TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

HALK HAKYDASY BAKY DOWAMATDYR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň ynsanperwer ýörelgelerine, öten-geçenleri ýagşylykda ýatlamak, hatyra dessurlaryny berjaý etmek ýaly asylly däp-dessurlara döwlet derejesinde belent sarpa goýulýar. Watany, il-güni, milletiň ar-namysyny goramakda pederlerimiziň görkezen gahrymançylygy, ene-mamalarymyzyň merdi-merdanalygy biziň her birimiz üçin gymmatly görelde mekdebidir.

Meşhur şahyrymyz Kerim Gurbannepesowyň goşgularynyň birinde: «Ölüsini sylamak diriniň däbi, köşek» diýen parasatly setirler bar. Hawa, öten-geçenleri hatyralamak, olary haýyr-dogada ýatlamak halkymyzyň gadymdan gelýän asylly däpleriniň biridir. Bu babatda, il içinde «Öli aýatdan doýmaz, diri – hezzetden» diýlip hem aýdylýar.

Parahatçylygyň Watany bolan asuda diýarymyzda, milli senenamamyza laýyklykda, her ýylyň 6-njy oktýabrynda mähriban halky taryhda ebedi yz galdyran Gökdepe galasyndaky söweşde, Beýik Watançylyk urşundaky söweşlerde wepat bolan gahrymanlarymyzy hem-de 1948-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan 6-njy oktýabryna geçilen gijedäki elhenç tebigy betbagtçylykda – Aşgabat ýertitremesinde şehit bolan watandaşlarymyzy, gurban bolan ildeşlerimizi ýatlap, olaryň hatyrasyny tutýar.

Ildeşlerimiziň müňlerçesi 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda söweş meýdanlarynda doganlyk halklar bilen birlikde egin-egne berip,  gaýtalanmajak mertlik görkezip, gahrymanlarça söweşdiler. Şeýdibem, 1418 günläp dowam eden gazaply uruşda Beýik Ýeňşi gazanmaga mynasyp goşant goşdular. Şolaryň hatarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň hem bardygyny uly buýsanç bilen ýatlamak biziň watançylyk ruhumyzy belende göterýär. Onuň durmuş ýoly türkmen ýaşlary üçin hakyky watansöýüjiligiň hem-de Watan öňündäki borja wepalylygyň belent nusgasydyr.  

Urşuň yzysüre ykbal türkmen halkyny ýene bir agyr synagdan geçirdi. 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda, gije 1 sagat 12 minutda Aşgabatda bolan ýer titremesi  watandaşlarymyzyň müňlerçesiniň ömür tanapyny kesdi, gözel Aşgabady ýer bilen ýegsan etdi. Bu ýitgi diňe Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň  däl-de, tutuş türkmen halkynyň agyr ýitgisi, hasraty boldy.

Häzirki wagtda bolsa ençeme ýyl mundan öň juda kyn günleri başdan geçiren bu gözel şäheri görmäge göz, taryplamaga söz gerek.

Milli Liderimiziň paýhasyndan dörän akylly Arkadag şäheri bolsa, biziň häzirki üstünliklerimiziň we eşretli durmuşymyzyň buýsançly buşlukçysydyr.   

Paýtagtymyzyň iň gözel künjekleriniň birinde gurlan «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy bolsa ata-babalarymyzyň gahrymançylykly ýoluna, merdana gerçeklerimiziň edermenligine sarpa goýmagyň belent nyşanyna öwrüldi. Bu toplumda 1941–1945-nji ýyllaryň urşunda, Watan ugrundaky beýleki söweşlerde wepat bolan gahrymanlarymyza bagyşlanan «Baky şöhrat» ýadygärligine we «Milletiň ogullary» diýlip atlandyrylan enäniň we tagzym edip oturan gerçek ýigitleriň heýkellerine we Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlaryň hatyrasyna ebedileşdirilen «Ruhy tagzym» ýadygärligine barýan ildeşlerimiz häzirki bagtyýar durmuşymyz ugrunda göreşen  pederlerimiziň edermenligi üçin ýürekden baş egýärler.

Ene topragyny gorap, baş goýan gahrymanlaryň hatyrasynyň belent tutulmagy türkmen halkynyň mertlik, edermenlik, gaýratlylyk ýaly nusgalyk häsiýetleriniň ebedilige öwrülmegidir. Olaryň şirin janyndan geçip, Watanyny, topragyny, erkinligini, ar-namysyny goramagy biziň her birimiz, geljekki ýaş nesillerimiz üçin iliňi, ýurduňy söýmegiň nusgalyk mekdebidir.

Bu gün türkmen halky wepat bolan ildeşlerimizi hatyralap, Aşgabat şäherindäki «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda, eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde, obadyr şäherlerinde ýatlama çärelerini geçirýär.

Dünýäde parahatçylygy, dostlugy pugtalandyrmaga ýardam berýän Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň, her bir ädiminde nesillere göreldelik işleri bitirýän Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-günüň abadan ýaşaýşy ugrunda alyp barýan işleri rowaç alsyn!

Öten-geçenleri hatyralap berýän sadakalaryňyz, okaýan aýat-töwirleriňiz  Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun, eziz watandaşlar!

 

Merdan Halbaýew,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.