TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

GARAŞSYZLYK – BAGTYMYZYŇ GÖZBAŞY

Mukaddes ata Watan, ene toprak türkmen halkynyň köňül köşgüniň ruhy sütünidir. Döwlet Garaşsyzlygymyz bolsa başymyzyň tylla täjidir.   Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, asuda Türkmenistan döwletimizde baýramlarymyzyň naýbaşysy bolan Garaşsyzlyk güni her ýylyň 27-nji sentýabrynda toý-dabaralar we uly buýsanç bilen bellenilip geçilýär.

Garaşsyzlyk barada aýdylanda, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen Döwlet Maslahatyndaky taryhy çykyşynda «Garaşsyzlyk ýyllarynda biziň halkymyzyň ýüreginde Watana bolan söýgi, onuň güýç-kuwwatyna we geljegine bolan ynam, gurmaga, döretmäge bolan höwes, depginli ösüşini üpjün etmek islegi pugta orun aldy. Biz beýik işlerimizi Watanymyza bolan söýgimiz bilen amala aşyrýarys. Gaýratly zähmetimiz bilen Watanymyzyň beýikligini has-da şöhratlandyrýarys» diýip belländigini ýakymly duýgular bilen ýatlamak gerek.

Elbetde, ömrümiziň şamçyragy bolan Garaşsyzlyk türkmen halkyna uly bagt getirdi. Döwletimiziň halkara derejesindäki abraý-mertebesini belende göterdi. Il-ulusymyz mukaddes Garaşsyzlygyna ruhubelentlik bilen guwanýar, watansöýüjilik bilen buýsanýar, erkanalyk ylhamy joşup, ony diliniň senasyna öwrüp, belentden-belent wasp edýär. Garaşsyzlyk halkyň çüwen nurana bagtydyr, arşa göterilen ykbalydyr, milletiň millet hökmündäki belent ykrarnamasydyr, äh­li üs­tün­lik­le­ri­mi­ziň özenidir.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 1-nji maddasynda: «Türkmenistan öz çäginde häkimiýetiň hökmürowanlygyna we dolulygyna eýedir, ol içeri we daşary syýasaty özbaşdak amala aşyrýar. Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygy we çägi bitewüdir hem bölünmezdir» diýlip beýan edilýär.

Oguz han atamyzyň wesýetlerine eýerip, hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly şygaryndan ugur alyp, şol bitewülik, agzybirlik bilen  Garaşsyzlyk ýyllarynda uly zähmet üstünliklerini gazanýan, seneleri şanly wakalara beslenýän merdana halkymyz bagtly-bagtyýar geljege tarap ynamly gadam urýar. Çünki, Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak baradaky arzuwlarynyň amala aşmagyna, köp asyrlyk milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, şeýle hem arzyly ynsanperwer däplerimizi dikeltmäge mümkinçilik berdi.

Garaşsyzlyk dünýä meşhur, biziň iň görnükli, akyldar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Pyragy­nyň «Ber­ka­rar döw­let is­lä­rin» di­ýip ar­zuw eden ajaýyp zamanasydyr.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gadyr-gymmaty barada Gahryman Arkadagymyzyň guýmagursak jöwher paýhasyndan dörän «Garaşsyzlyk – bagtymyz» atly ajaýyp eserinde: «Garaşsyz döwletli bolmak arzuwy ençeme asyrlap halkymyzyň ýüreginde ýaşady. Döwrümiziň bagtyýar nesilleri hasyl bolan arzuwlary berkidýän nesiller hökmünde jogapkärçiligi egne alýarlar, hut şunuň bilenem olar tükeniksiz mertebäniň, at-abraýyň eýeleridir. Olar özbaşdak döwletli bolmagyň nähili uly bagtdygyny, şol bir wagtyň özünde nähili uly borçdugyny, döwleti berkitmegiň ykballaryna düşen mukaddes paýdygyny her ädimde duýmalydyrlar. Bu, hakykatdan hem, nesillere ykbalyň peşgeşidir, mukaddes paýydyr» diýlip, pähim-parasatlylyk bilen beýan edilýär.

