TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

TÜRKMENISTANYŇ SAÝLAW KODEKSI WE TÄZE ÜÝTGETMELER HEM-DE GOŞMAÇALAR

Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistanda diňe bir syýasy, ykdysady, medeni-gumanitar we beýleki ulgamlarda däl, eýsem kanunçylygy kämilleşdirmekde, döwrebaplaşdyrmakda uly işler amala aşyrylýar. Munuň özi biziň ýurdumyza kanunçylyk babatda hem ösen dünýä bilen deň gadam urmaga mümkinçilik berýär.

2017-nji ýylyň 25-nji noýabrynda bolup geçen Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň nobatdaky maslahatynda hem käbir kanunlaryň kämilleşdirilmegi hem-de olara üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi bilen bagly meselelere seredildi. Şonda Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine hem käbir üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Has takygy, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji maddasynyň birinji bölegine «Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçirilýär.

Dolandyryş-çäk gurluşyň üýtgemegi bilen baglylykda halk maslahatynyň, Geňeşiň agzalarynyň saýlawlary başga möhletlerde hem geçirilip bilner» diýlen mazmunly tesimler goşuldy.

Şeýle hem Saýlaw kodeksiniň 32-nji maddasynyň birinji bölegiň üçünji we dördünji tesimleri «Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlarynda okrug saýlaw toparlary Merkezi saýlaw topary tarapyndan 9–11 agzadan ybarat düzümde döredilýär.

Etrapdaky şäheriň, şäherçäniň, geňeşligiň saýlaw toparlary degişli etrabyň, şäheriň saýlaw topary tarapyndan 7–11 agzadan ybarat düzümde döredilýär» diýlen görnüşde beýan edildi.

Mundan başga-da, şol maddanyň üçünji bölegi «Welaýat, etrap, şäher, şäherçäniň, geňeşligiň, okrug we uçastok saýlaw toparynyň ygtyýarlyk möhleti bäş ýyldyr» diýlen mazmunda beýan edildi.

38-nji maddanyň altynjy böleginde bolsa «altmyş» diýlen söz «ýetmiş» diýlen söz bilen çalşyryldy.

Saýlaw kodeksiniň 44-nji maddasynyň üçünji böleginden soň «Dalaşgär hödürlemek boýunça geçiriljek mejlisler, ýygnaklar barada öňünden degişli saýlaw toparlaryna habar berilmelidir» diýlen mazmunly täze bölek goşuldy.

Kodeksiň 45-nji maddasynyň birinji böleginiň dördünji tesimi «Geňeş agzalygyna dalaşgärleri syýasy partiýalaryň etrap, şäher guramalarynyň mejlislerinde, ilkinji guramalarynyň ýygnaklarynda hödürleýärler» diýlen görnüşde beýan edildi.

Mundan başga-da, şu maddanyň üçünji bölegi «Syýasy partiýalar özbaşdak ýa-da bilelikde Türkmenistanyň Prezidentligine diňe bir dalaşgär hödürläp bilýärler.

Syýasy partiýalar degişli guramalarynyň mejlislerinde, ýygnaklarynda ýa-da olaryň bilelikdäki mejlislerinde, ýygnaklarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, halk maslahatynyň, Geňeşiň agzalygyna birnäçe dalaşgär, ýöne her saýlaw okrugy üçin diňe bir dalaşgär hödürläp bilýärler.

Dalaşgäri bilelikde hödürlän syýasy partiýalaryň soňra şol okruga özbaşdak dalaşgär hödürlemäge hukugy ýokdur» diýlen görnüşde beýan edildi.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 48-nji maddasynyň ikinji bölegi bolsa, kämilleşdirilip «Dalaşgärleri bellige almak hakyndaky karar mejlisleriň, ýygnaklaryň dalaşgärleri hödürlemek baradaky teswirnamalary, teklipçi toparyň gol çekilýän kagyzçalary we dalaşgärleriň sese goýulmaga razydygy baradaky arzalary bar bolan mahalynda kabul edilýär» diýlen görnüşde beýan edildi.

Şeýle-de, 57-nji maddanyň dokuzynjy böleginiň sekizinji tesimindäki «öz eli bilen» diýlen sözler «el bilen» diýlen sözlere çalşyryldy.

Hususan-da, 85-nji maddanyň mazmuny bolsa «Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, halk maslahatynyň, Geňeşiň agzasy möhletinden öň çykyp giden halatynda degişli saýlaw okrugynda şu Kodekse laýyklykda täze saýlawlar geçirilýär.

Saýlawlary Türkmenistanyň Mejlisi şu Kodeksiň 4-nji maddasyna laýyklykda belleýär» diýlen görnüşde beýan edildi.

86-njy maddanyň ikinji böleginiň üçünji tesimi bolsa, Saýlaw kodeksinden aýryldy.

Kodeksiň 87-nji maddasynyň birinji bölegi «Eger-de dolandyryş-çäk gurluşyň üýtgemegi netijesinde degişli halk maslahatynyň, Geňeşiň düzüm sany Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyk gelmezligi bilen baglylykda öz işini amala aşyryp bilmese, onda degişli halk maslahatynyň, Geňeşiň agzalarynyň täze saýlawlary dolandyryş-çäk gurluşyň üýtgedilen gününden beýläk üç aýdan gijä goýman geçirilýär» diýlen mazmunda beýan edildi.

Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan girizilen bu üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň 2018-nji ýylyň 25-nji martynda boljak Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň guramaçylykly, demokratik ýörelgeler esasynda we halkara kadalaryna laýyklykda geçirilmegine özüniň oňyn täsirini ýetirjekdigine biz berk ynanýarys.

Merkezi saýlaw topary.