Hormatly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri!
Hormatly halkara synçylary!
Hormatly dostlar!
Ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň geçişini beýan etmäge işjeň gatnaşandygyňyz üçin, siziň ähliňize tüýs ýürekden hoşallygymy bildirýärin.
Düýn, 26-njy martda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçirildi.
Saýlawlar guramaçylykly, saýlawçylaryň ýokary işjeňligi ýagdaýynda geçdi.
Saýlawlarda ses bermek üçin saýlaw uçastoklarynyň 2644-si, şol sanda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň ýanynda 42-si döredildi.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, dalaşgärlige hödürlemek hukugy syýasy partiýalara, şeýle hem raýatlar toparlaryna degişlidir.
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, şeýle hem geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça dalaşgärleri hödürlemek işlerine Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, Türkmenistanyň Agrar partiýasy, şeýle-de raýatlaryň toparlary gatnaşdylar.
Dalaşgärleri hödürlemek şu ýylyň 25-nji ýanwarynda başlandy, 24-nji fewralynda bolsa tamamlandy.
Dalaşgärleri bellige almak fewral aýynyň 4-i – 28-i aralygynda geçirildi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna 258, welaýatlaryň we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna 515, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna 2001, geňeşleriň agzalygyna 12098 dalaşgär, saýlawlaryň ählisi boýunça 14872 dalaşgär bellenilen möhlelerde bellige alyndy.
Bu sanlar 26-njy martda geçirilen saýlawlarda bir orun üçin iki we üç dalaşgäriň bäsleşendigini görkezýär. Has takygy, Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary boýunça 125 okrugda 258 dalaşgär, welaýat halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 240 okrugda 515 dalaşgär, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 960 okrugda 2001 dalaşgär, geňeş agzalarynyň saýlawlarynda 5897 okrugda 12098 dalaşgär saýlawçylaryň köp sesini almak ugrunda, demokratik ýörelgelere laýyklykda bäsleşdiler.
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça syýasy partiýalar tarapyndan dalaşgärleriň jemi 175-si, raýatlaryň toparlary tarapyndan bolsa 83-si hödürlenildi we bellige alyndy. Has anygy:
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan 97;
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan 27;
Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan 51;
raýatlar toparlary tarapyndan 83 adam Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna dalaşgär hödürlenildi.
Saýlawlarda Aşgabat şäherindäki we welaýatlarymyzdaky saýlaw uçastoklarynyň 240-synda wideo kameralar gurnalyp, saýlawçylaryň ses berişleri internet arkaly on-line düzgüninde Merkezi saýlaw toparynyň saylav.gov.tm atly web-saýtynda ilata göni görkezildi.
Saýlaw uçastoklarynda saýlawçylaryň ses berişleri on-line düzgüninde 2023-nji ýylyň 26-njy martynda sagat 7-den 19-a çenli görkezildi.
Bellige alnan dalaşgärleriň saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işleri olaryň bellige alnan döwründen başlandy we saýlawlaryň geçiriljek gününden bir gün öň bes edildi.
Dalaşgärleriň hemmesine deň şertlerde wagyz işlerini tölegsiz geçirmek mümkinçiligi döredildi. Dalaşgärler öz maksatnamalary boýunça deň derejede teleýaýlymlarda çykyş etdiler. Öz degişli okruglarynyň saýlawçylary bilen duşuşdylar, ýygnaklar geçirip, maksatnamalary boýunça çykyş etdiler, saýlawçylaryň sowallaryna jogap berdiler.
Ses bermegiň tertibini düşündirýän dürli görnüşli wideo-rolikler teleýaýlymlarda ilatyň dykgatyna ýetirildi.
Saýlawlaryň aýanlykda, açyk we demokratik ýörelgeler esasynda geçirilmegini gazanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň internet-saýty (saylav.gov.tm) hereket edýär hem-de onda saýlawlar baradaky habarlar, maglumatlar yzygiderli goýlup, halka ýetirildi.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň internet-saýtynda saýlaw möwsümi bilen bagly täzelikler we habarlar 3 dilde, ýagny türkmen, iňlis we rus dillerinde ýerleşdirilip duruldy.
Saýlawçylaryň deň şertlerde ses bermeklerini gazanmak maksady bilen, saýlaw uçastoklarynyň hemmesi bir nusgada taýýarlanylan kabinalar, saýlaw gutulary bilen üpjün edildi.
Uçastok saýlaw toparlary tarapyndan her saýlawça aýratyn çakylyk iberilip, ses bermegiň geçiriljek wagty we ýeri barada saýlawçylara öňünden habar berildi.
