Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik ösüşlere beslenýän Watanymyzda milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamaga we täzeçe mazmunda baýlaşdyrmaga gönükdirilen ençeme işler durmuşa geçirilýär. Elbetde, şol gymmatlyklaryň naýbaşylarynyň biri hem nepis halylarymyzdyr.
Ajaýyplygy, nepisligi bilen göreni özüne bendi edýän bu inçe sungatyň taryhy asyrlaryň jümmüşinden gaýdýar. Taryhy döwürlerden bäri haly önümleri halkymyzyň durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolup hyzmat edipdir. Çuwallar, torbalar, horjunlar geýim-gejim salmak, ýük daşamak üçin ulanylypdyr. Halkymyzyň milli guwanjy bolan ak öýler haly önümleri bilen bezelipdir. Düýphaly, ojakbaşy, çuwal, torba, gapylyk, eňsi ýaly haly önümleri türkmeniň mukaddes ojagynyň-ak öýüniň gelşigidir.
Türkmenistanda her ýyl maý aýynyň soňky ýekşenbesinde «Türkmen halysynyň baýramy» giň gerim bilen bellenilip geçilýär. Baýramçylyk dabarasyna beslenen güneşli diýarymyzyň ähli künjeklerinde çeper elli keşdeçiler, halyçy gözeller we beýleki milli sungatymyzy ýöredijiler bu baýrama özleriniň mynasyp sowgatlaryny taýýarlap, dürli dabaralarda çykyş edýärler.
XIX asyrda dokalan halylary synlanyňda şol döwürde hem halylara dürli gölleriň salnyp dokalandygyny görmek bolýar. Olar teke gölli, salyr gölli, saryk gölli, ýomut gölli (kepse göl, dyrnak göl), ärsary gölli (gülli göl, beşir göl), çowdur gölli halylar diýlip atlandyrylypdyr we her tiräniň özüniň özboluşly nagyşlary, gölleri bolupdyr.
2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň nobatdaky 14-nji mejlisinde «Türkmenistanyň milli halyçylyk sungatyny» Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizmek barada karar kabul edildi.
Halyçylyk sungaty asyrlaryň dowamynda timarlanyp, kämilleşip gelýär. Munuň şeýledigine irki döwürde dokalan hallylar bilen XX we XXI asyrda dokalýan halylar deňeşdirilende göz ýetirmek bolýar. Irki döwürlerde haly önümleri öýüň bezegi bolmak bilen bir hatarda öý goşlaryny salmak üçin esasy esbaplaryň biri bolan bolsa, häzirki döwürde bezeg üçin giňden ulanylýar.
Döwür özgerdigiçe, gelin-gyzlarymyzyň el hünäriniň görnüşleri hem kämilleşýär. Häzirki döwrüň talaplaryna laýyk edip dokalýan haly önümleri çitme we kakma görnüşlerinde dokalýar. Maglumatlardan görnüşi ýaly, häzirki döwürde türkmen haly we haly önümleriniň gadymy nusgalary dikeldilip, halylaryň hili, reňki, görnüşleri döwrebaplaşdyrylyp, haly sungatynda uly ösüşlere, özgerişlere eýe bolunýar.
Häzirki wagtda diňe goýnuň ýüňünden däl-de, eýsem tebigy reňkleri ulanmak arkaly ýüpek halylar dokalýar. Bu halylar hem özüniň inçeligi we nepisligi bilen tanalýar.
Otlaryň dermanlyk güýjüni süňňüne siňdiren halylaryň reňki ýyl geçdigiçe açylýar, olar sähelçe-de solmaýar. Bilermenleriň belleýşi ýaly, el halylaryny dokamagyň 20 usuly bolupdyr. Olaryň çeten, kepbe boýra, aldymgaç, iki ýüzli haly we beýleki görnüşleri bardyr. Halyda türkmeniň kalby bar. Bu inçe sungatyň dünýä halklarynyň kalbynyň töründe orun almagynyň syry hem şundadyr.
Gelin-gyzlarymyz tarapyndan sünnälenip dokalýan türkmen halysy çeper elleriň gudraty bilen ösüpdir, özgeripdir we kämilleşipdir. Ýurdumyzda çeper halyçylyk kärhanalary köpelip, dokmaçy gelin-gyzlarymyzyň sany gün-günden artýar. Bütin dünýäde belent at-abraýa eýe bolan ata Watanymyzyň milli medeniýeti, çeper sungaty asyrlaryň dowamynda şöhratly taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylyp, türkmen halkynyň baý mazmunly geçmişine öz gymmatyny eçilipdir.
Gahryman Arkadagymyzyň 2011-nji ýylda neşir edilen «Janly rowaýat» atly kitabynda türkmen halyçylarynyň döreden täsin ägirt halylaryna we iki taraplaýyn halylara aýratyn orun berilýär. Mysal üçin, meýdany 301 inedördül metre deň bolan «Altyn asyr» halysy dünýäde el bilen dokalan iň uly haly hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu halynyň her inedördül metrinde 304 çitim bardyr.
Şeýle hem 2016-njy ýylda mähriban Arkadagymyzyň halylar baradaky ikinji kitaby – «Arşyň nepisligi» atly eseri hem neşir edildi. Ol türkmen halkynyň halyçylyk sungatynyň orny we ähmiýeti baradaky oýlanmalaryň özboluşly dowamy boldy. Kitaby bezeýän haly suratlary türkmen halysynyň ajaýyplygyny açyp görkezýär.
Gahryman Arkadagymyzyň bu kitaplarynda türkmen halysynyň nepisligi ylmy nukdaýnazardan düýpli açylyp görkezilýär. Eziz Arkadagymyz: «Türkmen halysy halkymyzyň, mähir-muhabbetiniň älemgoşar öwüşginli lälesidir. Ol ata-babalarymyzyň geçen şöhratly durmuş ýollaryny reňkleriň dili bilen ýazan ýürek ýazgysydyr. Ajaýyp halylarymyz ata Watanymyzyň, merdana halkymyzyň abraý-mertebesi, dünýä ýaýylan şöhrat-şanydyr» diýýär.
Türkmen halylary hakynda ilkinji ýazuw çeşmeleri XIII asyrda Gündogar Ýewropa, Aziýa syýahat eden Italýan syýahatçysy Marko Polo degişli hasaplanýar. Marko Polo dünýäde iň inçe we owadan halylaryň türkmen halylarydygyny belläp geçýär.
Munuň özi türkmen zenanlarynyň haly dokamagy sungat derejesine çykaryp, dünýäde ykrar edilmegini gazanandygyny, türkmen zenanlarynyň halylara özleriniň mährini, söýgüsini, arzuw-yhlaslaryny siňdirip dokandygyny subut edýär.
Umuman, halyçylyk sungaty barada näçe aýtsaň-da azdyr. Gelin-gyzlarymyzyň bu gadymy kesbi-hünäri diňe bir sungat bolman, eýsem ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň hem bir bölegidir, milli guwanjymyzdyr, buýsanjymyzdyr!
Türkmen halkynyň beýik nusgawy şahyry, akyldar Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ýyllar geçdigiçe gadyr-gymmatynyň artyşy ýaly, elleri hünärli ussat türkmen zenanlarynyň dokaýan nepis halylarynyň hem şan-şöhraty wagt geçdigiçe barha artýar.
Watanymyzda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen ýylda ruhubelentlikde geçiriljek Türkmen halysynyň baýramy gutly-mübärek bolsun!
Goý, milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda, türkmen gelin-gyzlarynyň el hünärini dünýä ýaýmakda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz - Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Ogulmaral Rejepowa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň esasy hünärmeni.