TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASY WE DÖWLET BAÝDAGY — BERKARARLYGYŇ WE DÖWLETLILIGIŇ BELENT BUÝSANJY

Hormatly Prezidentimiziň—Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda gadymy türkmen topragynda erkana ýaşaýan halky-myzyň her bir güni il-ýurt bähbitli beýik işlere, taryhy wakalara, toý-dabaralara beslenýär.

Eziz Diýarymyzda her ýylyň 18-nji maýynda Esasy Kanunymyz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni agzybirlikde, ruhubelentlikde, şatlyk-şowhun hem-de uly dabara bilen giňden bellenilip geçilýär. 18-nji maý Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni hökmünde milli senenamamyzda aýratyn ähmiýetli şanly senedir. Bu sene Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza söýgimizi, buýsanjymyzy dabaralandyrýan baýramdyr. Ýaşaýşyň gözelligini, milletiň döredijilik aýratynlyklaryny, ýurduň baýlyklaryny keşbinde jemläp, döwletliligiň nyşanyny dabaralandyrýan mukaddes Döwlet baýdagymyz bilen Esasy Kanunymyzyň şanyna toýlanýan toý kalbymyza üýtgeşik buýsanç duýgularyny bagyşlaýar. Çünki, biziň ajaýyp ýurdumyz ýaşyl tugumyzyň astynda özüniň täze taryhyny döredip, abadançylygyň hem-de ösüşiň nusgasy bolan döwlet hökmünde berkarar boldy.

Bu iki baýramyň bilelikde bellenilip geçilmegi tötänden däldir. Onuň çuňňur we taryhy manysy bardyr. Ýurdumyzyň Konstitusiýasy her bir raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirýär hem-de döwletimiziň umumadamzat gymmatlyklaryna ýokary baha berýändigini beýan edýär. Esasy Kanunymyz jemgyýetde asudalygy, agzybirligi üpjün etmek bilen bir hatarda, demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň esaslaryny berkarar edýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany bagt guşuna deňesek, Konstitusiýamyz we Döwlet baýdagymyz şol guşuň goşa ganatydyr.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişiniň subutnamasydyr, häzirki bagtyýar gününiň hem-de beýik geljeginiň kepilidir, milli döwletlilik ýörelgelerimiziň synmazlygyny, ebediligini ykrar edýän milli gymmat-lygymyzdyr. Adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Esasy Kanunymyza, milli döwletliligimiziň möhüm nyşany bolan Döwlet baýdagymyza halkymyz çäksiz buýsanýar we uly hormat goýýar.

Dünýäde iki ýüz çemesi döwlet bar. Olaryň hersiniň öz baýdagy bar. Ol baýdaklar şol halklaryň döwletliligini, maksat-myradyny aýan edýärler. Adamzat döräp, Ýer ýüzünde müňlerçe, belki, ondan-da köp baýdak dörändir. Olaryň örän köpüsi taryh bolup yzda galypdyr.

Türkmeniň döwletlilik baýdagy! Ol asyrlar, müňýyllyklar aşyp, ýene belentde pasyrdaýar. Dünýäde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan atly beýik döwletiň bardygyny ýatladyp, belentde pasyrdaýar. Garaşsyz döwletiň gurulmagy, onda milli tugumyzyň astynda agzybirlikde we jebislikde ýaşalmagy ata-babalarymyzyň hasyl bolan ajaýyp arzuwlarynyň biridir. Türkmenistanyň Konstitusiýasy milli gymmatlyklarymyzy we bähbit-lerimizi gorap saklamaga, ýurt Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmaga gönükdirilen esas goýujy hukuk binýadydyr.

Döwlet gurluşynda esasy gymmatlyklaryň biri bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 1992-nji ýylyň maýynda kabul edilmegi türkmen halky üçin şanly waka boldy. Esasy Kanunymyz geçen 31 ýylyň dowamynda ýurdumyzyň döwletliligini hukuk taýdan resmileş-dirdi we halkymyzyň özygtyýarlylygyny berkarar etdi, döwletimiziň durmuşyň ähli ugurlaryndaky okgunly ösüşiniň binýadyny goýdy.

 Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 4-nji maddasynda «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipesidir» diýip bellenilýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen beýik parasady bilen birleşýär. Arkadagly Serdarymyzyň: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen beýik parasady bilen birleşýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wezipä girişmegi mynasybetli dabarada sözlän sözünde: «Döwletimiziň Konstitusiýasynda raýatlarymyzyň kepillendirilen hukuklaryny goramak meniň esasy borjum bolar. Döwletimiziň adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatdaky ynsanperwer syýasatyny mundan beýläk hem üpjün ederis» diýip nygtady. Görnüşi ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasy hukuk we jemgyýetçilik durmuşyny kämilleşdirmegiň esasy bolup çykyş edýär, raýat jemgyýetiniň kemala getirilmegine we ösdürilmegine mümkinçilik döredýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasy, milli ýörelgelerden, häzirki zamanyň talaplaryndan ugur alnyp, yzygiderli döwrebaplaşdyryldy. Hususan-da, 1995-nji, 1999-njy, 2003-nji, 2005-nji, 2006-njy, 2008-nji, 2016-njy, 2020-nji we 2023-nji  ýyllarda Konstitusiýa üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi Türkmenistanyň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna demokratik, hukuk we dünýewi döwletdiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr. Şeýle-de, 2016-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşi hem kabul edildi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynda: «Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet hökmündäki nyşanlary — Döwlet baýdagy, Döwlet tugrasy, Döwlet senasy bardyr» diýlip kesgitlenen. Döwletiň nyşanlaryna ýokary hormat-sylag, olara bolan garaýyş we buýsanç türkmen halkynyň asyrlardan miras galan däbidir. Eliňi ýüregiň üstünde goýup, Döwlet senamyzy ýerine ýetireniňde: «Baýdagym belentdir dünýäň öňünde» diýen setirler ata Watanymyza bolan söýginiň çäksizdigini tassyklaýar. Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň hormatyny paýtagtymyzda gurlan Konstitusiýa binasy hem-de Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilen belent baýdak sütüninde buýsançly pasyrdaýan Döwlet tugumyz hem şeýle diýmäge esas berýär.

Tug, baýdak  diýlende, ata Watanymyzyň her bir daban topragy üçin şirin janyny orta goýan merdanalarymyzyň maksady we hatyrasy ör-boýuna galýar. Ata-babalarymyzyň «Adam edebinden tanalar, ýurt — tugundan» diýip döreden paýhasly pähimi bar. Tugumyz türkmeniň milliliginden, taryhyndan, medeniýetinden alnyp döredilen mukaddeslikdir. Baýdagymyzda halkymyzyň geçmişi, şu güni, nurana geljegi, ýurdumyzyň gözel tebigaty, arşyň nepisligi bolan türkmen halysy göz öňüňde janlanyp, onda Magtymguly Pyragynyň arzuwlan ajap eýýamy — türkmeniň mukaddes Garaşsyzlygy, baky Bitaraplygy öz beýanyny tapýar.

Milli buýsanjymyz bolan Döwlet baýdagymyz bu gün dünýä ýüzünde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň mizemez nyşany, dostlukly we hoşniýetli gatnaşyklarymyzyň aýdyň alamaty hökmünde pasyrdaýar. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly»  diýlip yglan edilen ýylymyzda bagtyýar halkymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň we Döwlet baýdagynyň döredilmeginiň şanly 31 ýyllygyny uludan toý edýär. Bu bolsa, täze taryhy döwrümizde hormatly  Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşen bagtyýar halkymyzyň bu senä aýratyn ähmiýet berýändiginiň buýsançly subutnamasyna öwrüldi.

Täze taryhy döwürde, ata Watanymyzyň  täze üstünlikleriniň, ýeňişleriniň  waspçysy bolup, Döwlet baýdagymyz belentden-belent parlaýar. Goý, buýsançly parlaýan ýaşyl Tugumyzyň astynda halkymyzy asuda, bagtyýar durmuşda ýaşadýan, eşretli geljege alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

 

Hekimberdi Öwezow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň sekretar-referenti.