TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

AGZYBIRLIGIŇ WE SAHAWATLYLYGYŇ BAÝRAMY

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň parasatly baştutanlygynda täze taryhy döwürde — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ilkinji ýyly bolan «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda eziz Diýarymyz şatlykly taryhy wakalara baý, toý-baýramlaryň mekanyna öwrülýär. Döwletli döwran bolup, yzly-yzyna gelýän baýramlarymyz biziň şowly gadamlarymyzdan, dowamly üstünliklerimizden — döwrümiziň ajaýyply-gyndan habar berýär. Taryhy wakalardan ruhlanyp, şanly seneleri mynasyp dabaralandyrýan mähriban halkymyz ýene bir şanly baýramy — Gurban baýramyny garşy alýar. Gurban baýramy külli musulman halklary bilen birlikde, türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda nesillerden-nesillere geçirilip, aýratyn sarpalanýan mukaddes baýramlarynyň biridir.

Türkmen halkynyň asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzy yzygiderli ösdürmek, sahawatlylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerimizi has-da ýokary derejelere çykarmak Arkadagly Serdarymyzyň döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Çünki, «Watan diňe halky bilen Watandyr!» diýýän Arkadagly Serdarymyz ildeşlerimiziň Gurban baýramyny has göwnejaý bellemegi üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredýär. Ýurdumyzda her ýyl giňden bellenilýän Gurban baýramynyň ýakynlaşmagy bilen, jemgyýeti üýtgeşik, ajaýyp ruhy ahwal gaplap alýar.

«Gur­ban» sö­zi arap sözi bo­lup, ýa­kyn dur­mak di­ýen ma­ny­ny aň­lad­ýar. Gur­ban baý­ra­my hem-de gur­ban­lyk hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş dur­mu­şy­na giň­den or­nan dü­şün­je­ler­dir.

Hal­ky­my­zyň mil­li däp­le­ri­ne si­ňen gur­banlyk barada Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň:

Aýyl, aşygym, aýyl,
Mejnun bol, halka ýaýyl,
Halyl ogly Ysmaýyl
Gurbandadyr gurbanda

— di­ýen şa­hy­ra­na se­tir­le­rin­de adam­zat üçin ter­bi­ýe­çi­lik äh­mi­ýe­ti uly  bo­lan Gurban baý­ramynyň dö­re­ýiş ta­ry­hy­na ser salsak, onda Yb­ra­ýym py­gam­be­riň we onuň og­ly Ys­ma­ýy­lyň be­ýik Bi­ri­ba­ryň ýo­lu­na ak ýü­rek­den be­ril­me­gi bi­len bag­ly­dyr. Başgaça aýdanymyzda, Ybraýymyň ogly Ysmaýylyň ölümden halas edilip, Allatagaladan gurban çalynmagynyň ýerine goç gelipdir. Şon­dan soňra her ýyl Ybraýymyň ogly Ysmaýylyň ölümden halas edilişi baýram edilip, Gurban baý­ra­my­nyň bel­le­nil­me­gi, gur­ban­lyk üçin mal so­ýul­ma­gy, sa­da­ka be­ril­me­gi mu­sul­man dün­ýä­sin­de  di­ni des­su­ra öw­rü­lip­dir.

Musulmanlaryň ynanjyna görä, gurban aýynyň altynjy gününden tä soňuna çenli dowzahyň gapylary bekli bolýar. Gurban baýramynyň öň ýanyndaky günde, ýagny Arafa güni agyz beklemek hem sogap hasaplanyl- ýar. Üç günläp dowam edýän bu mübärek baýramyň özüne mahsus däp-   dessurlary bar. Gurban baýramynyň birinji gününde baýram namazy okalandan soň Gurbanlyk kesilip, sadakalar berilýär, aýat-töwir okalýar. Beýik Biribardan iň gowy dilegler edilýär — ýurt parahatçylygy, il abadançylygy, maşgala agzybirligi, jan saglygy, rysgal-döwletlilik... Mümkinçiligi bolan adamlar gurbanlyk edýärler. Muhammet pygamber: «Gurban baýramy gününde gurbanlyk soýmak ýaly Alla ýakynlaşdyrjak başga bir iş ýokdur» diýipdir. Il içinde gurban­lyk bi­len bag­ly:  «Gurbanlyk, gurbanlyk, birje çebşim dermanlyk» diýlişi ýaly, hatda gurbanlyk çalnan malyň eti derman hasaplanypdyr. Adamlar birek-biregiňkä myhmançylyga barýarlar, öýke-kineler  unudylyp,  halal nygmatlardan iýip-içýärler, ýagşy doga-dilegler edýärler.

