TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

DALAŞGÄRLERI HÖDÜRLEMEK MÖWSÜMI DOWAM EDÝÄR

Bilşimiz ýaly, 2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işleri giň gerim bilen dowam edýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topary we degişli saýlaw toparlary tarapyndan 2023-nji ýylyň mart aýynda geçiriljek saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek boýunça degişli işler Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda alnyp barylýar. Has takygy, mart aýynda boljak saýlawlar boýunça saýlaw okruglarynyň araçäkleri seljerilip, merkezi we welaýat gazetlerinde çap edilip, ilatyň dykgatyna ýetirildi.

Şeýle-de, saýlaw möwsüminiň möhüm tapgyrlarynyň biri bolan dalaşgärleri hödürlemeklik işleri hem guramaçylykly dowam edýär.

Biz hem şu saýlawlarda kimleriň dalaşgär hökmünde hödürlenilip bilinýändigi barada Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň hukukçysy Aman Amanow bilen gürrüňdeş bolup, aýdanlaryny ýazga geçirdik.

 

2023-nji ýylyň 26-njy martynda  geçiriljek pasly bahar saýlawlarynda kimler dalaşgär hödürlenilip bilner?

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 44-nji maddasyna laýyklykda, dalaşgärleri hödürlemek hukugy saýlawlaryň bellenen gününe çenli bellige alnan syýasy partiýalara, şeýle hem raýatlaryň toparlaryna degişlidir.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna saýlawlar gününe çenli ýigrimi bäş ýaşy dolan we soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty dalaşgär hödürlenilip bilner.

Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň, Geňeşiň agzalygyna saýlawlar gününe çenli ýigrimi bir ýaşy dolan we degişli çäkde ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty dalaşgär hödürlenilip bilner.

Hödürlenilen wagtyna çenli iş kesilenlik aýyby öz-özünden aýrylmadyk ýa-da kanunda bellenilen tertipde aýrylmadyk adam dalaşgär hödürlenilip bilinmez.

Dalaşgär hödürlenilýän adamyň wezipesi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, Mejlisiň deputatynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň, Geňeşiň agzasynyň mandaty bilen bir ýere sygyşmasa, ol öz-özüni aýyrýandygy hakynda ýa-da saýlanylan halatynda eýeleýän wezipesinden boşamaga niýetiniň bardygy hakynda degişli saýlaw toparyna ýazmaça habar berýär.

— Dalaşgärleri hödürlemek boýunça syýasy partiýalar tarapyndan geçirilýän mejlisleriň, ýygnaklaryň geçirilişiniň tertibi barada aýdaýsaňyz!

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 45-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna dalaşgärleri syýasy partiýalar özleriniň merkezi, welaýat, etrap, şäher guramalarynyň mejlislerinde (gurultaýlarynda, konferensiýalarynda, umumy ýygnaklarynda) hödürläp bilerler.

Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalygyna dalaşgärler syýasy partiýalaryň welaýat, etrap, şäher guramalarynyň mejlislerinde, Geňeş agzalygyna dalaşgärler bolsa syýasy partiýalaryň etrap, şäher guramalarynyň mejlislerinde, ilkinji guramalarynyň ýygnaklarynda hödürlenilýärler.

Syýasy partiýalaryň dalaşgärleri hödürlemek barada bilelikdäki mejlisleri, ýygnaklary hem geçirmäge hukuklary bardyr.

Syýasy partiýalar degişli guramalarynyň mejlislerinde, ýygnaklarynda Mejlisiň deputatlygyna, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň, Geňeşiň agzalygyna birnäçe dalaşgär, ýöne her saýlaw okrugy üçin diňe bir dalaşgär hödürläp bilýärler.

Dalaşgäri bilelikde hödürlän syýasy partiýalaryň soňra şol okruga özbaşdak dalaşgär hödürlemäge hukugy ýokdur.

