TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

GARAŞSYZ WATANYMYZDA TOÝLAR ULYDAN TUTYLÝAR

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ruhubelent halkymyzyň her güni rowaçlyklara beslenýär. Senenamamyzyň 22-nji sentýabry möhüm sene bolup, täze taryhy eýýamda halkymyzy baky bagtyýarlygyň ýoly bilen röwşen geljege ynamly öňe alyp barýan, Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň doglan günüdir.

Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň 12-nji martynda ata Watanymyzda Prezident saýlawlarynyň demokratik şertlerde geçirilendigini buýsanç bilen nygtamak bolar. Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary ata-babalarymyzdan gelýän demokratik ýörelgelerimize, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Saýlaw kodeksine, milli kanunlarymyza, umumy ykrar edilen halkara kadalaryna laýyklykda, bäsdeşlik esasynda geçirildi. Şol geçirilen ählihalk saýlawlarynda, dokuz dalaşgäriň içinden 72,97 göterim ses alyp, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow saýlandy.

Saýlawlar erkin, adalatly ýagdaýda geçdi. Saýlawlaryň geçişine syn eden daşary ýurtly halkara synçylary saýlawlaryň asudalykda, aýanlykda, kanuna laýyklykda geçirilendigini kanagatlanma bilen belläp, oňa ýokary baha berdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wezipä girişmek dabarasyndaky çykyşynda: «Mähriban halkymyň meni Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlap, bildiren uly ynamy watandaşlarymyzyň asuda we abadan durmuşynyň, nesillerimiziň bagtyýar geljeginiň bähbidine türkmen döwletiniň gülläp ösmegi hem-de berkemegi üçin has-da yhlasly zähmet çekmäge borçly edýär» diýip belledi. Halkyň abadan durmuşy, döwletiň gülläp ösüşi, nesilleriň bagtyýar geljegi hakdaky alada borç hökmünde düşünmek, elbetde, «Hatarda ner bolsa, ýük ýerde galmaz» diýen pähimi hakydaňa getirýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýurt başyna geçen gününden bäri ýurdumyzda amala aşyrylýan döwletli işler, daşary syýasatda gazanylýan üstünlikler bu aýdanlarymyza aýdyň mysaldyr. Maksatlar anyk bolanda, wezipeler aýdyň bolýar.

Şundan ugur alnyp, ýurdumyzy 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna laýyklykda, häzirki wagtda ýaş raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak babatda uly işler durmuşa geçirilýär, ýaşlar syýasatynyň hukuk binýady pugtalandyrylýar. Munuň şeýledigine 2022-nji ýylyň 1-nji sentyabrynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi, onda ýaşlary goldamak, bilim, ylym, döredijilik, sungat, oýlap tapyşlar babatda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, ýaşlar telekeçiligini höweslendirmek, halkara ýaşlar hyzmatdaşlygynyň çygryny giňeltmek ýaly ugurlarda giň mümkinçilikleriň göz öňünde tutulmagy aýdanlarymyza mysaldyr.

Maşgala abadan — jemgyýet asuda. Maşgala döwletiň ilkinji öýjügi hökmünde garalýar. Diýmek, jemgyýetiň asudalygy döwletiň binýadynyň berkdigini kepillendirýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň dürli künjeginde iri senagat hemde durmuş-medeni maksatly binalaryň gurluşygy dowam edýär, olaryň hatarynda täze şäherçeler, ýaşaýyş jaýlary, dynç alyş-sagaldyş merkezleri, mekdepler, çagalar baglary bar. Raýatlarymyzyň durmuş goraglylygyny ýokary derejede üpjün etmäge gönükdirilen bu asylly işleriň hormatly Arkadagymyzyň göreldesi bilen Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi «Atalaryň ýoly — altyn ýol, ony söýen Watany söýer» diýen halk pähimini ýadyňa salýar.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, gysga wagtyň içinde, diňe bir durmuş ugurly ýa-da ýaşlar syýasaty babatda däl, eýsem, milli ykdysadyýetimiziň ähli düzümlerinde oňyn görkezijiler gazanyldy we gazanylýar. Sebäbi, ýokarda ýatlan halk pähimimizde nygtalyşy ýaly, atalaryň ýoly altyn ýoldur. Altyn ýol hem üstünligiň, şowlulygyň, öňegidişligiň ýeke-täk we ynamdar ýoludyr. Ol ýol Gahryman Arkadagymyzyň yglan eden «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygaryndan gözbaş alýar. Bu şygar döwletimiziň täze taryhy döwrüniň özboluşly senasy bolup ýaňlanýar, adam hakdaky alada döwlet syýasatynyň baş ugry bolup durýar. Ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça düýpli özgertmeleri amala aşyrmak, halkyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, abadançylygy pugtalandyrmak, nesilleriň ýagty geljegini üpjün etmek üçin tutumly işlere badalga berýär.

Şu toý-baýramly, şatlykly günlerde hormatly Prezidentimizi – Arkadagly Serdarymyzy doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden mähirli gutlaýarys. Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, başy aman, mertebesi belent bolsun! Alyp barýan il-ýurt, döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

             

Aman Amanow, 
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň hukukçysy.