Merdana türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň, abadançylygynyň baýramy saýylýan Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni jemgyýetde milli jebisligiň, rowaçlygyň, berkararlygyň uly ähmiýete eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Agzybir halkymyz dana şahyryň pähim-paýhasa, watançylyga ýugrulan goşgularynda beýan edilen belent arzuwlarynyň hasyl bolan günlerinde ýaşaýar.
Hormatly Prezidentimiziň: «Türkmen halky beýik sungaty, nusgawy kadalary we gaýtalanmajak medeni mirasy bilen giňden tanalýar. Türkmen medeniýeti dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşdy. Biz medeniýet ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirmek, milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça işleri dowam etdireris» diýip, parasatlylyk bilen bellemegi türkmen medeniýetiniň dabaralanmasydyr.
Asyrlar boýy dowam edip gelýän ruhy gymmatlyklarymyza uly sarpa goýýan hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly ýolbaşçylygynda ata Watanymyzda her ýylyň iýun aýynyň 27-sine Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi uly dabara bilen döwlet derejesinde bellemek asylly däbe öwrüldi.
Şahyryň şygryýet baýramçylygynyň ýurt derejesinde 22-27-nji iýun aralygynda Mary welaýatynda uly şatlyk-şowhun bilen geçiriljek Medeniýet hepdeligi bilen utgaşmagynda uly many bar. Çünki, bu türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň ajaýyp bitewüligini, mäkäm sazlaşygyny aňladýan wakadyr.
Medeni maksatnamanyň çäklerinde her ýylda bu senä bagyşlanyp, dürli çäreler, şol sanda maslahatlar, sungat ussatlarynyň konserti, çeper filmleriň görkezilişi, ýurdumyzyň kino sungatynyň wekilleri bilen döredijilik duşuşyklary, sebitiň taryhy-medeni ýadygärliklerine gezelençler, usulyýet okuwlary guralýar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda soňky ýyllarda medeniýet ulgamyny has-da ösdürmek we ony kämilleşdirmek, şeýle-de bu ulgamyň işgärleriniň hünär derejesini, döredijilik başarnyklaryny ýokarlandyrmak işine aýratyn ähmiýet berilýär.
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz tarapyndan dowam etdirilýän Täze eýýamda Türkmen medeniýetiniň we sungatynyň hem-de edebiýatynyň gülläp ösmegi üçin ähli zerur şertler, giň mümkinçilikler döredilendir. Hut şonuň üçin-de biziň ýurdumyzda halkara derejesinde dürli mazmunly döredijilik çärelerini, medeniýet günlerini, medeniýet hepdeliklerini, festiwallardyr sergileri, konsertleri geçirmek özboluşly däbe öwrülip gitdi. Munuň özi ata Watanymyzyň dünýä döwletleriniň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilmegine uly goşant goşýandygyna şaýatlyk edýär.
Biziň ýurdumyzda her ýylyň 27-nji iýunynda medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň giňden bellenilmegi Türkmenistanda medeniýete we sungata, şeýle-de meşhur şahyryň akyl-paýhasyna, çuň pelsepewi dünýäsine, çeper döredijiliginiň güýjüne goýulýan uly hormatdan nyşandyr. Öz eserleri bilen gaýtalanmajak ruhy bitewüligiň emele gelmegine ýardam beren Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň bitewi millet hökmünde gutarnykly kemala gelmegine uly goşant goşan şahyrdyr. Onuň egsilmez akyl-paýhas ummanyna öwrülen eserleri türkmeniň milli medeniýetiniň, edebiýatynyň we sungatynyň binýatlyk sütünleriniň biri bolup hyzmat edýär.
Nusgawy şahyrymyz, şygyr sungatymyzyň şamçyragy, weli ynsan, döredijiligi pähim-parasada ýugrulan akyldar hem-de halkynyň hakyky durmuşy bilen ýaşan şahsyýetiň — Magtymguly Pyragynyň dürdäne setirleriniň halkymyzyň täze neslini watançylyk, ýokary ruhy-ahlak, adamkärçilik ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýetiniň hem örän uludygyny buýsanç bilen bellemek zerurdyr.
Magtymguly indi tas üç asyr bäri diňe bir türkmenleriň däl, eýsem dünýäniň dürli künjeklerinde söze sarpa goýup bilýän millionlarça ynsanlaryň aňynda, ýüreginde ýaşaýar. Şahyryň şygyrlary dünýäniň ençeme dillerine geçirilip, özbaşdak kitap hökmünde yzygiderli neşir edildi we edilýär.
Magtymguly barada meşhur gündogarşynas, edebiýatçy alym B.Bartold: «Türki halkyýetleriň arasynda Magtymguly ýaly milli şahyrly halk diňe türkmenlerdir» diýip ýazýar. Şunuň bilen baglylykda, akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň döredijiligi hemişe meşhur alymlaryň, edebiýatçylaryň ünsüni özüne çekip gelýär.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesow Magtymguly barada şeýle belleýär:
Ýöne bir uly däl, juda uly sen,
Dag ogly, dag şiri Magtymguly sen.
Şonuň üçin saýlap daşlaň ulusyn,
Ýasadyk biz senden dagyň ýagşysyn.
Akyldar şahyryň «Baryp, mesgen tutam sizi, daglar, heý» diýip, welilik bilen aýdan sözleriniň bu gün Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň ylhamynyň gudraty bilen hakykata öwrülýändigini uly buýsanç bilen aýtmak gerek. Indi beýik ynsanyň heýkeli paýtagtymyzyň günortasynda, gojaman Köpetdagyň eteginiň gözel künjeginde mesgen tutdy. Gahryman Ogluň beýik pelsepesine ýugrulan ol heýkel türkmeniň dag belentligindäki köňlünde Magtymguly Pyragynyň ebedi orun alandygyny beýan edýän baky eserdir.
Mälim bolşy ýaly, Gündogaryň beýik akyldar şahyry we filosofy, türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny 2024-nji ýylda bellemek meýilleşdirilýär. Hut şu sene mynasybetli asman bilen Zemin arasynda beýik ýadygärlik boljak tebigy belentlikde gurlan Pyragynyň bürünç heýkeliniň beýikligi 60 metr, binýadynyň beýikligi bolsa 25 metr bolar. Şeýle-de, bu ýerde medeni-seýilgäh toplumyny gurmak üçin hem 41 gektar meýdan ýer bölünip berildi. Häzirki wagtda bu künjekde alnyp barylýan işler bilen tanşanyňda, bu heýkeliň şahyryň özüniň nusgalyk şygryýeti ýaly ajaýyp we gözel boljakdygyna göz ýetirýärsiň. «Merkezi Aziýanyň merjeni» diýlip ykrar edilen, ýer ýüzüniň iň owadan hemde ýaşamak üçin amatly şäherleriniň biri hökmünde eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýan paýtagtymyzyň köp sanly gözel ýerleriniň hataryna Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumy hem goşular. Bu toplum 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik şahyrynyň hem-de filosofynyň 300 ýyllygynyň giňden baýram ediljek senesiniň hormatyna guraljak ägirt uly we giň gerimli dabaralaryň özboluşly başlangyjyna öwrüler.
Täze taryhy eýýamda ýurdumyzy ösüşleriň hem özgerişleriň aýdyň ýoly bilen röwşen geljege alyp barýan, medeniýetiň we sungatyň hak howandary hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!
Hekimberdi Öwezow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň sekretar-referenti.