TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

TÜRKMEN ALABAÝY — MILLETIMIZIŇ BUÝSANJY

Özleriniň öçmejek şan-şöhraty bilen dünýä taryhynda orun tutan merdana pederlerimiz geljekki nesil üçin gymmatly we kämil mirasy peşgeş goýupdyrlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Ata-babalarymyzdan nesilden-nesle geçip gelýän däp-dessurlarymyz, maddy we ruhy mirasymyz täze röwşe eýe bolýar. Halkymyzyň taryhy-medeni mirasyny goramak we ony dünýäde giňden wagyz etmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Çünki, ata-babalarymyzdan galan milli gymmatlyklarymyz biziň geljekki ösüşlerimiziň gözbaşydyr.

Türkmen halky öz milli gymmatlyklaryna uly sarpa goýýar. Ahalteke bedewleri, türkmen halylary we beýleki gymmatlyklarymyz bilen bir hatarda, wepaly, edermen, namysjaň türkmen alabaý itleri hem dünýäde uly meşhurlyga eýe boldy. Olar türkmeniň sazlaşyk, gözellik, maddy we ruhy gymmatlyklar hakynda düşünjeleriniň nyşanlaryna öwrülip, halkyň medeniýetiniň ähmiýetli bölegini düzýärler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilmegi wepaly jandaryň gadyr-gymmatynyň ýokarydygyny görkezýär. Türkmen alabaý itleriniň arassa ganyny gorap saklamakda we arassa tohum itleri ösdürip ýetişdirmekde uly işler alnyp barylýar. Şeýle-de Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk itşynasy» we «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly atlarynyň döredilmegi häsiýetli aýratynlyklary, gaýduwsyzlygy, mertligi, edermenligi bilen tapawutlanýan alabaýlary seýislemekde we olaryň syn-sypatyny kämilleşdirmekde, itçilik pudagyny ösdürmekde tutumly işleriň alnyp barylýandygynyň we şol işleri alyp barýanlaryň hormat-sarpasynyň belentdiginiň subutnamasydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda alabaýyň türkmen halkynyň durmuşynda we ykbalynda eýeleýän orny barada gürrüň berilýär. Onda köpýyllyk barlaglaryň netijesinde, ylmy esasda doly öwrenilmäge mynasyp bolan türkmen alabaýynyň taryhy, gelip çykyşy hem-de häzirki wagtda olaryň durmuşdaky orny baradaky wakalary, ajaýyp söhbetleri, hekaýalary özünde jemleýän bu gymmatly eseriň maňzynda uly ruhy güýç bar. Köpasyrlyk taryhy döwrüň dowamynda halkymyzyň ruhy gymmatlygyna öwrülen alabaýlar hakynda eser döretmek milli mirasymyzy has-da içgin öwrenmek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Türkmençilikde, esasan-da oba ýerlerinde her öýde diýen ýaly it saklanylýar. Bu bir tarapdan, hojalygyň goragy üçin zerur bolsa, ikinji tarapdan, it özüniň eýesi hem-de onuň maşgalasy hakda gowy zatlary dileg edermiş, eýesine çirksiz wepaly janawaryň dilegi-de kabul bolarmyş diýlip ynanylypdyr. Perzentsöýer türkmen halky hemişe baş döwletini birinji orunda goýup gelipdir. Şeýle bolansoň, itiň öz eýesi babatdaky ýagşy dileglerini hem öz göwün telwasy bilen baglap, şoňa görä tymsal döredipdir: It diýermiş: «Hojaýynmyň ogly bolsun alty sany, alty ogluň her birisi berer maňa döwüm nany, etin iýip, maňa oklar olar her gün omaçany». Akylly türkmen itiniň ýene bir gowy häsiýeti – ol çaga degmeýär.

