Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň, gadymy türkmen topragynyň keşbi bütinleýin özgerip, möhüm üstünlikler gazanylýar. Olar adamlaryň durmuşynyň hiliniň ýokarlanmagynda, hukuk kepillikleriniň ygtybarlylygynda, ruhy we döredijilik işjeňliginde öz beýanyny tapýar.
Pederlerimiziň mähri siňen ata Watanymyzda ruhubelent halkymyzyň her güni rowaçlyklara beslenip, toýlarymyz toýa ulaşýar. Her ýylyň 29-njy iýuny hem Diýarymyz üçin iňňän uly işleri amala aşyran türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň doglan güni bolup, bu ajaýyp senäni halkymyz toý-dabaralara besleýär.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary netijesinde, ykdysadyýetimiz bazar gatnaşyklaryna we sanly ulgama, innowasion tehnologiýalara geçmek bilen, barha kuwwatlanýar, syýasatda, medeniýetde we ylymda gazanylýan üstünlikler we ýetilýän belent sepgitler dünýäni haýrana goýýar. Ýurdumyzda gazanylan üstünlikler, ýeňişler Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen aýrylmaz baglydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli pudaklarynda gazanylýan uly üstünlikler halkymyzyň hal-ýagdaýyny, ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmak babatda alnyp barylýan işleriň rowaçlyklara ýar bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Berkararlyk ýyllarynda Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň dünýä ösüşi bilen aýakdaş gitmegini üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri giňden ýaýbaňlandyrdy. Elbetde, bu özgertmeler iňňän oýlanyşykly we öňdengörüjilikli syýasaty ýöretmegi talap edýär. Munuň şeýledigine Milli Liderimiziň «Meniň iň ygtybarly daýanjym halkym bolar!» diýip, döwlet Baştutany wezipesinde işlän döwründe ähli yhlas-tagallasyny halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirenligi hem şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyzyň öz halkyna bolan çäksiz söýgüsi, umumadamzat ähmiýetli çekýän zähmeti ata Watanymyzyň abraý-mertebesini beýgeldip, Diýarymyzy bagtyýarlygyň ýurduna öwürdi.
Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda halk bilen döwletiň bitewüligi, jebisligi ähli ösüşleriň, öňegidişlikleriň baş badalgasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen belent sepgitleriň özeni boldy. Hut şonuň üçin-de, bu gün bagtyýar Watanymyzda ýaşaýan her bir türkmenistanlynyň kalby Gahryman Arkadagymyza bolan mähirli alkyşlardan, hoşallyklardan doludyr.
Ata Watanymyzda milli kanunçylyk ata-babalarymyzyň demokratik ýörelgeleri hem-de dünýä tejribesi bilen utgaşdyrylyp, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda kämilleşdirilýär.
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan türkmeniň baky sarsmaz döwletiniň binýatlyk esaslaryny berkitmekde, ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, gözel Diýarymyzy bagtyýarlygyň mekanyna öwürmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokary götermekde bimöçber uly işler durmuşa geçirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň tutumly başlangyçlarynyň Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde, Watanymyzyň ösüşleriniň dowamat-dowam bolýandygyny uly buýsanç bilen bellemek gerek. Ýurdumyzda syýasatda, ykdysadyýetde, medeni-gumanitar ulgamlarda, lukmançylykda gazanan üstünliklerimiziň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen aýrylmaz baglydyr.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň doglan gününiň Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynyň hem-de Gurban baýramynyň şatlyk-şowhuny bilen utgaşmagy hem aýratyn many-mazmuna eýedir.
Şu şatlykly günlerde Gahryman Arkadagymyzy doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden mähirli gutlaýarys.
Bizi şeýle bagtly günlere ýetiren Gahryman Arkadagymyza, milli Liderimiziň beýik işlerini, giň möçberli özgertmelerini, oňyn başlangyçlaryny mynasyp we üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli işlerinde hemişe rowaçlyk arzuw edýäris!
Annadursun MESKUTOWA,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy bölüminiň baş hünärmeni.