Saýlawlar güni öz ýaşaýan ýerinde bolup bilmejek saýlawçylara mart aýynyň 16-sy -- 25-i aralygynda öňünden ses bermek mümkinçiligi döredildi hem-de ýurt boýunça saýlawçylaryň 5,10 göterimi öňünden ses berdi.
Saglyk ýagdaýy we beýleki sebäpler boýunça saýlawlar güni ses berilýän jaýa özbaşdak gelip bilmeýän saýlawçylaryň öýünde ses bermek mümkinçilikleri üpjün edildi.
Saýlawlar köppartiýalylyk şertlerinde hem-de ählumumy, deň, göni, gizlin, erkin saýlaw hukugy we bäsleşik esasynda geçirildi.
Saýlawlara taýýarlyk görmek we ony geçirmek bilen bagly ähli çykdajylar Türkmenistanyň Döwlet býujetinden maliýeleşdirildi.
Saýlawlaryň geçirilişine Türkmenistanyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik birleşikleri, raýatlar toparlary we dalaşgärler tarapyndan bellenilen milli synçylaryň 2855-si syn etdi.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Türki Döwletleriň Guramasyndan, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyndan halkara synçylary, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Adam hukuklary we demokratik institutlary boýunça býurosyndan baha beriş topary saýlawlaryň demokratik esasda geçirilişine syn etdiler. Şeýle-de, saýlawlaryň geçişine halkara guramalarynyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalary hem-de daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalary tarapyndan bellenilen halkara synçylary syn etdiler.
Saýlawlaryň geçişine syn etmäge halkara synçylarynyň jemi 60-dan köprägi gatnaşdy.
Halkara synçylary saýlawlaryň açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda geçendigini hem-de Türkmenistanyň ösüşiň demokratik ýoly bilen gadam urýandygyny bellediler.
Synçylar toparynyň agzalary Türkmenistanda bolan mahalynda, olar üçin saýlaw baradaky kanunçylygyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde geçirilýän işler bilen jikme-jik tanyşmaga, ministrlikleriň we syýasy partiýalaryň ýolbaşçylary, wekilleri, saýlaw toparlarynyň agzalary, dalaşgärler, olaryň ynanylan adamlary we saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirmäge ähli mümkinçilikler döredildi. Umuman, synçylar toparynyň ýolbaşçylary Türkmenistanda saýlawlaryň guramaçylykly, giň demokratik we bäsleşikli esasda geçirilendigini nygtap bellediler. Halkara synçylary saýlawlara saýlawçylaryň örän işjeň gatnaşandyklaryny hem aýratyn belläp geçdiler.
Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň Türkmenistanda işleýän we bellige alnan, şeýle hem çakylyk esasynda ýurdumyza gelen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri saýlawlaryň geçirilişini beýan etmäge gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň, geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlawçylaryň jemi 3.496.368-si hasaba alyndy.
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň, geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda Türkmenistan boýunça jemi 3.496.368 saýlawçydan 3185935-si ses berip, 91,12% gatnaşyk boldy.
Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary tarapyndan, 2023-nji ýylyň 26-njy martynda sagat 7-den 19-a çenli aralykda, saýlaw uçastoklarynyň 2644-siniň hemmesinde Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary kanuna laýyklykda geçirildi diýilip ykrar edildi.
Saýlawçylaryň, synçylaryň öz arz-şikaýatlaryny beýan etmekleri üçin Merkezi saýlaw toparynda, şeýle-de saýlaw uçastoklarynyň ählisinde teklipler, bellikler, şikaýatlar üçin ýörite depderler goýuldy.
Fiziki we ýuridiki taraplaryň saýlawlara dahylly mesele çykanda dessine ýüzlenip bilmekleri, saýlawlara taýýarlyk görülýän we geçirilýän döwründe saýlaw kanunçylygynyň bozulmalarynyň öňüni almak üçin Merkezi saýlaw toparynda 2023-nji ýylyň 15-nji martyndan başlap, gije-gündiziň dowamynda «nobatçy telefon» işledi.
Saýlawlara taýýarlyk işleri we onuň geçirilişi barada arza-şikaýatlar gelip gowuşmady.
Düýn agşam sagat 19-da saýlaw uçastoklarynda ses bermek tamamlanandan soň, sesler sanalyp başlanyldy. Ýöne, daşary ýurtlardaky saýlaw uçastoklarymyzdan maglumatlaryň gelip gowuşmagy dowam edýär. Saýlawlaryň jemleri baradaky maglumatlar kanunda bellenilen möhletde köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly ilatyň dykgatyna ýetiriler.
Hormatly habar beriş serişdeleriniň wekilleri!
Hormatly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri!
Hormatly halkara synçylary!
Şu günki brifingimize gatnaşanlygyňyz üçin size öz hoşallygymy bildirýärin. Diňläniňiz üçin sag boluň!
27.03.2023 ý.