TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

HEMIŞELIK BITARAPLYK — PARAHAT DURMUŞYŇ KEPILI

Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz Merkezi Aziýa sebitinde ylalaşdyryjy merkez bolmak bilen, üçünji müňýyllykda dünýäniň dürli yklymlarynyň ýurtlarynyň arasynda hoşmeýilli, özara bähbitli gatnaşyklary, kämil hyzmatdaşlygy ýola goýýan döwletleriň birine öwrüldi.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolan Türkmenistan bu gün dünýäde ykdysady taýdan ösen döwletleriň hataryna goşuldy.

2015-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisiniň «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýy» rezolýusiýasyny biragyzdan kabul etmegi diňe bir türkmen halky üçin däl, eýsem, sebitiň hem-de dürli yklymlaryň halklary üçin hem örän uly ähmiýete  eýe  boldy. Dünýäniň iň iri halkara  guramasyna agza döwletleriň 193-siniň Türkmenistan Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny biragyzdan goldamagynyň özboluşly  manysy  bardyr. Munuň  özi biziň döwletimiziň Garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna we onuň çäkleriniň bitewüligine uly hormat goýulýandygyny ýene bir gezek Ýer ýüzüne bütin aýdyňlygy bilen äşgär etdi. Sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga gönüden-göni mümkinçilik berýän biziň hemişelik Bitaraplygymyz Ýer ýüzünde parahatçylygyň we dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine öz täsirini ýetirýär. Çünki, hemişelik Bitaraplyk diýmek  parahat durmuşyň kepili diýmekdir.

Biziň ýurdumyzyň halkara derejesinde täze hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagy Türkmenistanyň halkara  abraýynyň täze derejelere göterilendigini doly subsut edýär. Bu hukuk ýagdaýy dünýä döwletleriniň öňünde ýurdumyzyň öz üstüne birnäçe borçnamalary alýandygyny hem görkezýär.

Milli Liderimiziň öňdengörüji we adyl syýasatynyň maksady Birleşen Milletler Guramasy we beýleki ynsanperwer halkara guramalary bilen jebis hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr. Aşgabatda BMG-niň goldamagynda öz döwründe täjikara gepleşikleriniň ençemesiniň geçirilmegi ata Watanymyzyň goňşy döwletlerde hem parahat, asuda durmuşyň höküm sürmegi üçin özboluşly ylalaşdyryjy merkeze öwrülendigini subut edýär. Geçen ýüzýyllygyň 90-njy ýyllarynyň ahyrlarynda Owganystandaky gapma-garşylyklary kadalaşdyrmak boýunça Türkmenistanda geçirilen gepleşikleriň ähmiýeti hem örän uly bolupdy. Şeýle syýasatyň üstünlikli alnyp barylmagy  bolsa, Türkmenistany sebitde syýasy durnuklylygy gorap saklamakda we goldamakda, hoşmeýilli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, dost-doganlygy, hyzmatdaşlygy ösdürmekde BMG-niň ynamly, ygtybarly hyzmatdaşyna öwürdi. Hut şonuň üçin hem 2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açylypdy. Ýaňy-ýakynda bolsa, şol  Merkeziň açylmagynyň on ýyllygy mynasybetli, BMG-niň  Baş Assambleýasy “Birleşen Milletler  Guramasynyň Merkezi Aziýa  üçin sebit merkeziniň orny” atly rezolýusiýany  kabul  etdi. Bu rezolýusiýanyň kabul edilmegi häzirkizaman dünýäsinde sebitde ýüze  çykyp  biljek islendik çylşyrymly  meseleleriň öňüni almakda ýa-da  olaryň öz wagtynda  çözülmegini  gazanmakda hemişelik  Bitarap  Türkmenistanyň  ornuna BMG tarapyndan aýratyn  ähmiýet  berilýändigini ýene  bir gezek subut edýär.

Biziň ýurdumyz uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem aýratyn ähmiýet berýär. Soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistan diňe bir öz serhetdeş goňşylary bilen däl, eýsem sebitiň we dürli yklymlaryň döwletleri bilen özara bähbitli, deňhukukly jebis gatnaşyklary ykjam ýola goýdy. Şeýle hem Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk  derejesiniň döredýän mümkinçiliklerinden ugur alyp, sebitiň döwletleri bilen dürli mazmunly iri taslamalary üstünlikli amala aşyrmaga has işjeň gatnaşýar.

Bäş müň ýyllyk  üznüksiz taryhy bolan türkmen halkynyň häsiýetine sabyr-takatlylyk, dost-doganlyk, hoşmeýilli goňşuçylyk ýaly gymmatly ahlak sypatlary siňdirilendir. Biziň Bitaraplygymyzda hem milletimiziň müňýyllyklardan gözbaş alýan şol pähim-paýhaslary, däp-dessurlary öz beýanyny tapýar.

