TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ DEPUTATYNYŇ SAÝLAWLARY: OŇA KIMLER DALAŞGÄR BOLUP BILERLER?

Şu günler ýurdumyzda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň 2018-nji ýylyň 25-nji martynda boljak saýlawlaryna taýýarlyk işleri barha ýaýbaňlanýar. Şunda il içinde uly abraýa, sylag-hormata mynasyp sowatly adamlaryň dalaşgärlige hödürlenilmegini gazanmak üçin ýerlerde örän uly guramaçylyk işlerini amala aşyrmak zerurdyr. Şu gün biz Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna kimleriň dalaşgär hökmünde hödürlenilip bilinýändigi barada gürrüň etmekçi bolýarys.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 44-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna dalaşgärleri hödürlemek hukugy saýlawlaryň bellenen gününe çenli bellige alnan syýasy partiýalara, şeýle hem raýatlaryň toparlaryna degişlidir.

Saýlawlar gününe çenli ýigrimi bäş ýaşy dolan we soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna dalaşgär hödürlenilip bilner.

Hödürlenilen wagtyna çenli iş kesilenlik aýyby öz-özünden aýrylmadyk ýa-da kanunda bellenilen tertipde aýrylmadyk adam Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna dalaşgärlige hödürlenilip bilinmeýär.

Dalaşgär hödürlenilýän adamyň wezipesi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatynyň mandaty bilen bir ýere sygyşmasa, ol öz-özüni aýyrýandygy hakynda     ýa-da saýlanylan halatynda eýeleýän wezipesinden boşamaga niýetiniň bardygy hakynda degişli okrug saýlaw toparyna ýazmaça habar bermelidir.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 45-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna dalaşgärleri syýasy partiýalar özleriniň merkezi, welaýat, etrap, şäher guramalarynyň mejlislerinde ýa-da gurultaýlarynda, konferensiýalarynda, umumy ýygnaklarynda hödürläp bilerler.

Syýasy partiýalaryň dalaşgärleri hödürlemek barada bilelikdäki mejlisleri, ýygnaklary geçirmäge hukuklary bardyr.

Syýasy partiýalaryň mejlislerinde dalaşgärlige hödürlenilýänleriň çäklendirilmedik sany ara alnyp maslahatlaşylyp bilner. Mejlise, ýygnaga gatnaşýan her bir adamyň dalaşgärlige hödürlenilýänler hakynda teklip girizmäge, olary ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşmaga, olary goldamaga ýa-da ret etmäge, hut özüni hem dalaşgär hödürlemek üçin ara alyp maslahatlaşylmagyny teklip etmäge hukugy bardyr.

Syýasy partiýalaryň merkezi, welaýat, etrap, şäher guramalarynyň mejlislerinde ýa-da degişli guramalarynyň bilelikdäki mejlislerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna birnäçe dalaşgäri, ýöne her saýlaw okrugy üçin diňe bir dalaşgäri hödürläp bilýändiklerini aýratyn nygtamalydyrys. Dalaşgäri bilelikde hödürlän syýasy partiýalaryň soňra şol okruga özbaşdak dalaşgär hödürlemäge hukugynyň ýokdugyny hem bellemek zerurdyr.

Eger syýasy partiýalaryň degişli guramasynyň mejlisine gatnaşýanlaryň ýarysyndan köpüsi dalaşgärlige hödürlenilýäniň tarapyna ses berse, ol dalaşgär hödürlenilen diýlip hasap edilýär.

Dalaşgär hödürlemek hakyndaky karar açyk ýa-da gizlin ses bermek arkaly kabul edilýär. Ses bermegiň tertibini we mejlisi, ýygnagy alyp barmagyň beýleki meselelerini mejlise, ýygnaga gatnaşýanlar kesgitleýär.

Dalaşgär hödürlemek barada syýasy partiýalaryň guramasynyň mejlisiniň ýa-da birnäçe guramalaryň bilelikdäki mejlisiniň, ýygnagynyň karary iki günüň dowamynda, ýöne dalaşgär hödürlemek möhletiniň gutarýan gününiň yzyndan gelýän iş gününden gijä goýman, degişli okrug saýlaw toparyna berilýär.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 47-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna dalaşgärleri hödürlemek boýunça raýatlaryň toparynyň ýygnagyna degişli saýlaw okrugynyň çäginde ýaşaýan saýlawçylaryň azyndan iki ýüzüsi gatnaşsa, ol ygtyýarly hasap edilýär.

Raýatlaryň toparynyň her bir ýygnagynyň degişli saýlaw okrugyna Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna diňe bir dalaşgäri hödürläp bilýändigini hem şu ýerde aýratyn belläp geçmelidiris. Raýatlaryň toparynyň ýygnagyna gatnaşýanlaryň ýarysyndan köpüsi dalaşgärlige hödürlenilýäniň tarapyna ses berse, ol dalaşgär hödürlenilen diýlip hasap edilýär.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna dalaşgäriň hödürlenilendigi hakynda teswirnama düzülýär. Ýygnagyň teswirnamasynyň ýanyna oňa gatnaşanlaryň sanawyny goşup, iki günüň dowamynda, ýöne dalaşgär hödürlemek möhletiniň gutaran gününiň yzyndan gelýän iş gününden gijä galynman, degişli okrugyň saýlaw toparyna gowşurylýar. Dalaşgär hödürlenilendigi hakyndaky karar barada dalaşgäre hem şol möhletiň dowamynda habar berilýär.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 76-njy maddasyna laýyklykda, saýlawlarda ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň sesleriniň ýarysyndan köpüsini alan dalaşgär Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna saýlanylan diýlip hasap edilýär.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 77-nji maddasyna laýyklykda bolsa, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar Türkmenistanyň Mejlisiniň saýlanylan deputatlaryny bellige alýar.

 

Maksat ANNAMEDOW,

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky
Merkezi toparyň edarasynyň hukukçysy.