Eziz Diýarymyzda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ynsan saglygyny goramak, adam ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu işleriň gözbaşynda bolsa adam hakdaky alada, «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelge durýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 3-nji iýunyň «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmekde gazanýan üstünliklerine halkara bileleşigi tarapyndan ýokary baha berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzda 3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni her ýyl uly dabaralara beslenýär.
Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly, welosiped dünýäde ekologiýa taýdan iň arassa, elýeterli we ygtybarly ulag görnüşi hökmünde giňden ulanylýar. Beýleki ulag serişdelerine garanyňda, ony dolandyrmak hem aňsat. Welosiped sporty bolsa sportuň ekologik taýdan arassa we gyzykly görnüşi bolmak bilen, ilatymyzyň beden saglygyny berkitmekde möhüm orny eýeleýär.
Berkarar döwletimizde her ýyl yzygiderli görnüşde dürli ýaşdaky watandaşlarymyzyň müňlerçesini jemleýän köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň guralmagy, awtoulagsyz günüň yglan edilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Welosipediň köpçülikleýin sürülmegi howanyň hapalanmagynyň derejesini peseltmek bilen çäklenmän, oňyn sosial-ykdysady netijeleri berýär. Ol ulag hökmünde ýönekeýligi, elýeterliligi we ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar.
Welosiped sporty - saglygyňy berkitmekde, bedeni taplamakda aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Geçirilen ylmy barlaglaryň görkezişi ýaly, welosiped sürlende, bedene kadaly agram salynmagy bilen, adamyň çydamlylygy we işe ukyplylygy ýokarlanýar, beden bogunlary, myşsalar, nerw ulgamy berkeýär. Welosiped sporty, welosipedli gezelençler gan basyşynyň kadalaşmagyna, ýürek-damar we beýleki keselleriň töwekgelçiliginiň peselmegine ýardam berýär. Welosiped sürmek bedeniň madda aýlanyşygyny hem gowulandyrýar, onuň kesellere garşy durnuklylygyny ýokarlandyrýar, uzak wagtlyk şähdaçyklyk berýär.
Welosipedli gezelençler dünýäde uly jemgyýetçilik ähmiýetli çäreleriň biri bolup, olar dürli durmuş, sport we ekologiýa taslamalaryny we başlangyçlary goldamak maksady bilen geçirilýär. Öňdengörüjilikli saglyk syýasatynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, welosiped sporty türkmenistanlylaryň arasynda hem barha uly meşhurlyga eýe bolýar. Ýadyňyzda bolsa, paýtagtymyzda 2018-nji ýylda Bütindünýä welosiped gününde welosport boýunça 3 müň 246 adamyň gatnaşmagynda geçirilen okuw sapagy Ginnesiň rekordlar kitabynyň «Welosiped sporty boýunça iň köpçülikleýin sapak» güwänamasyna mynasyp boldy. 2019-njy ýylda ak şäherimiz Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde 2019 adamyň gatnaşmagynda 3 müň 300 metr aralyga geçirilen «Iň dowamly bir nyzamly welosipedli ýöriş» hem Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Daşky gurşawyň goraglylygy hormatly Prezidentimiz — Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň aýrylmaz bölegidir. Şunuň netijesinde ýurdumyzda welosiped sürmek, bu ugurda dürli çäreleri geçirmek ajaýyp däbe öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz sportuň dünýäde iň giňden ýaýran görnüşleriniň birini ösdürmegi höweslendirýär, ulagyň bu ekologik görnüşine ilatyň ünsüni çekmäge gönükdirilen çäräniň ähmiýetine uly baha berýär. Türkmenistanda welosportuň ähli görnüşleriniň ösmegi üçin örän amatly şertleriň bardygy aýratyn guwandyryjydyr. Olimpiýa şäherçesiniň ýapyk Welotrek desgasy hem onuň üstüni ýetirýär. Welotrek desgasynda 6 müň orunlyk ýer bolup, onda tomaşaçylaryň bäsleşiklere amatly ýagdaýda syn etmegi üçin ähli şertler döredilendir.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan Halkara Olimpiýa komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň işjeň agzasy bolmak bilen, olimpiýa hereketleriniň ösdürilmegine-de mynasyp goşant goşýar. Bu babatda ýurdumyzda birnäçe kanunlar kabul edildi. Olara «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Atçylyk we atly sport hakynda», «Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda», «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary degişlidir. Bu Kanunlaryň kabul edilmegi raýatlarymyzyň saglygyny berkitmäge gönükdirilen çäreleriň tebigatyň goraglylygy nazarlanyp amala aşyrylýan işler bilen utgaşykly alnyp barylýandygyny görkezýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 56-njy maddasynda döwlet sportuň ösmegine ýardam edýär diýlip takyk kesgitlenen. Bu ýörelgelerden ugur alnyp, ýurdumyzda sportuň berk hukuk binýatly ösen ulgamy döredilýär.
Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda jemgyýetimize ornaşdyrylýan sagdyn durmuş ýörelgeleriniň esasy maksady il saglygyny goramakdan, beden berkligini gazanmakdan, ýaşlarymyzy sport bilen meşgullanmaga höweslendirmekden, olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekden ybaratdyr. Çünki, bedenterbiýe we sport ynsan saglygynyň berkemeginiň, adamlarda işjeňlik häsiýetleriniň ösdürilmeginiň baş şerti bolup durýar.
Bu gün Diýarymyzda sportuň ösüşi täze derejä çykdy. Türkmen türgenleri iri halkara ýaryşlaryna işjeň gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanýarlar. Munuň özi Türkmenistanyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde abraýyny belende göterýär. Medeni-köpçülik çäreleriniň sport bilen utgaşdyrylmagy bolsa ýaşlary has belent netijeleri gazanmaga ruhlandyrýar.
Bagtyýar halkymyzyň sagdyn, berkarar jemgyýetde ýaşamagy üçin döwletimizde ähli şertler döredilýär. Bu ugurda ýurdumyzyň hukuk binýadynyň yzygiderli kämilleşýändigi hem aýratyn bellärliklidir. Sagdyn durmuş ýörelgeleri häzirki zaman türkmen jemgyýetinde bedenterbiýe hereketiniň ýaýbaňlanmagyna, zähmetiň netijeliliginiň ýokarlanmagyna, her bir şahsyýetiň bagtyýar durmuşyna badalga bolýar. Çünki Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr.
Goý, halkymyzyň jan saglygy, bedenterbiýäniň we sportuň yzygiderli ösdürilmegi ugrunda uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli tutumly, beýik işleri hemişe rowaç bolsun!
Dinmuhammet ANNAÇARYÝEW,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.