TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça taýýarlyk işleri barada maglumat

(2023-nji ýylyň 12-nji martyndaky ýagdaýa görä).

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň parasatly baştutanlygynda  amala aşyrylýan özgertmelerde syýasy ulgamy kämilleşdirmäge, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli taraplaryny demokratiýalaşdyrmaga aýratyn orun berilýär.

Dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolmak bilen, Türkmenistan bu gün demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmak boýunça netijeli işleri amala aşyrýar. Ýurduň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, saýlawlaryň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmaga gönükdirilen işleriň depgini günsaýyn artýar.

Şu günler ýurdumyzda möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakalaryň ýene birine – Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işleri giňden ýaýbaňlandy. Saýlawlar Türkmenistanyň Mejlisiniň 2023-nji ýylyň 12-nji ýanwaryndaky karary esasynda, 2023-nji ýylyň 26-njy martynda, ýekşenbe güni geçiriler.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi toparyň kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw möwsümi  2023-nji ýylyň 16-njy ýanwaryndan başlandy.

Saýlawlar Türkmenistanyň raýatlarynyň işjeňligi ýagdaýynda, ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň üçüsiniň, ýagny Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Agrar partiýasynyň gatnaşmaklarynda, bäsleşik esasynda geçiriler.

Bu syýasy partiýalar ýurdumyzda geçirilýän saýlawlara işjeň gatnaşmak bilen, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda dalaşgärleri hödürlemek hukuklaryndan peýdalanýarlar,  saýlawlarda milli synçylary belleýärler, saýlaw toparlarynyň düzümine wekilleri hödürleýärler. Munuň özi syýasy partiýalaryň jemgyýetdäki ornunyň pugtalanýandygyny görkezýär. 

Türkmenistanda kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara bolan Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary bolan halk maslahatlarynyň, şeýle hem ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasy bolan geňeşleriň agzalarynyň  saýlawlaryny guramaçylykly geçirmek maksady bilen, ýurdumyzda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça 125 saýlaw okrugy, welaýat halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň hersinde 40, jemi 240 saýlaw okrugy, ýurdumyzda etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň 49-sy bolup, etrap, şäher  halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça okruglaryň 960-sy, geňeşleriň 572-sinde geçiriljek geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça bolsa saýlaw okruglarynyň 5897-si döredildi.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň belgileri, atlary, merkezleri we araçäkleri baradaky maglumat «Türkmenistan», «Нейтральный Туркменистан» gazetlerinde, Merkezi saýlaw toparynyň saýtynda (saylav.gov.tm), welaýat  halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň araçäkleri we merkezleri baradaky maglumat ýurdumyzyň welaýatlarynyň gazetlerinde çap edilip, ilatyň dykgatyna ýetirildi.

Ýetip gelýän saýlawlar baradaky maglumatlar, habarlar Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň saýtynda (saylav.gov.tm) yzygiderli ýerleşdirilýär.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny guramaçylykly geçir­mek işi Merkezi saýlaw topary, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlary, etrap, şäher saýlaw toparlary, okrug saýlaw toparlary, geňeşlik saýlaw toparlary, şeýle hem  uçastok saýlaw toparlary tarapyndan  guralýar. Saýlaw toparlarynyň ählisiniň ygtyýarlyk möhleti bäş ýyldyr. 

Merkezi saýlaw topary tarapyndan gollanmalaryň, ýatlamalaryň 12-si taýýarlanyldy, olaryň birnäçesi iki dilde -- türkmen, rus dillerinde, birnäçesi bolsa üç dilde -- türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edildi.  Gollanmalar ýurdumyzyň dürli derejedäki saýlaw toparlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine, halkara we milli synçylara, beýleki gyzyklanýan watandaşlarymyza niýetlenendir.

Saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek işleriniň çäklerinde, ses bermegiň tertibini düşündirýän dürli görnüşdäki wideorolikleriň birnäçesi taýýarlanyldy we olar teleýaýlymlar arkaly ilatyň dykgatyna ýetiriler.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görlüşi  barada ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde habarlar, gepleşikler, makalalar yzygiderli berilýär.

Şu güne çenli saýlaw uçastoklarynyň jemi 2644-si: şol sanda Ahal welaýatynda 365-si, Balkan welaýatynda 272-si,  Daşoguz welaýatynda 536-sy,  Lebap welaýatynda 567-si, Mary welaýatynda 550-si, Aşgabat şäherinde bolsa 312-si döredildi. Şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň (konsullyk edaralarynyň) ýanynda ses bermegi geçirmek üçin saýlaw uçastoklarynyň   42-si döredildi.

 Saýlawçylaryň 13078-si daşary ýurtlarda ses berer. 2023-nji ýylyň 12-nji martyna çenli ýurdumyzda  saýlawçylaryň  3.496.475-si hasaba alyndy.

Saýlaw uçastoklarynyň 240-syny  wideokameralar bilen enjamlaşdyrmak boýunça «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen iş alnyp barylýar. Ses berlişi 26-njy martda ir sagat 7-den agşam 19-a çenli Merkezi saýlaw toparynyň saýtynda göni görkeziler. 

Şu ýylyň fewral, mart aýlarynda Merkezi saýlaw toparynyň hünärmenleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilk guramalarynyň wekilleri bilelikde ýurdumyzyň welaýatlarynyň, etraplarynyň, geňeşlikleriniň, uçastoklaryň  saýlaw toparlarynyň agzalary bilen ýerlerde okuw maslahatlaryny geçirdiler.

