Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşyň ähli ugurlaryny düýpli ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygy uludan bellenilýän 2023-nji ýylda kalby joşgunly mähriban halkymyz milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny ruhubelentlik bilen uly üstünliklere besleýär. Agzybirlikde gazanylýan şol üstünlikler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrýar, mähriban Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkidýär.
Mukaddes Garaşsyzlygymyz döwlet syýasatymyzyň yranmaz sütünidir, bagtymyzyň gözbaşydyr. Beýik Garaşsyzlygymyzyň bize eçilen miweleri ýolumyza röwşen çyragdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasatly, ynsanperwer syýasatyny dowamat dowam eýleýän Arkadagly Serdarymyzyň döwletli tutumlary netijesinde döwletimiziň halkara abraýy barha ýokarlanýar.
Garaşsyzlyk öňde goýlan belent wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekýän halkymyzyň göwünlerini ganatlandyrýar, ruhuny has hem belentliklere göterýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygynyň şanly baýramynyň öňüsyrasynda bir-biri bilen utgaşyp gelýän taryhy wakalar türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň berkarar döwletimiziň ösüşleriniň aýdyň alamaty bolup, ýüreklere ornaýar.
Türkmenistan özbaşdaklyga eýe bolandan soň, Esasy Kanunyny — Konstitusiýasyny kabul etdi.
Ýurduň Esasy Kanuny adamyň syýasy, ykdysady, durmuş hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmekde esasy resminama bolup çykyş edýär.
Döwlet özygtyýarlylygynyň milli ýörelgeleri Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň mazmunynda beýanyny tapýar. Esasy Kanunymyzda Türkmenistanda kanunyň hökmürowandygy, ýurdumyzda her bir raýatyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdigi baradaky kadalar, konstitusion esaslar berkidilen. Jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy bolan adamyň we onuň hukuklarynyň hem-de bähbitleriniň ykrar edilmegi Türkmenistanda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygyny halkara ülňülerine doly laýyk getirdi. Taryha ser salanymyzda, 32 ýyl mundan ozal türkmen halkymyz syýasy nukdaýnazardan öňdengörüjilikli we ykdysady taýdan oňaýly milli Garaşsyzlyga tarap ilkinji ädimini ätdi. Erkinligi, mertebesini baýdak edinen halkymyz üçin Garaşsyzlygyň, berkarar döwletiň gymmatlyklarynyň näderejede arzylydygyny medeni mirasymyzyň çeşmelerinde, hususan-da Magtymguly Pyragynyň goşgularynda görmek bolýar.
Garaşsyzlyk akyldar şahyrymyzyň «Hor galmasyn puştba-puşdum, Berkarar döwlet islärin» diýip arzuw eden zamanasydyr. Şahyryň bu parasatly setirlerindäki berkarar döwletli bolmak, bagtly durmuşda erkin ýaşamak baradaky arzuw-islegleriniň Garaşsyz döwletimizde amala aşýandygyny, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer, dost-doganlyk syýasatynyň täze belentliklere beslenýändigini her ädimde görýäris.
Türkmeniň milli Garaşsyzlyk toýunyň aýratyn uly dabara beslenmeginiň özboluşly manysy bar. Munuň özi Türkmenistanyň döwlet diline, Döwlet baýdagyna we senasyna, kanunyna, medeniýetine, däp-dessuryna, umuman, özbaşdak döwletiň esasy alamatlaryny aňladýan, halkyň gorap, şu günlere ýetiren ähli gymmatlyklaryna eýe bolmak hukugyny alamatlandyrýar. Garaşsyzlyk — halkyň göterilen ykbaly, döwletliligiň belent ykrarnamasy, onuň buýsançly geçmişine, şöhratly şu gününe, röwşen geljegine guwanyp, ýer-ýüzünde bagtyýar, erkana ýaşamagynyň kepilnamasy bolup durýar. Garaşsyzlygyny gazanyp galkynan, hemişelik Bitaraplygy ykrar edilip, mertebesi beýgelen halkymyzyň bu goşa gymmatlygy bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr.
Mälim bolşy ýaly, döwletiň daşary syýasaty onuň içeri syýasatynyň dowamydyr. Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň döwründe bitaraplygyň we parahatçylygyň, türkmen döwletliliginiň milli nusgasyny dünýä ykrar etdirip, daşary syýasatda, ozaly bilen, milli hem-de ählumumy bähbitler üçin amatly halkara şertleri üpjün etdi.
Häzirki wagtda Türkmenistan dünýä giňişliginde ählumumy ösüşi üpjün etmek, adam hukuklaryny goramak babatda, energetika, ulag-üstaşyr geçelgeleri, ekologiýa we medeni-ynsanperwer gymmatlyklaryň ösdürilmegi ugrunda netijeli başlangyçlary öňe sürýär. Ýurdumyz halkara borçnamalaryna ygrarly hem ygtybarly döwlet bolup, häzirki wagtda dünýäniň ençeme döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Şeýle hem Türkmenistan abraýly halkara guramalarynyň agzasy bolup, olar bilen ýakyn hyzmatdaşlygy alyp barýar. Munuň özi Türkmenistanyň köptaraplaýyn, şeýle hem sebitleýin hyzmatdaşlygynyň barha ýaýbaňlanýandygyny aýdyň görkezýär.
Döwlet Baştutanymyz Prezident wezipesine girişmek dabarasynda eden taryhy çykyşynda: «Öz öňümde goýan maksatlarymy üstünlikli amala aşyrmakda men, ilkinji nobatda, halkymyza, onuň agzybirligine we jebisligine, aň-düşünjesine hem-de merdanalygyna bil baglaýaryn», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýip, örän parasatlylyk bilen nygtady. Elbetde, demokratik döwletimizdäki halk bilen döwletiň jebisligi bolsa, ähli ösüşleriň baş badalgasydyr. Ýurdumyzda demokratik ýörelgeler esasynda agzybirlikde, asudalykda we yzygiderli guramaçylykly geçirilýän ählihalk saýlawlary hem munuň şeýledigini äşgär edýär.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda geçirilen saýlawlaryň taryhy ýoluna ser salanymyzda, dürli görnüşli ählihalk saýlawlarynyň we sala salşyklaryň 32-siniň, şeýle hem ýurdumyzda bir sany göni däl (gytaklaýyn) saýlawyň, şeýlelikde, saýlawlaryň jemi 33-siniň geçirilendigini görmek bolýar. Biziň ýurdumyzda geçirilýän demokratik saýlawlara halkara derejesinde ýokary baha berilýändigini bolsa buýsanç bilen bellemek gerek.
Bäş müň ýyllyk buýsançly taryhy bolan merdana halkymyzyň gurmak, döretmek, haýyr-sogap gazanmak ýaly milli ruhuna siňen mukaddes ýörelgesi «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen ýylda hem has-da rowaçlanýar. Bagtyýar türkmen halky bu gün öz döwletli döwranyna, Garaşsyzlygyň eşretli zamanasyna buýsanýar. Çünki, Garaşsyzlyk halkymyzyň gahrymançylygydyr, agzybirligidir, watansöýüjiligidir, Milli Liderimiz we hormatly Prezidentimiz bilen jebisligidir, bagt guşudyr.
Eziz Watanymyzyň abraý-mertebesini halkara derejesinde belende göteren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Garaşsyzlyk baýramyňyz gutly-mübärek bolsun, mähriban ildeşler!
Dinmuhammet Annaçaryýew,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.