alnan wekilleri saýlawlaryň geçirilişini beýan etmäge gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça saýlawçylaryň jemi 3 460 080-si hasaba alyndy.
Şeýle-de, şolardan 98944-si on sekiz ýaşyny dolduryp, ilkinji gezek ses berýän, 69090-sy ýetmiş ýaşdan ýokary ýaşuly, 14609-sy bolsa ýarawsyzlygy sebäpli ses berilýän jaýa özbaşdak gelip bilmeýän saýlawçylardyr.
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda Ahal welaýatynda 97,68%, Balkan welaýatynda 97,29%, Daşoguz welaýatynda 96,80%, Lebap welaýatynda 97,13%, Mary welaýatynda 96,97% we Aşgabat şäherinde 97,51% ses berdiler. Türkmenistan boýunça jemi 3 460 080 saýlawçydan 3 362 052-si ses berip, 97,17% gatnaşyk boldy.
Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary tarapyndan 2022-nji ýylyň 12-nji martynda sagat 7-den 19-a çenli aralykda saýlaw uçastoklarynyň 2618-siniň hemmesinde Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary kanuna laýyklykda geçirildi diýilip ykrar edildi.
Saýlawlara taýýarlyk işleri we onuň geçirilişi barada arza-şikaýatlar gelip gowuşmady.
12-nji martda agşam sagat 19-da saýlaw uçastoklarynda ses bermek tamamlanandan soň sesler sanaldy. Ses bermegiň netijelerine görä:
- Lebap welaýatynyň maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktory Begenjow Perhat Guwançgulyýewiç 2,02 %;
- Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Bekmyradow Agajan 7,22 %;
- Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Berdimuhamedow Serdar Gurbangulyýewiç 72,97 %;
- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Awaza» şypahanasynyň baş lukmany, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Gurbanow Berdimämmet Hanmämmedowiç 2,22 %;
- «Wepaly gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň direktory Meredow Babamyrat Tirkeşowiç 1,08 %;
- Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory Nunnaýew Hydyr Kakabaýewiç 11,09 %;
- Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap komitetiniň başlygy Ödeşow Maksat Myradowiç 1,15 %;
- Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy Öwezgeldiýew Maksatmyrat Aşyrgeldiýewiç 1,16 %;
- Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň direktory Saryýew Kakageldi Atajanowiç 1,09 % ses aldylar.
Merkezi saýlaw toparynyň 2022-nji ýylyň 14-nji martynda geçirilen jemleýji mejlisinde kabul eden karary esasynda we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 76-njy maddasyna laýyklykda, saýlawlarda ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň sesleriniň 72,97 göterimini alan dalaşgär Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Berdimuhamedow Serdar Gurbangulyýewiç Türkmenistanyň saýlanylan Prezidenti diýlip ykrar edildi.