Saýlawlaryň demokratik ýagdaýda geçirilişi tutuş ýurdumyzyň jemgyýetçiliginiň synçy nazarynda bolar. Häzire çenli syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri  tarapyndan milli synçylaryň 2855-si bellenildi. Şol sanda milli synçylaryň 594-si Demokratik partiýanyň, 307-si Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, 408-si Agrar partiýanyň, 600-si Kärdeşler arkalaşyklarynyň, 302-si Zenanlar guramasynyň, 570-si Ýaşlar guramasynyň, 21-si  raýatlar toparlarynyň, 53-si bolsa dalaşgärleriň bellän  wekilleridir. Bellige alnan milli synçylara şahsyýetnamalar  gowşuryldy.

Saýlawlaryň açyklyk, aýdyňlyk, demokratik esaslarda geçirilýändigine halkara guramalarynyň, ýagny Birleşen Milletler Guramasynyň,  Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň,  Türki Döwletleriň Guramasynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Adam hukuklary we demokratik institutlary boýunça býurosynyň wekilleri syn ederler. Şeýle-de, daşary ýurt döwletlerinden   köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gelerler.   

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň uzak möhletleýin işçi topary, ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça býurosynyň baha beriş topary mart aýynyň birinji ýarymynda saýlawlara taýýarlyk işlerine  syn etmäge girişdiler.

Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň de­pu­tat­la­ry­nyň, we­la­ýat, et­rap we şä­her halk mas­la­hat­la­ry­nyň, şeý­le hem Ge­ňeş­le­riň ag­za­la­ry­nyň saýlawlary boýunça dalaşgärleri hödürlemek  işlerine Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, Türkmenistanyň Agrar partiýasy, şeýle-de raýatlaryň toparlary gatnaşdylar. Dalaşgärleri hödürlemek şu ýylyň 25-nji ýanwarynda başlandy, 24-nji fewralynda bolsa tamamlandy. Dalaşgärleri bellige almak  fewral aýynyň 4 – 28-i aralygynda geçirildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna 258, welaýatlaryň we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna 515, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna 2001, Geňeşleriň agzalygyna 12098 dalaşgär bellige alyndy.

Saýlawlaryň ählisi boýunça 14872 dalaşgär hödürlenildi we  bellenilen möhlelerde bellige alyndy.

Bu sanlar 26-njy martda geçiriljek saýlawlarda bir orun üçin iki we üç dalaşgäriň bäsleşjekdigini görkezýär.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça syýasy partiýalar tarapyndan dalaşgärleriň jemi 175-si, raýatlaryň toparlary tarapyndan bolsa  83-si hödürlenildi we bellige alyndy. Has anygy:

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan 97; 
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler  partiýasy tarapyndan 27; 
Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan 51; 
raýatlar toparlary tarapyndan 83  adam Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna dalaşgär hödürlenildi.

Bellige alnan dalaşgärler baradaky maglumatlar  merkezi gazetleriň sahypalarynda şu ýylyň 3-nji, 4-nji martynda türkmen we rus dillerinde çap edilip, saýlawçylaryň dykgatyna ýetirildi. Şeýle-de, dalaşgärleriň ählisiniň terjimehallary we suratlary şu ýylyň mart aýynyň birinji ýarymynda türkmen we rus dillerinde merkezi gazetleriň sahypalarynda  çap edil.

Bellige alnan dalaşgärleriň saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işleri olaryň bellige alnan döwründen başlandy.

Saýlaw  uçastoklarynda ses bermegi geçirmek üçin ähli şertler döredildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat halk maslahatlarynyň agzalarynyň, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň, geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň her haýsynyň býulletenleriniň reňki  biri-birinden tapawutly bolar. Gizlin ses berilýän kabinalar, üç görnüşli saýlaw gutulary taýýarlanyldy.

Saýlawlar güni  öz ýaşaýan ýerinde bolup bilmejek saýlawçylar üçin öňünden ses bermek mümkinçiligi döredildi. Öňünden ses bermek  saýlawlaryň geçiriljek gününe on gün galanda, 16-njy martda başlanar.

Ýaşy ýetmişden geçen saýlawçylaryň sany 75500-e barabar. Ýarawsyzlygy sebäpli ses berilýän jaýa özbaşdak gelip bilmeýän saýlawçylaryň öýünde ses bermegine mümkinçilik dörediler.

Saýlawlar gününe çenli 18 ýaşyny doldurýan, ilkinji gezek ses berjek ýaş saýlawçylaryň sany 75606 adam bolup, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» olara ýadygärlik sowgatlar gowşurylar.

Ýurdumyzda saýlawlar halkara kadalaryna, milli kanunlarymyza we ata-babalarymyzdan gelýän demokra­tik ýörelgelerimize laýyklykda geçiriler. Saýlawlaryň demokratik ýörelgelere laýyklykda, köppartiýalylyk esasynda, giň bäsleşik şertlerinde guramaçylykly geçirilmegi raýatlarymyzyň saýlamak we saýlanmak hukuklaryndan peýdalanmaklary üçin ähli şertleriň döredilýändiginiň ýene bir aýdyň subutnamasy bolar.

 

Merkezi saýlaw topary.