Gurban baý­ramy her bir yn­sa­nyň kalp gözel­li­gi­niň, sahawatlylygyň baý­ra­my­dyr. Gur­ban baý­ra­my­nyň aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň ýe­ne bi­ri bol­sa heniz gün dog­ma­zyn­dan öň gur­ban­şor edip, tä­miz­len­mek, tä­ze egin-eşik­le­ri ge­ýip, bu baý­ra­my kalp hem be­den päk­li­gi bi­len gar­şy­la­mak­dyr. Çün­ki be­de­ni­ňi, kal­by­ňy pä­ki­ze­läp, müm­kin­çi­li­gi­ňe gö­rä haj par­zy­ňy ber­jaý et­mek, on iki süň­ňüň bi­len ha­lal­ly­ga, päk­li­ge be­ril­mek ýa­ly, duý­gu­la­ry­ňy kä­mil­leş­dir­ýän dü­şün­je­ler bi­len bu baý­ra­my gar­şy­la­mak her bir yn­san üçin so­gap­dyr. Bilişimiz ýaly, halky­myz­da so­gap we ha­lal­lyk dü­şün­je­si bol­sa ah­lak gym­mat­ly­gy­dyr.

Hal­ky­myz­yň arasynda bu baý­ram bi­len bag­ly birnä­çe däp-des­sur­lar ýör­gün­li bo­lup­dyr. Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň gur­ban aýyn­da dün­ýä inen ça­ga­la­ra şol aýyň hor­ma­ty­na at dak­mak ýaly, öňden gelýän dä­bi hä­zir­ki gün­le­rde hem dowam edýär.  

Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan Gurban baýramy her bir   ynsanyň kalbyna päklik bagyş edýär. Gurban baýramynyň üç gününiň hem dynç güni diýip yglan edilmegi, bu baýramyň döwlet derejesinde uly senä öwrülmegi türkmen halkyny buýsandyrýar. Mil­li öwüş­gi­ne baý bo­lan Gur­ban baý­ra­my­nyň da­ba­ra­la­ry hal­ky­my­zyň toý däp-des­sur­la­ry­na goý­ýan hor­ma­ty­nyň ýo­ka­ry­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Her bir ynsanyň kalbyna şatlyk paýlaýan bu baýramda üç günläp hiňňildik uçmak däbi hem baýramçylyk dabarasyna özboluşly öwüşgin çaýýar. Ýaşlar hiňňildik uçýarlar, aýdym-sazlar ýaňlanýar... Bularyň ählisi asuda ýurdumyzda baýramçylyk joşgunyny, ýaşaýşyň lezzetini — gatnaşygy, agzybirligi, şadyýanlygy, ruhubelentligi döredýär.

Gurban aýynda ildeşlerimiziň ýüzlerçesi Mekge-Medinä zyýarata gidip, haj parzyny berjaý edip gelýärler. Hut şu ýyl hem Gurban baýramy mynasybetli, hormatly Prezidentimiziň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, haj parzyny berjaý etmek üçin watandaşlarymyzyň 275-si Saud Arabystany Patyşalygyna ugradylar. Munuň özi halkymyzda dini däp-dessurlarymyza, ruhy gymmatlyklarymyza aýratyn sarpa goýlup, şol däpleriň häzirki döwrüň ruhuna mynasyp derejede ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Külli musulman dünýäsiniň baýramy bolan Gurban baýramy günlerinde halkymyzyň agzybirligi, abadançylygy, eziz Diýarymyzyň berkararlygy, Gahryman Hajy Arkadagymyzyň, Arkadagly Hajy Serdarymyzyň ähli tutumlarynyň rowaçlygy üçin edilen doga-dilegleriňiz, ýagşy umyt-arzuwlaryňyz gudraty güýçli beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! Gur­ban baý­ra­my­ňyz gut­ly bolsun, eziz ildeşler!

                                 

Hekimberdi Öwezow
Türkmenistanda  Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň sekretar-referenti.