Türkmen alabaýy hakynda halk döredijiligimizde nakyllaryň, rowaýatlaryň, sanawaçlaryň birnäçe toplumy bar. Ata-babalarymyz uzak ýyllaryň dowamyndaky synçylygynyň netijesinde itler bilen baglanyşykly birnäçe nakyllary döredipdirler. Ynha «It üýrse, myhman geler», «It gara görmän üýrmez», «Bir başy it-de eklär», «It geldi, gut geldi» ýaly nakyllar, «Ýurt ýeriň ýitmesin diýseň, it edin» diýen aýtgy muňa mysaldyr. Eli çeper ene-mamalarymyz bolsa, wepaly itiň keşbini özleriniň döreden sungat eserlerine siňdirmegi başarypdyrlar, ak öýleriň gapysynyň daşyndan asylýan eňsilere, sallançak we düşeklik keçelere «tazyguýruk», «it yzy» nagyşlaryny salypdyrlar. Alabaý köpasyrlyk taryhymyzyň dowamynda häzirki günlere çenli halkymyzyň wepaly hemrasyna öwrülen jandardyr.

Halkymyzyň asyrlar boýy ýoldaşy bolup gelen alabaýlarymyza belet ýaşulular: «Alabaý — eýesine örän wepaly haýwan» diýip, ynam bilen aýdýarlar.

Türkmen goýun hem-de aw itleriniň nerw ulgamy örän berk bolup, olar sähel zat üçin ynjalykdan gaçmaýarlar. Olar diýseň saýhally, akylly, syzyjy, gaýduwsyz hem-de özüne göwni ýetýän jandardyr. Olar özüne ynanylan mallary, öýleri, mellegi iň soňky demlerine çenli goraýarlar, howp dörände, şol bada ony aňýarlar hem-de tenine düşen ýarany, agyryny ýeňil geçirýärler. Bu sanalyp geçilen gylyk-häsiýetleri olary ýeke bir sakçylykda peýdalanmaga däl, eýsem, başa-baş söweşlerde ulanmaga-da mümkinçilik berýär.

Alabaý iti gaty çydamly itleriň biri bolup, ol gyşyna ­- 30° tomsuna +45° howa çydap bilýär. Alabaý iti kiçiliginden eýesini goramaga, ýagny sakçylyga ukyplydyr. Ol hatda eýesini ýylandanam gorap bilipdir. Şeýle hem türkmen alabaýy birnäçe möjegiň hötdesinden gelmegi başarypdyr. Türkmen alabaýy ýyrtyjylaryň sürüsi bilen söweşende hem ýeňiş gazanmaga ukyplydyr. Türkmen itşynaslary tarapyndan ýetişdirilen çopan itleriniň arasynda meşhurlyga eýe bolanlary hem bar.

Ir döwürlerde gapysyndan gulp asmadyk türkmen öýüni, mal-mülküni öz wepaly dos­tuna – alabaýyna ynanyp, islän ýerine gidiberipdir. Alabaýlar eýesine wepalylygy, saklygy bilen birlikde, asudalygy, parahatçylygy goraýjylyk häsiýetleri bilenem meşhurdyr. Olar aňyrdan gelýän adamyň aýak basyşyndan niýetiniň nähilidigini anyklap bilýärler. Şonuň üçinem olar serhetçilerimiziňem kömekçisi, dost-doganlyk serhetlerimiziň goragçysy bolup durýarlar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen 2017-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany hökmünde alabaýyň şekiliniň saýlanyp alynmagy halkymyzyň alabaýyna bolan buýsanjyny, guwanjyny, olaryň dünýä ýüzündäki şöhratyny has-da artdyran waka boldy. Paýtagtymyzda umumy beýikligi 15 metre barabar bolan «Türkmen alabaýy» atly heýkel uzaklardan seleňläp görünýär.

Şeýlelikde, parahatçylygyň mekany bolan gözel diýarymyzda, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» Türkmen alabaýynyň baýramynyň uly buýsanç we ruhubelentlik bilen bellenilmegi, biziň halkmyzyň öz wepaly dostuna goýýan mynasyp sylag-sarpasynyň nyşanydyr.

Türkmen alabaýlaryny dünýäde uly meşhurlyga eýe eden, olaryň goralmagy, köpeldilmegi, milli gymmatlygymyz hökmünde nesillerden-nesillere dowamat-dowam bolmagy üçin beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun. Il bähbitli, ýurt ähmiýetli tutumlary hemişe rowaç alsyn!

Türkmen alabaýynyň baýramy gutly bolsun, gadyrdan ildeşler!

 

Maksat SAIPOW,

Türkmenistanda  Saýlawlary we sala alşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.