Dogrudanam, Garaşsyzlyk ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda türkmen halkynyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, däp-dessurlaryna, milli medeniýetine, halkyň taryhy we medeni mirasyna hormat goýýan, döwrebap we dünýä derejesindäki ylymly-bilimli, giň düşünjeli, watançy we başarnykly ýaş nesil kemala geldi.

Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet hökmünde nusgalyk ýoly saýlap aldy. Demokratik döwletimizde milli gymmatlyklarymyzy we bähbitlerimizi gorap saklamagy, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmagy maksat edinýän Esa­sy Ka­nu­nymyz adamyň sy­ýa­sy, ykdysady, dur­muş hu­kuk­la­ry­ny we azat­lyk­la­ry­ny üp­jün et­mek­de esa­sy resmi­na­ma bo­lup çy­kyş ed­ýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ak şä­he­ri­miz Aş­ga­bat şä­he­ri – juwan­ly­gyň, ýaş­ly­gyň, gözel­li­giň we päk­li­giň şä­he­ri­ne, asu­da­ly­gyň, aba­dançy­ly­gyň hem-de ynsan­per­wer­li­giň şä­heri­ne öw­rül­di.

Häzirki zaman şäher gurluşygynyň dünýä we milli tejribesini özüne siňdirýän, akylly şäher adyna eýe bolan Arkadag şäheri-de gözelligiň hem-de döwrebaplygyň şäheridir. Aş­ga­bat şä­he­ri we Arkadag şäheri ak mer­mer bi­na­la­ry­nyň öz­bo­luş­ly keş­bi bi­len ta­pa­wut­lan­ýan tä­sin şä­her hök­mün­de dün­ýä­de meş­hur şä­her­dir. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesi esasynda, welaýatlarymyzda gurlan häzirki zaman obalary, ýaşaýyş-durmuş maksatly beýleki desgalar Garaşsyzlygyň halkymyza beren bagtyýar ýaşaýşynyň aýdyň dabaralanmasydyr.

Watanymyzyň asudalygy, il-günümiziň abadan durmuşy we ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki abraýynyň gün-günden ýokarlanmagy her birimizde buýsanç duýgusyny döredýär. Şeýle ajaýyp ykbal, bagt we döwletlilik bu günki günde  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy alamatyna öwrüldi.

Eziz diýarymyzda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen ýylyň 27-nji sentýabrynda toý-dabaralar, şatlyk-şowhun bilen döwlet derejesinde we ruhubelentlikde bellenililýän Garaşsyzlyk toýunyň asman sary ýagty saçýan baýramçylyk salýutlary halkymyzyň agzybirliginiň, watansöýüjiliginiň, döwletimiziň mizemezliginiň ýalkymly buşlukçysy bolup, mähriban ildeşlerimiziň kalbyny joşdurýar.

Aziýanyň merjen şäheri Aşgabadyň gözel künjeginde ýerleşýän, türkmen halkynyň taryhy beýik serkerdelerini, şahslaryny daş-töweregine aýlap oturan kaşaň Garaşsyzlyk binasy bolsa, döwlet Garaşsyzlygymyzyň mizemezliginiň sütüni bolup, ildeşlerimiziň we ýurdumyza gelýän myhmanlaryň kalbynda mähirli täsir galdyrýar.

Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli, dürli ulgamlarda halal zähmet çekýän, döwletimiziň ösüşine – «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» boýunça amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli işlere özüniň mynasyp goşandyny goşan adamlara döwlet sylaglarynyň, ýagny medallaryň, ordenleriň, ýörite atlaryň dabaraly ýagdaýda berilmegi ýatdan çykmajak täsirli pursatlar bolup, raýatlarymyzyň baýramçylyk şatlygyny has-da belende göterýär hem-de olary geljekki zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.

Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygyny halkara derejesinde täze mertebä göteren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Garaşsyzlyk baýramyňyz gutly bolsun eziz watandaşlar!

 

Jennet Saparowa, 
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.