Syýasy partiýalaryň mejlislerinde we olaryň ilkinji guramalarynyň ýygnaklarynda dalaşgärlige hödürlenilýänleriň çäklendirilmedik sany ara alnyp maslahatlaşylyp bilner. Dalaşgär hödürlemek boýunça geçirilýän mejlise, ýygnaga gatnaşýan her bir adam dalaşgärlige hödürlenilýänler hakynda teklip girizmäge, olary ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşmaga, olary goldamaga ýa-da ret etmäge, hut özüni hem dalaşgär hödürlemek üçin ara alyp maslahatlaşylmagyny teklip etmäge hukuklydyr.

— Indi, syýasy partiýalar tarapyndan dalaşgärleri guramaçylykly hödürlemegiň aýratynlyklary barada hem aýdyp beräýseňiz!

Ýurdumyzda dört derejeli saýlawlaryň bir günde geçirilýändigi bilen baglylykda:

Syýasy partiýanyň welaýat, etrap, şäher guramasynyň şol bir mejlisinde  Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalygyna dalaşgärler birlikde hödürlenilip bilner.

Ýöne, syýasy partiýanyň etrap, şäher guramasynyň şol bir mejlisinde Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna we welaýat halk maslahatynyň agzalygyna dalaşgärler etrabyň, şäheriň çägine degişli saýlaw okruglary boýunça hödürlenilýär.

Eger-de, etrapdaky şäherde, şäherçede, geňeşlikde syýasy partiýanyň ilkinji guramasy ýok bolan halatynda, onda syýasy partiýanyň etrap, şäher guramasynyň şol bir mejlisinde Geňeş agzalygyna hem dalaşgärler hödürlenilip bilner.

Şunda, syýasy partiýanyň welaýat, etrap, şäher guramasynyň dalaşgär hödürlemek hakynda geçirilen mejlisiniň umumy teswirnamasy her saýlawlar boýunça dalaşgärleri bellige alýan welaýat, etrap, şäher, okrug we geňeşlik saýlaw toparlarynyň hersine aýratynlykda iberilmelidir.

 Raýatlar toparlary tarapyndan dalaşgärleri hödürlemek boýunça ýygnaklaryň geçirilişi barada gürrüň beräýseňiz!

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 47-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, welaýat halk maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek boýunça raýatlaryň toparynyň ýygnagyna degişli saýlaw okrugynyň çäginde ýaşaýan saýlawçylaryň azyndan iki ýüzüsi, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek boýunça raýatlaryň toparynyň ýygnagyna degişli saýlaw okrugynyň çäginde ýaşaýan saýlawçylaryň azyndan bir ýüzüsi, Geňeşiň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek boýunça raýatlaryň toparynyň ýygnagyna bolsa degişli saýlaw okrugynyň çäginde ýaşaýan saýlawçylaryň azyndan ellisi gatnaşsa, ol ygtyýarly hasap edilýär.

Her bir saýlawçy raýatlaryň toparynyň diňe bir ýygnagyna gatnaşyp biler, bu düzgün şol bir derejedäki wekilçilikli edara agzalyga dalaşgär hödürlemek boýunça geçirilýän ýygnaklara degişlidir. Ýygnaga gatnaşýanlar bellige alynmaga degişlidir, bellige alyş sanawynda her bir saýlawçynyň familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan senesi, ýaşaýan ýeri görkezilýär. Her bir saýlawçy bellige alyş sanawynda gol çekýär.

Raýatlaryň toparynyň her bir ýygnagynda degişli saýlaw okrugy boýunça  Mejlisiň deputatlygyna, welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň, Geňeşiň agzalygyna diňe bir dalaşgär hödürläp bilýärler.Ýygnaga gatnaşýan raýatlaryň ýarysyndan köpüsi dalaşgärlige hödürlenilýäniň tarapyna ses berse, onda ol dalaşgär hödürlenilen diýlip hasap edilýär.

Türkmenistanyň täze taryhynyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyljak «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip at berlen ýylda, ýagny 2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň taryhynda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäreleriň biri bolar.

— Beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň!

 

Gürrüňdeşligi ýazga geçiren H. ÖWEZOW.