Milli jemgyýetçilik aňymyzda giň goldaw tapan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi biziň döwletimiziň gapylarynyň dünýä bileleşigi üçin elmydama giňden açykdygyny aýdyň subut edýär.

Ýyl-ýyldan biziň döwletimiz bilen BMG-niň arasyndaky gatnaşyklar ösýär we täze many-mazmuna eýe bolýar. Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň esasy edaralarynyň agzasy bolup durýandygyny aýratyn bellemelidiris. Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiziň halkara konwensiýalarynyň 100-e golaýyna goşulýandygyny belläp geçmek örän buýsançlydyr.

Biziň döwletimiziň Bitaraplygy özboluşly  many-mazmuna eýedir. Has takygy, ýurdumyz bitaraplyk syýasatyny ýöretmek arkaly, dünýädäki harby we syýasy bileleşiklere goşulman, özboluşly pozitiw syýasat ýöredýär.

Bu syýasata eýermek bilen ýurdumyz geçen ýyllaryň dowamynda sebitde we dünýäde dost-doganlygyň, agzybirligiň, ynsanperwerligiň ýurdy hökmünde giň meşhurlyga eýe boldy. Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny yzygiderli ýöretmegi netijesinde, sebitiň halklarynyň dostana gatnaşyklary ösüşiň täze derejelerine göterildi. Şunda Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan öndengörüjilikli, pähim-parasada ýugrulan ynsanperwer syýasatyna örän uly orun degişlidir.

Ýurdumyzda geçirilýän dürli mazmunly halkara çärelerine gatnaşmaga gelip, türkmen Diýarynda amala aşyrylýan ägirt uly özgerişliklere haýran galýan daşary ýurtly hünärmenleriň ählisi diýen ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milletiň ruhy galknyşyny üpjün etmek, türkmeniň hakydasyny dikeltmek, halkyň aňyýetini ösdürmek bilen baglanyşykly alyp barýan möçberli işleriniň geriminiň ägirtligini aýratyn nygtaýarlar.

Hormatly Prezidentimiz öz çykyşlarynda: «Gadymy söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşen Türkmenistan özüniň ösen medeniýeti bilen dünýäniň dürli halklarynyň medeniýetleriniň kämilleşmegine özboluşly täsir edipdir. Şol bir wagtyň özünde-de dünýä halklarynyň medeniýeti hem türkmeniň medeni mirasyny baýlaşdyrypdyr» diýip, aýratyn belleýär. Munuň özi diňe ruhy-medeni mirasyň baýlaşmagyna däl, eýsem, beýleki ulgamlaryň hem sazlaşykly ösmegine, kämilleşmegine mümkinçilikleriň döredilýändigini hem aňladýar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi dünýäniň döwletleriniň saýlaw ulgamynyň hünärmenleriniň ünsüni hem özüne çekýär. Çünki bizde milli Liderimiziň gymmatly nesihatlaryna eýerilip, saýlaw ulgamynyň işi yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda geçirilýän dürli derejeli saýlawlar  milli demokratik ýörelgeler hem-de dünýä tejribesiniň gazananlaryna esaslanýan Saýlaw kodeksine laýyklykda amala aşyrylýar.

Dünýäniň abraýly halkara guramalary bolan Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy we beýleki guramalar bilen saklanylýan jebis aragatnaşyk saýlaw ulgamynyň işiniň kämilleşmegine öz oňyn täsirini ýetirýär. Saýlawlara Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlardan, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Birleşen Milletler Guramasyndan, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan halkara synçylarynyň yzygiderli gatnaşmagy, bu jemgyýetçilik-syýasy çäreleriniň ösen dünýäniň talaplaryna laýyk derejede guralmagyna ýardam edýär.

2018-nji ýylyň mart aýynda biziň ýurdumyzda dürli görnüşli saýlawlaryň, has takygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Merkezi saýlaw toparynda şu günlerki alnyp barylýan taýýarlyk işleri bolsa, bu  möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäreleriniň ýokary guramaçylykly geçiriljekdigini aýdyň subut edýär.

Demokratik saýlawlaryň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin milli Liderimiziň  döredip berýän giň mümkinçilikleri bizi — saýlaw ulgamynyň işgärlerini has-da ruhlandyrýar. Hut şonuň üçin hem biz hormatly Prezidentimize elmydama alkyş aýdýarys.

 

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary
geçirmek baradaky Merkezi topar.