TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

2018-NJI ÝYLYŇ MART SAÝLAWLARY: TAÝÝARLYK IŞLERI GERIM ALÝAR

Pasly-baharyň ilkinji aýy saýylýan martda, ýagny goja  Zeminiň ýaşyl  begrese beslenip, keşbini  täzeläp  başlaýan döwründe ýurdumyzda  saýlawlary  geçirmek indiden  beýläk  özboluşly  däbe  öwrüler. Çünki, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary her  bäş  ýyldan hut  şu  döwürde—mart  aýynda  geçiriler.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň 2018-nji ýylyň 25-nji martynda boljak saýlawlaryna taýýarlyk görmek we olary guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri şu  günler barha giň gerim alýar.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisinde saýlawlary guramaçylykly geçirmek bilen bagly çäreleriň meýilnamasy tassyklanylandan soň, dekabryň ilkinji on günlüginde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde taýýarlyk işlerine ykjam girişildi we olara uly badalga berildi.

Ähli welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri hem-de saýlaw toparlary, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri, degişli ministrlikler we edaralar saýlawlary guramaçylykly geçirmek bilen bagly çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, degişli işleri amala aşyrmaga girişdiler.

Ýurdumyzda geçirilýän saýlawlarda raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň kepillikleriniň berjaý edilmegini üpjün etmek saýlaw toparlarynyň wajyp wezipeleriniň biridir. Hut şonuň üçin hem bu il-ýurt bähbitli möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň guramaçylykly, demokratik ýörelgeler esasynda geçirilmegi üçin saýlaw toparlarynyň tutanýerli işlemekleri zerurdyr.

Häzirki wagtda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar tarapyndan 2018-nji ýylyň mart aýynda geçiriljek saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek boýunça degişli işler Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda alnyp barylýar.

Has takygy, geljek ýylyň mart aýynda boljak saýlawlar boýunça saýlaw okruglarynyň we saýlaw uçastoklarynyň araçäklerini seljermek, saýlawlar boýunça taýýarlanylan dürli görnüşli gollanmalaryň, ýatlamalaryň, düzgünnamalaryň iňlis, rus dillerine terjime edilmegini üpjün etmek, saýlaw resminamalarynyň nusgalaryny taýýarlamak, saýlawlar boýunça dürli görnüşli mahabatlandyryşlary, wideorolikleri taýýarlamak, şeýle hem Lebap welaýatynyň dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgemegi bilen bagly ýerine ýetirilmeli işler talaba laýyk dowam etdirilýär.

Häzirki  görülýän  taýýarlyk  çäreleri saýlawlaryň ýokary  guramaçylykly geçiriljekdigine, olarda il-halkyň  hormatyna  mynasyp, ak ýürekli, işeňňir, işjanly, nazarkerde, köp  ýagşy işleri bitirmäge  ukyply ynsanlaryň  saýlanyljakdygyna  güwä   geçýär.

 

Amangeldi ANNADURDYÝEW,

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky
Merkezi toparyň edarasynyň guramaçylyk müdirliginiň başlygy.